Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bişkekden bolan wraç Dubaýyň emirinden "altyn wiza" aldy


Çynara Žantoşewa.

Gyrgyzystandan bolan Çynara Žantoşewa Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) döwlet klinikasynda işleýärkä, Dubaýyň emiri Maktum ibn Raşid al Maktumdan, koronawirusa garşy göreşde tapawutlanandygy üçin, «altyn wiza» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle derejedäki wiza BAE-de ýene 10 ýyl işlemäge hem ýaşamaga mümkinçilik döredýär.

Çynara Žantoşewa hünäri boýunça anesteziolog-reanimatolog wraç, ýagny ölüm hem dirilik aralygynda göreşýän näsaglar bilen işleşýär. Çynaranyň aýtmagyna görä, onuň 11 ýyl bäri işleýän ýeri – döwlet eýeçiligindäkiRashid Hospitalýaly şeýle uly keselhananyň reanimasiýa hem intensiw terapiýa bölüminde hiç wagtda beýle köp näsag bolmandyr. Häzirki wagtda öýkeni emeli usulda iýmitlendiriş apparatlarynda, dürli kesel derejeleri bolan 180-den gowrak näsagyň ýatandygyny aýdýar.

– Men öz iş tejribämiň bütin dowamynda bir wagtda kesellän şeýle köp näsagy görmändim. Elbetde, köpçülikleýin infeksiýa keselleriniň öjügýän wagtlary bolardy, şonda keselhana köp adamy ýerleşdirýärdiler. Ýöne keseliň şeýle çalt ýaýraýşyny ilkinji gezek görýän – diýip, ol aýdýar.

Kimiň ömrüni gorap saklamak başartmadyk bolsa, ol adamlaryň keşbiniň göz öňünde durandygyny Çynara Žantoşewa boýun alýar.

Çynara Žantoşewa.
Çynara Žantoşewa.

– Pandemiýanyň başlanaýan wagty Dubaýda işleýän, özi Kamerundan bolan bir adam keselhana düşdi. Ol uzyn boýly, örän sagdyn, bedeni sport bilen berkleşen adamdy, takmynan 40 ýaşlar töweregindedi. Bary-ýogy üç günüň dowamynda biziň gözümiziň alnynda edil otly çöp ýaly garalyp galdy. Biz ony ölümden gutarjak bolup, bar güýjümizi gaýgyrmadyk – diýip ýatlaýar.

Gyrgyzystanly doktor her täze gün iş ornuna baranynda, ‘şu gün adam ýitgisi bolmasyn’ diýen umyt bilen işe girişýändigini aýdýar. Onuň sözüne görä, uly keselhanadaky doktorlaryň ählisi şahsy gorag serişdeleri bilen doly üpjün edilipdir. Ähli işgärlere olary dogry geýmek hem çykarmak düzgünlerini öwredipdirler. Mundan daşary-da, kim gönüden-göniCOVID-19infeksiýasy bolan näsaglar bilen işleşýän bolsa, öz maşgala ýakynlaryna bu infeksiýany eltmezligi üçin, myhmanhanada ýerleşdirilipdir.

BAE-de umumylykda koronawirusa ýoluganlaryň sany 34 müň adama ýetýär. Olardan 260 adam şol infeksiýadan ýogalypdyr.

«Altyn wiza alaryn diýip garaşmandym»

BAE-de 2019-njy ýyldan başlap, aýratyn tapawutlanýan inwestorlara hem-de ýokary derejeli bilermenlere «altyn wiza» bermek düzgüni girizildi. Şoňa laýyklykda bu ýurtda 5 ýa-da 10 ýylyň dowamynda ýaşamaga hem işlemäge hukuk berilýär. Şeýle derejeli wizany alanlardan ilkinjilerden biri hindistanly biznes wekili Ýusuf Aliboldy, ol soňky 45 ýylyň dowamynda BAE-de ýaşap hem işläp gelýär.The Nationalneşiriniň maglumatyna görä, onuň aktiwi, takmynan, 4,7 milliard dollara barabardyr.

Ol wiza şeýle meşhur adamlara berlensoň, ony almak barada Çynara Žantoşewa arzuw hem etmändigini aýdýar. Şonuň üçinem häkimlikden jaň edip, oňa bu täzeligi aýdanlarynda, muňa ynanmandyr.

– Maňa “siziň pasport maglumatlaryňyz gerek. Hyzmatyňyz üçin şeýh Mohammediň size «altyn wiza» bermegi mümkin” diýenlerinde, dilimi ýitirdim. Soňra olara öz dokumentlerimi eltip gowşurdym. Birnäçe gün geçensoň men 10 ýyllyk wizany aldym – diýip, Çynara gürrüň berýär.

55 ýaşly medisina işgäri barada köpçülikleýin habar serişdeleriniň ählisi diýen ýaly gowy maglumat ýazypdyr. Gyrgyzystanyň Dubaýdaky baş konsullygy oňa telefon edip gutlapdyr. Munuň özi Çynara üçin mukaddes Remezan aýynda garaşylmadyk sowgat bolupdyr. Munuň üstünden ilat köpçüliginiň Gyrgyzystan barada eşidendigine begenjini Çynara Žantoşewa ýaşyrjak bolmaýar. Umumylykda BAE daşary ýurtly 212 medisina işgäriniň hyzmatyny sylaglapdyr.

Çynara Žantoşewa öz kärdeşleri bilen.
Çynara Žantoşewa öz kärdeşleri bilen.

«COVID-19 kesellileri ähli usullar boýunça bejerýäris»

Koronawirus infeksiýasyny bejermegiň takyk usuly bolmansoň, ol kesel bilen her ýurt özüçe göreşýär. Hususan-da, köp ýurtlaryň medisinasy COVID-19bardygyny anyklamak üçin, malýariýa – gyzzyrmada ulanylýan serişdeleri, SPID-de ýa-da Ebola infeksiýasyna niýetlenen dermanlary ulanýarlar.

Çynara Žantoşewaöz işleýän keselhanasynda COVID-19bilen kesellänleriň bejerilişi barada şeýle gürrüň berýär.

– Owal başda biz näsaga antibiotikler bilen birlikde hlorohin hem gidroksihlorohin berýärdik. Soň görsek, gidroksihlorohin ýüregiň işleýşine ýaramaz täsir edýän eken, biz onuň derejesini azaltmaly bolduk, käbir näsaglara ony asla bermedik. Häzir biz her näsaga – onuň keseliniň simptomlaryna hem saglyk derejesine laýyklykda aýratyn bejergi belleýäris – diýip, ol aýdýar.

Wraç bu infeksiýa bilen aýallara garanda, erkekleriň has köp keselleýändigini aýdýar. Şonuň bilen birlikde ol hem onuň kärdeşleri bu keselden ýogalýanlardan köpüsiniň ölmezden öň ganynyň goýalýandygyny nazara alypdyrlar. Gan şeýle goýalyp, iň kiçi damarlarda-da tromblaryň – gan düwüniniň emele gelýändigine, munuň bolsa heläkçilikli ýagdaýa eltýändigine syn edipdirler. Şonuň üçinem medisina işgärleri bu ýagdaýyň garşysyna başgaça usullary girizipdirler.

«Ol wirusy nireden alypdyr – bize parhy ýok»

Çynara Žantoşewaişden ýadap gelenden soň hem Internetiň başynda oturýandygyny, Gyrgyzystandaky ýagdaýlar bilen habarly bolmaga çalyşýandygyny gürrüň berýär. Ol özüniň öňki kärdeşleri hem ýakynlary bilen gatnaşygyny ýitirmän gelýär. Gyrgyzystanda köp medisina işgäriniň koronawirusa ýoluganyna gynanjyny ýaşyrmaýar. Onuň pikiriçe, medisina işgärlerine şahsy gorag serişdelerini dogry ulanmagy öwretmek gerek.

Çynaranyň iş ýeri bolanRashid Hospitalda,COVID-19diňe üç medisina işgärine ýokuşypdyr. Olary ýüzugra bejergä goýupdyrlar hem olar eýýäm iş orunlaryna dolanyp gelipdir. Ýöne ol keselhanada tutuş bir bölümiň işgärleriniň ol infeksiýa ýolugan ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýar. Munuň daşyndan-da pandemiýa yglan edilenden soň BAE-niň medisina işgärleriniň aýlyklary iki-üç esse ýokarlandyrylypdyr. Çynara Žantoşewa öz ýurdunda bu kesele örän ýüzleý üns berlendigine gynanýandygyny, ýeterlik sanitar-gigiena kadalarynyň berjaý edilmändigini belleýär.

– Maňa-da ‘aslynda wirus ýok, ony oýlap tapypdyrlar’ diýip, köp adam ýazýar, gynasak-da, barysy toslama. Dogrymy aýtsam, wraç hökmünde ol wirusyň nireden çykanynyň maňa parhy ýok, ýöne koronawirus bar, kim ondan kesellese, ölüme eltýär. Kesel geçenden soň hem ondan agyr yz galýar. Biz bolsa oňa ýokuşanlary bejerýäris – diýip, ol aýdýar.

Çynara Žantoşewa Emirlige 2001-nji ýylda düşüpdir, şonda bir tanşynyň ýanyna gezelenje gelen ekeni. Bu ýerde hem beýleki ösen ýurtlarda bolşy ýaly, medisina işgärlerini degişli lisenziýa bilen işe alýarlar, ony bolsa diňe ýörite ekzamen tabşyryp almak mümkin.

Çynaranyň tejribesi ýeterlikdi, oňa çenli Bişkekde Milli hirurgiýa merkezinde hem-de Respublikan çaga dogrulyş öýünde işläpdi. Ekzameni iňlis dilinde tabşyrmaly bolansoň, iki-üç aýy şony öwrenmäge gidipdir.

Ol ekzameniň birinji hem ikinji basgançaklaryndan geçensoň, şol arzyly lisenziýany alyp, bir şahsy klinikada işe ýerleşýär. Sekiz ýyl işländen soň ony Rashid Hospitaldöwlet klinikasyna işe çagyrypdyrlar. Çynara Žantoşewanyň aýtmagyna görä, onuň iş ýerinde esasan iňlis dili ulanylýar, ýöne ýerli näsaglar bilen arap dilinde gepleşmeli bolýar.

Çynara Žantoşewanyň hossarlary-da medisina işgärleri, olar bütin ömrüne stomatolog bolup işlediler.

Dürli hasaplamalara görä, BAE-de 3 – 5 müň aralygyndaky gyrgyzystanly ýaşaýar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG