Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta mekdeplerde gutardyş synaglary başlandy, soraglar 2 manatdan satylýar, jogaplar – 10 manat


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

1-nji iýunda Türkmenistanyň umumybilim berýän ähli orta mekdeplerinde gutardyş we klasdan klasa geçiş synaglary başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu synaglar bilen bagly ýurtda mugallymlaryň, okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň arasynda däp bolan para medeniýeti barada habar berýärler.

“Şu günler Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde 5-11-nji klas okuwçylaryň synaglary başlady. Maý aýynyň ahyrlarynda ähli ekzamen soraglary kagyza geçirilip, her kagyz 2 manatdan mekdep okuwçylaryna satyldy” diýip, habarçymyz habar berdi.

“Uçurymlaryň synaglary başlady, mugallymlar soraglary öňünden berdi. Bir sahypa soragyň bahasy 2 manat” diýip, bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ikinji habarçysy tassyklady.

Öňünden berlen soraglara mekdep okuwçylary taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň bilim ulgamynda sowet ýyllaryndan miras galan synag usullary saklanyp galýar. Okuwçylar synag wagtynda bije görnüşinde çeken soraglaryna ýazmaça we dilden jogap berýärler.

“Soraglaryň jogabyny öňünden taýyn görnüşinde almak üçin 10 manat tölemeli” diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir pedagog kiçi klaslaryň okuw synaglarynda mugallymlaryň “okuw ýyly üstünlikli geçdi, okuwçylaryň ýetişikleri, bilimleri gowy” diýdirmek üçin göz boýagçylyga baş goşýandygyny, okuwçylaryň ýalňyşlaryny barlap, soraglaryň jogaplaryny düzedip, olary arassa kagyza göçürdýändiklerini gürrüň berdi.

Bu ýagdaý mekdebi tamamlaýan ýokary klas okuwçylaryna-da degişlidir:

“Meselem, Türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça ýazdyrylýan düzmelerde ýa-da diktantlarda mugallymlar okuwçylaryň ýalňyşlaryny düzedip, täzeden ýazdyrýarlar” diýip, Türkmen dili mugallymy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýokary okuwa girmegi meýilleşdirýän okuwçylaryň Orta bilim şahadatnamalaryna gowy bahalaryň goýulmagy üçin, mugallymlar “aýratyn tagalla edýärler”, ýöne bu tagallalaryň hem öz nyrhy bar.

“Olar: “Haýsyňyz ýokary okuw jaýlaryna girmekçi bolýarsyňyz?” diýip, soraýarlar we okuwçylaryň goýberen ýalňyşlaryny düzedip, attestatlaryna 4-lik 5-lik bahalary goýup berýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýokary okuwa gitmek isleýän okuwçylar mugallymlar bilen özleri gürleşýär, ýa-da ene-atalary mugallymlara haýyş edýärler, bu haýyşlara 200 manatdan 1000 manat aralygynda pul çykýar. “Okuwçynyň ýetişigine görä nyrhlar hem üýtgeýär” diýip, habarçy maglumatynyň üstüni ýetirdi.

“Türkmenistanda bilim şol sebäpden yzda galýar” diýip, ýerli synçy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi. “Bilimli okuwçylar hem bar, ýöne köp maşgala öz çagalaryny ýokary okuw jaýyna salmaga gurby çatmaýar” diýip, ol sözüne goşdy.

Ençeme türkmenistanly ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin uly möçberde para soralýandygyny, onuň möçberiniň ýyl-ýyldan barha ýokarlanýandygyny aýdýarlar. Synçylar Türkmenistanda klasdan klasa geçmekde para bilen tanyşan okuwçylaryň mekdebi tamamlap, ýokary okuwa girýänçäler, ony tamamlap, zähmet ýoluna gadam basýançalar, hemişe para bilen iş salyşmaly bolýandyklaryny, bu ýagdaýyň bolsa jemgyýetiň ösüşine böwet bolýandygyny, sosial deňsizlige ýol açýandygyny, adamlaryň arasynda döwlet institularyna bolan ynamy sarsdyrýandygyny aýdýarlar.

Galyberse-de, Türkmenistanda mekdep okuwçylaryny hem-de bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerini döwletiň guramalaşdyrýan mejbury çärelerine çekmek işleri saklanyp galýar.

Halkara guramalary Türkmenistanyň hökümetine berýän maslahatlarynda ýurtda hususan-da adam kapitalyny ösdürmäge maýa goýmagy maslahat berip gelýär.

Türkmenistanyň döwlet habarlary agentliginiň (TDH) maglumatlaryna görä, bu ýyl ýurt boýunça 80 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar.

Orta mekdepleriň gutardyş synaglarynda sorag-jogaplaryň okuwçylara satylmagy barada Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Bilimi ministriliginden kommentariýa alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG