Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow raýatlaryň hukuklaryny goramagyň ähmiýetini belledi, resmiler ýazyp aldylar


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary prezidentiň aýdanlaryny depderçelerine ýazyp alýarlar.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary prezidentiň aýdanlaryny depderçelerine ýazyp alýarlar.

Ozalky ministr Isgender Mulikow uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenden soň, prezidentiň kanun bozan resmileriň hiç biriniň jogapkärçilikden gutulmajakdygy baradaky sözleri esasynda, bu gurluşlarda uly arassalaýyşyň geçirilmegine, parahorluga garşy anyk çäreleriň görülmegine garaşylypdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji maýda Balkan welaýatyna sapara baryp, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň floty bilen tanyşdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Bu maslahat adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasynyň 4-nji maýda beýanat çap edip, türkmen häkimiýetlerini Lebap we Mary welaýatlarynda bolan heläkçilikli apy-tupan baradaky maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni almak synanyşygynda aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

TDH onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine seredilendigini habar berýär.

Emma mejlisde mart aýynda Stambulda ýasama arakdan zäherlenip ölen 50-den gowrak türkmen migrantynyň ölüminde jogapkär bolan "arak öndürijiler", şeýle-de geçen aýyň aýagynda Lebapda turan harasatdan soň, adamlaryň aljyraňňylygyndan peýdalanyp, ilatyň emlägine el uran talaňçylar bababatda nähili çäreleriň görülýändigi aýdylmady.


Muňa derek habarda anyklaşdyrmazdan berlen maglumata görä, soňky ýyllarda türkmen goşunynyň harby-deňiz kuwwaty täze satyn alnan döwrebap tehnikalaryň hem-de dürli maksatly harby gämileriň hasabyna ep-esli berkedi we Berdimuhamdow deňiz kenarlarynyň goralyşyndan "kanagatlanma" bildirdi.

Mejlisde ilkinji hasabaty goranmak ministri Begenç Gündogdyýew berdi. Emma onuň hasabatynda goşundaky azyk ýetmezçiligi, korrupsiýa faktlary, ofiserleriň bikanun hereketleri we esgerleriň arasyndaky agalyk, esgerleriň käbiriniň hatda öz janyna kast etmäge mejbur bolşy barada hiç zat aýdylmady.

Içeri içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň hasabatynda hem polisiýa işgärleriniň arasynda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa, oňa garşy görülýän çäreler agzalmady.

Ýogsa, ozalky ministr Isgender Mulikow korrupsiýada aýyplanyp, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilenden soň, prezidentiň kanun bozan resmileriň hiç biriniň jogapkärçilikden gutulmajakdygy baradaky dabaraly sözleri esasynda, bu gurluşda uly arassalaýyşyň geçirilmegine, parahorluga garşy anyk çäreleriň görülmegine garaşylypdy.


Bellemeli ýeri, Çakyýew ozal korrupsiýa garşy göreşde biraz özni görkezen resmidi we onuň ministrlige bellenmeginiň yzysüre polisiýa işgärleriniň para almakdan çekinýändigi barada maglumatlar gelip gowuşdy. Emma habarçylar soň parahorlugyň ýene edil Mulikow döwründäki ýaly dowam etdirilendigini habar berdiler.

Ikinji tarapdan, mejlisde gözegçiligi berkitmek üçin täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak babatda anyk tabşyryklaryň berlendigi aýdylýar we ýerli synçylar, wideokamera gözegçiligi dogry ulanylsa, munuň polisiýa parahorlugyny azaltmagynyň mümkindigini belleýärler.

Mejlisde serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew, baş prokuror B.Atdaýew, Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew, adalat ministri B.Muhamedow, gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow dagy hem hasabat berdi.

Prezident milli howpsuzlyk ministri Gurbanmyrat Annaýewiň hasabatyny diňläp, jemgyýetde asuda we durnukly durmuşy üpjün etmek işinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň möhümdigine ünsi çekdi, bu ugra öňdebaryjy tejribäniň yzygiderli ornaşdyrylmagy, täze tehnologik işleriň öwrenilmegi, ministrligiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada tabşyryk berdi diýip, habarda bellenýär.


Bu döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ozalky sekretary Ýaýlym Berdiýew wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine Çarymyrat Amanow belleneli bäri, daşary ýurtlardaky raýat aktiwistleriniň birden işjeňleşen döwründe geçirilen ilkinji howpsuzlyk mejlisi bolup durýar.

Aşgabatda 2007-nji ýylda häkimiýet çalşaly bäri Berdimuhamedowyň esasy egindeşleriniň biri bolan, MHM-de üsti basyrylýandygy aýdylýan agyr jenaýatlara garamazdan uzak wagtlap wezipede saklanan Ýaýlym Berdiýew prezidentiň beýleki bir ýakyn ýarany I.Mulikowyň korrupsiýada aýyplanmagynyň üzysüre işini ýitirdi we onuň soňky ykbaly mälim däl.


Ç.Amanow gaýtadan Berdimuhamedowyň sag gollarynyň birine öwrülýänçä, 2007-2011-nji ýyllarda prezident goragynyň başlygy, howpsuzlyk ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerinde işledi; "işde goýberen kemçilikleri” üçin birnäçe gezek berk käýinç we duýduryş alyp, wezipesinden boşadylmaga hem ýetişdi.

Şol bir wagtda synçylar ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolan kadr çalyşmalaryndan soň, ozalky biznesmen Çary Kulowyň, Isgender Mulikow, Amandurdy Işanow, Meýlis Nobatow ýaly öňki resmileriň jenaýat işleri boýunça jemgyýetçilige henizem doly maglumat berilmändigini, resmi mediada aýdylýan zatlaryň bolsa has kän sorag döredýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG