Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň media gözegçisi Google-dan koronawirus ölüm sanlaryna soragly garaýan makalany petiklemegi soraýar


Financial Times Russiýada koronawirusdan ölen adamlaryň hakyky sanynyň ýurduň saglyk resmileriniň habar berişinden 70 göterim köp bolup biljekdigini çaklady.

Russiýanyň media gözegçisi “Roskomnadzor” Google-dan “MBH Media” garaşsyz internet neşiriniň web sahypasynda çap edilen hem-de ýurtda koronawirusdan ölenleriň sany boýunça resmi maglumatlara jedelli çemeleşýän makalany petiklemegi sorady.

14-nji maýda “MBH Media” öz makalasynyň Russiýada koronawirusdan ölen adamlaryň hakyky sanynyň ýurduň saglyk resmileriniň habar berişinden 70 göterim köp bolup biljekdigini çaklan Financial Times neşiriniň habaryna esaslanýandygyny aýtdy.

“MBH Media” bir gün ozal özlerine Google-dan hatyň gelip gowşandygyny, onda makalany petiklemek boýunça haýyşnamanyň “makalada bidüzgünçiliklere, ekstremist hereketlere [we] jemgyýetçilik tertibini bozup, köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga çagyryş edilendigini” öňe sürüp Baş prokuraturanyň alan kararyna esaslanýandygynyň aýdylandygyny mälim etdi.

Google Cloud platformasy tarapyndan hosting hyzmaty hödürlenýän “MBH Medianyň” aýtmagyna görä, Google bu makalanyň web-saýtdan aýrylmagyny ýa-da Russiýada elýetersiz edilmegini sorapdyr.

15-nji maýa çenli “Roskomnadzoryň” haýyşnamasy Google-yň aç-açanlyk hasabaty boýunça web sahypasynda ýokdy.

Şeýle-de, “MBH Media” gürrüňi edilýän makalanyň mazmunynyň Financial Times neşiriniň habaryna esaslanýandygyny aýtdy.

15-nji maýda rus häkimiýetleri 10,598 sany täze koronawirus ýokançlygyny habar berdi, munuň bilen tassyklanan koronawirus hassalarynyň jemi resmi sany 261,843 adama ýetip, Russiýa koronawirus hassalarynyň sany boýunça ABŞ-dan soň, dünýäde ikinji orna çykdy. Ölümleriň sany bir gün ozalkysyndan 113 adam köpelip, 2,418 adama ýetdi.

Bilermenler saglyk barlag testleriniň kemçiliklidigini ýa-da däldigini, ýerli ýa-da regional resmileriň hassalaryň sany boýunça ýalňyş maglumat berip-bermeýändiklerini sorag edýärler. Mysal üçin, Sankt-Peterburg ýaly käbir ýerlerde pnewmoniýa hassalarynyň sany möwsümleýin kadadan ep-esli ýokarlandy.

Moskwanyň şäher saglyk müdirligi 13-nji maýda beýanat berip, şäherde koronawirus hassalalarynyň ölüminiň 60 göterimden gowragynyň “başga ýarawsyzlyklar” sebäpli ýüze çykandygyny, şonuň üçin olaryň koronawirusdan ölenleriň hataryna goşulmaýandygyny mälim etdi.

13-nji maýda Current Time telekanalyna beren interwýusynda Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Russiýadaky wekili ýurduň koronawirus statistikalary boýunça bildirilýän şübhelere ähmiýet bermedi.

Melita Wuýnowiç teleýaýlyma beren interwýusynda epidemiýanyň häzirki wagtda “durnuklydygyny we bu tapgyrdan peselmek tapgyryna geçýändigini” aýtdy.

Current Time Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Amerikanyň sesi” bilen hyzmatdaşlykda dolandyrýan rus dilli habar kanalydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG