Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ykdysatçy Berdimuhamedowyň ilata we telekeçilere kömek wadalaryna şübheli garaýar


Aşgabat. Bank öňündäki nobatlar.

Hökümetiň üç aýdaky işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisde resmileriň käbirine käýinç berildi, önümçiligi giňeltmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek meseleleri gozgaldy. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetini koronowirus pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerinden goramak wadalaryny berýär, emma synçylar hemme zady gülala-güllük edip görkezmek synanyşyklarynyň dowam etdirilýändigini öňe sürýärler.

Ykdysatçy Hudaýberdi Orazowyň pikiriçe, pandemiýa täsirlerini azaltmak barada maslahat edilen mejlisde ýene-de uly ösüş sanlary getirildi we hakykatda düýpli iş, reforma maslahaty bolmady.

Hökümetiň üç aýdaky işleriniň jemlerine bagyşlanan mejlisde resmileriň käbirine käýinç berildi, önümçiligi giňeltmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek meseleleri gozgaldy.

Berdimuhamedow hökümetden täze koronawirus zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlaryň ýurtdaky telekeçilik işine ýetirýän täsirini azaltmagy soraýar. Ol çäreler indi işlenip taýýarlanmaly.

Şol bir wagtda, görülmeli çäreleriň kiçi we orta kärhanalara karz programmalaryny giňeltmek, salgytlary tölemegiň möhletlerini gaýra goýmak we karz boýunça bergileri tölemek ýaly ýeňilliklerini öz içine ajakdygy bellenilýär.

Ýöne ýurduň şu günki ykdysady şertlerinde bu çäreleriň haýsy serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirjekdigi aýdyň bolmaýar.


Synçylaryň hem belleýşi ýaly, Berdimuhamedow koronawirus aladalaryndan öň geçiren mejlislerinde hem goşmaça maliýe serişdelerini tapmagy, ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmegi köp talap edýärdi we bu talaplar ýene bir gezek gaýtalandy.

Şuňa meňzeş talaplar ozal hem her mejlisde diýen ýaly edilýärdi we olaryň netijesi ýolbaşçylaryň ýygy-ýygydan täzelenmegi bilen utgaşyp, ykdysadyýetdäki durgunlyk saklanyp galýardy diýip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy H.Orazow aýtdy.

“Soňky ýyllarda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesinde ilerleme ýok” diýip, ykdysatçy sözüni dowam etdirdi.

“Pandemiýannyň öňüni almak üçin transport gatnawlarynyň çäklendirilmegi bilen, başga ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmek mümkinçiligi hem çäklener, bu ýagdaýda barha köplemegine garaşylýan işsizler näme etmeli bolar? Men, öňki tejribelerden ugur alyp, hökümetiň öz ilatyny goldap biljegine ynanmaýaryn” diýip, Orazow aýtdy.

Ýylyň üç aýynyň netijelerine görä, ýurduň esasy daýanjy bolan pudakda, nebit-gaz toplumynda hem ösüş depgini peselýär.

Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar başda hem global ýangyç bahalarynyň peselmegi, ýurduň Orsýet we Eýran ýaly energiýa alyjylaryny ýitirmegi bilen çuňlaşdy we golaýda bu ýagdaý Orsýet we OPEK ýurtlarynyň arasynda dörän oňuşmazlykdan soň has çylşyrymlaşjaga meňzeýär.

Şeýle-de, koronowirus aladalary bilen bagly, martyň başynda Hytaýyň, PetroChina kompaniýasynyň import edýän tebigy gazynyň, şol sanda suwuklandyrylan gazyň möçberini azaldýandygy habar berildi.


Bu ýagdaý prezidentiň ýangyç bahalarynyň peselmegine uýgunlaşmak, “degişli işleri” geçirmek, hususan-da maýa goýýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak çagyryşyny gaýtalamagyna sebäp boldy. Ol, hiç bir anyklaşdyrmazdan, ýangyç toplumynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin täze bazarlary tapmak barada edýän talabyny hem gaýtalady.

Bu talaplar ýerine ýetirilse, aýdylyşy ýaly, ýurda gelip gowuşýan gyzyl pul serişdelerini plana görä almak başardar. Her halda, dünýäde dörän ykdysady krizis ýagdaýynyň täze bazar, maýa goýujy tapmaga haçan şert döretjekdigi, şeýle-de hökümetiň bu meselelerde ozal, has amatly döwürlerde başarmadyk işlerini indi nädip başarjakdygy belli bolman galýar.

Mejlisde, adatça bolşy ýaly, üç aýyň jemleri barada berlen hasabatlarda köplenç ösüş sanlary getirildi, hatda uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy bilen uly zyýana galan “Türkmenhowaýollarynyň” düşen ykdysady ýagdaýy hem aýdyňlaşdyrylmady.

Emma prezident häzir howa ulaglarynyň düýpli kynçylygy “başdan geçirýändigini”, bu kompaniýa kömek bermeli boljakdygyny boýun alman bilmedi.


Koronowirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler beýleki ýurtlarda kiçi we orta telekeçilige agyr zarba uransoň, hökümetler bada-bat işini ýagazançlaryny ýitiren adamlara goldaw bermek çärelerini görüp başladylar.

Türkmenistanyň bu meselede görüp biljek esasy çäresi planlaşdyrylan gurluşyklaryň iň zerurlaryndan başgasyny togtatmak bolup görünýär. Emma bu bir tarapdan uly çykdajylary azaltsa, ikinji tarapdan ýene iş orunlarynyň azalmagyna, işsizleriň möçberiniň artmagyna alyp geler diýip, Orazow aýtdy.

Şeýle-de, Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan ykdysatçynyň pikirine görä, Türkmenistan ummasyz tebigy baýlyklaryna garamazdan, skandinaw ýurtlaryndaky ýaly sosial goraglylyk düzgünlerini ýola goýup bilmedi.

“Türkmenistanda işsizlere, agyr ykdysady ýagdaýa düşen adamlara durmuş goldawyny bermek medeniýeti tebigy gaz, tok we suw, jemagat hojalygynyň tölegleri boýunça girizlen ýeňillikleriň ýatyrylmagy bilen has-da peçe gaçdy” diýip, ykdysatçy sözüniň üstüni ýetirdi.


Hökümet mejlisinde işsizleri goldamak babatynda hem anyk zat aýdylmady, sebäbi gysga wagt içinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çäreleri ýakyn wagtda işlenip düzülmeli.

Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, bu çäreler “telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly gündelik iş ýerleriniň saklanyp galynmagyna” we täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilmeli.

Türkmenistanda soňky ýyllarda ýüz müňlerçe raýatyň iş gözläp, daşary ýurtlara giden we şol ýerden pul iberip, maşgala ekleýän ýagdaýynda, iş orunlaryny köpeltmek boýunça ozal görülmedik çäreleriň indi nädip görüljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.


Ykdysatçy Orazowyň sözlerine görä, Berdimuhamedow şunuň ýaly kynçylykly ýagdaýlarda käbir reforma pikirlerini öňe sürýär, ýöne ol sözler köplenç iş bilen berkidilmeýär we netijesiz galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG