Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-daky türkmen studenti: “Türkmenistanda syýasat totalitar”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Men Amerikany söýýärin, ýöne meniň ösüşine goşant goşmaly öz ýurdum bar”, “Men örän watansöýer adam. Men [öz ýurduma] yza dolanmak we [ösüşe] ýardam bermek isleýärin”, “Türkmenistanda syýasat totalitar” – bu sözler ABŞ-da ýokary bilim alýan türkmenistanly student Bossan Abdyýewa degişli.

14-nji maýda ABŞ-nyň Wyoming ştatynyň Powell şäheriniň ýerli neşiri, “Powell Tribune”, şäherdäki Northwest kolležinde ýokary bilim alýan türkmenistanly student Bossan Abdyýewanyň ABŞ we Türkmenistan tejribeleri barada makala çap etdi.

“Türkmenistanly student Northwest kolležinde azatlyk öwrenýär we öwredýär” ady bilen çap edilen makalada türkmen studentiniň Türkmenistandan gaýdyşy, ABŞ-daky durmuşy barada, şeýle-de onuň türkmen syýasaty we ýaşaýyş medeniýeti baradaky garaýyşlaryna hem-de Türkmenistanda gender deňligi babatyndaky tankydy belliklerine orun berildi.

“Men bu ýeri söýýärin. Bu ýer meniň özbaşdak bolan ýerimdir. Bu ýer meniň özümi tapan ýerimdir” diýip, neşir türkmen talybynyň sözlerini getirýär.

ABŞ-da Ispan dili we halkara gatnaşyklar ugry boýunça bilim alan sakarçägeli student kolležiň “Studentler Senatyna” başlyklyga çenli saýlanypdyr.

“Türkmenistanda aýallaryň özbaşdaklygyny gazanýan kesgitli ýaşy ýok. Olar durmuşa çykýançalar öz maşgalalaryna tabyn bolmaly. Ondan soň olar adamsyna boýun egmeli. Aýallar üçin komendant sagady agşam sagat 6:00-da başlanýar. Abdyýewa aýallardan şol wagtda öýde bolmagy talap edýän şeýle kanunyň iş ýüzünde ýokdugyny, ýöne bu talaplara boýun bolmak üçin olaryň güýçli jemgyýetçilik basyşyna sezewar bolýandyklaryny aýtdy” diýip, neşir amerikan auditoriýasyna Türkmenistan barada maglumat berýär.

“Türkmenistanda syýasat totalitar” diýip, neşir türkmen talybynyň sözlerini sitirleýär.

Bu makala efir üçin taýýarlanýan wagty Azatlyk Radiosy ABŞ-daky türkmenistanly studentden interwýu haýyş edip, onuň bilen söhbetdeşlik geçirmäge synanyşýardy.

Türkmen studentiniň öz ýurdundaky syýasy diýdimzorlyk barada beýan eden aç-açan bellikleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň birnäçesiniň raýat işjeňligini gazanýan wagtlaryna, olaryň öz ýurdundaky syýasy häkimiýeti aç-açan tankyt edip, kiçi-girim protest çärelerini gurnaýan wagtlaryna, hem-de Internet giňişliginde ýek-tük hem bolsa öz raýat pozisiýalaryny beýan etmäge girişýän wagtlaryna gabat gelýär.

Öz gezeginde ýek-ýarym janlanýan raýat işjeňligi Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň has-da ýitileşýän pursadyna, 2019-njy ýylyň ýanwarynda, ondan ozal halka mugt berlen duzuň, suwuň, gazyň we elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň tölegli görnüşe geçilmeginiň yzýanyna, galyberse-de Türkmenistanda häkimiýetleriň ne global koronawirus pandemiýasyny ne-de ýurduň gündogar sebitlerinde bolan hem-de adam pidalaryna getiren tebigy betbagtçylygy resmi ýagdaýda aç-açan boýun alyp, olar boýunça jogapkärçiligi öz üstüne almaýan wagtlaryna gabat gelýär.

11-nji maýda Kiprde ýaşaýan birnäçe türkmen raýaty, Lebap we Mary welaýatlarynyň tebigy harasatdan ejir çeken ilatyna hemaýat berilmegini talap edip, protest çäresini geçirdiler.

Ondan ozal maýyň başlarynda iki türkmenistanly ýigit adam pidaly tebigy harasatda wepat bolanlara gynanç bildirip, Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňüne plakatly çykypdylar.

Has ozal apreliň ahyrynda daşary ýurtlarda janlanýan türkmen oppozisiýa toparlary Türkmenistanyň hökümetine Ýüzlenme kabul edip, harasatdan ejir çekenlere döwlet tarapyndan ýardam berilmegini talap etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG