Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenada Türkmenistandaky azatlyklar ýatlandy, ilçi wyždan bendileriniň gyssagly boşadylmagyna çagyrýar


Ömruzak Omarkulyýew
Ömruzak Omarkulyýew

Amerikan ilçisi Jeýms S.Gilmore Türkmenistanda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň gazaply çäklendirilendigini boýun almalydygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyndaky missiýasynyň ýolbaşçysy, ilçi Jeýms S.Gilmore III Türkmenistanda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklaryň ulanylmagynyň gaty çäklendirilendigini aýdyp, Gulgeldi Annanyýazow, Ömruzak Omarkulyýew, Batyr Berdiýew ýaly türkmenistanlylaryň ykbaly baradaka aladalaryny bildirdi.

Şeýle-de ol, öz twitter hasabynda çap eden beýanatynda, türkmen hökümetini ÝHHG-nyň adam hukuklaryna we esasy azatlyklara hormat goýulmagyny pugtalandyrmak üçin berýän kömeginden doly peýdalanmaga çagyrdy.

Jeýms S.Gilmore 4-nji iýunda Wenada, ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň öňünde çykyş edip, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalýa Drozdyň beren hasabaty boýunça öz pikir-garaýyşlaryny aýtdy.


Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň öz goňşulary, şol sanda Owganystan bilen aradaky serhetlerinigoramak, terrorçylyga alyp gelýän ýowuz ekstremizme we radikallaşma, korrupsiýa, pul ýuwulmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy durmak ukybyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tälim okuwlaryny ýygy-ýygydan gurnap durýar.

Ilçi Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky merkeziň bu edýän tagallalaryny gutlaýandygyny, şeýle-de Türkmenistanyň Owganystandaky parahatçylyk tagallalaryna, COVID-19 pandemiýasy wagtynda goňşy ýurtdaky azyk howpsuzlygyna berýän goldawlary üçin minnetdardygyny aýdy.

Şunuň bilen birlikde, ilçi Türkmenistanda adam hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň gazaply çäklendirilendigini hem boýun almalydygyny aýtdy.

“Şu sebäpden biz Türkmenistanyň hökümetini ÝHHG-nyň adam hukuklaryna we esasy azatlyklaryna, şol sanda din we ynanç azatlygyna hormat goýmagy ilerletmek baradaky goldawyndan we tejribesinden doly peýdalanmaga çagyrýarys” diýip, Jeýms S.Gilmore ABŞ-nyň Türkmenistany din azatlygy boýunça “Aýratyn alada döredýän ýurtlaryň” sanawyna girizendigini ýatlatdy.

Onuň pikiriçe, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky missiýasy sebitiň bu ugurdaky meselelerini çözmekde kömekçi bolup bilerdi.


Şeýle-de ilçi Türkmenistanyň jeza öýleriniň, türme reformalarynyň hem ÝHHG-den goşmaça ýardam alyp biljekdigini belledi. Ol Birleşen Ştatlaryň 2019-njy ýylda aktiwist Gulgeldi Annanyýazowyň Garabogazda öz maşgala agzalary bilen görüşdirilmegini gutlaýandygyny, ýöne oňa öz ýurdunyň serhedinden geçip geleni üçin berlen türme möhletini adatdan daşary ýowuz hasaplaýandygyny hem sözüne goşdy.

Gulgeldi Annanyýazow ilkinji gezek 25 ýyla golaý ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda hökümete garşy gurnalan demonstrasiýa sebäpli tussag edildi we hukuk goraýjy toparlaryň basyşlary netijesinde azatlyga çykyp, Norwegiýadan gaçybatalga aldy.

Emma ýurtda häkimiýet çalşandan soň, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Gulgeldi Türkmenistana dolanmak islegini aýdyp, häkimiýetlere ençeme gezek ýüz tutdy. Ahyrynda, haýyşlaryna jogap bolmansoň, ol bikanun ýagdaýda, maşgalasyny Norwegiýada goýup, Gazagystanyň üsti bilen ýurduna dolandy we şol günüň özünde Köşüdäki öýünde, göz aýdyňa gelen adamlaryň arasynda otyrka tussag edildi.

Amerikan ilçisi öňki student Ömruzak Omarkulyýewiň ykbalyna hem ünsi çekdi, onuň iki ýyllyk harby gullugy tamamlap, okuwyny dowam etdirip bilmelidigini, ady agzalan iki adamyň ýagdaýyna gaýtadan seredilse gowy


boljakdygyny belledi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Türkiýede okaýan we studentleriň raýdaşlyk guramasyny döreden Ö.Omarkulyýew parlament saýlawlaryna synçy bol diýip, türkmen resmilerini aldawy netijesinde Aşgabada getirildi we yzyna goýberilmedi.

Haçanda ol öz düşen ýagdaýy barada daşary ýurtlardaky neşirlere we guramalara habar berenden soň, aragatnaşyk mümkinçiliginden kesilip, ynamdar çeşmeleriň maglumatyna görä, türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma soň, bu işiň halkara jemgyýetçiligine mälim bolmagy netijesinde, onuň iki ýyllyk harby gulluga alnandygyhakynda habar çykdy. Şol bir wagtda, resmi Aşgabat hakykatda bolan zat barada hiç wagt açyk düşündiriş bermedi we Ömruzagyň özi, garyndaşlary bilen açyk gürleşmek mümkinçiligini döretmedi.

Şeýle-de, amerikan ilçisi Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň türmelerinde uzak ýyllar bäri daşarky dünýä bilen habarlaşdyrylman saklanýan köp sanly wyždan ýesiri bilen görüşmek, gürleşmek mümkinçilgini döretmezliginden şindi hemalada galýandygyny aýtdy.


Jeýms S.Gilmore ÝHHG-däki ozalky kärdeşi, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri, käri boýunça žurnalist Batyr Berdiýewiň ykbalyna hemünsi çekdi.

B.Berdiýew ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast ediş synanyşygy diýilýän iş boýunça uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen onlarça türkmenistanlynyň diňe biri bolup durýar. Halkara hukuk toparlarynyň koalisiýasyndan düzülen “Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň türmelerinde ýüzden gowrak adam zorlukly ýagdaýda ýitirim edildi.

Ilçi bu adamlaryň maşgalalaryna olaryň saklanýan ýerleri we hal-ýagdaýlary barada habar berilmelidigini ýatlatdy, türkmen hökümetini BMG-niň Zorlukly ýa meýletin däl ýitirim bolmak boýunça işçi toparynyň ýurda gelmegine rugsat bermäge çagyrdy.

“Biz Türkmenistanda adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny ulanýandyklary üçin tussag edilenleriň hiç bir şertsiz boşadylmagyna çagyrdyk” diýip, ilçi COVID-19-yň tussagdaky adamlara has ýokary howp salýandygyny nazara alyp, Türkmenistanygyssagly ýagdaýda bendileriň günälerini geçmäge çagyrdy.


Şu aralykda, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitiki merkez, АССА Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilen günä geçişde azatlyga çykan we anonimlik şertinde gürleşen türkmen raýatlaryna salgylanyp, türkmen türmelerinde koronowirusdan ölenleriň jesetleriniň zibil çekýän maşynlara ýüklenip, näbelli ýerde jaýlanýandygyny, garyndaşlaryna berilmeýändigini habar berdi.

Azatlyk bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi.

Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, hökümetiň koronawirusyň ýaýramagyna garşy görýän çäreleri barada 5-nji iýunda geçirilen maslahata gatnaşan daşary ýurt wekilleri, şol sanda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy N.Drozd “Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere... ýokary baha berdi."

Wenada, ÝHHG-niň Hemişelik geňeşiniň öňünde çykyş eden Jeýms S.Gilmore Aşgabatdaky merkeziň ýurtdaky raýat jemgyýetine, garaşsyz metbugata berýän goldawlaryny hem güýçlendirmelidigini aýtdy.

Türkmenistan dünýäde metbugat azatlygy boýunça ýylyň ýylyna iň yzdaky orunlary alýar we ýurtda garaşsyz ýagdaýda işläp bilýän ýekeje-de hukuk goraýjynyň ýokdugy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG