Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daýhanlaryň 'alkyşyny' alyp gelen prezident gaýragoýulmasyz meseleleri 'bilmek isleýär'


Daşoguz, Görogly etraby. Arhiw suraty

Resmi metbugatda daýhanlaryň kynçylyklary barada maglumat berilmeýär, muňa derek azyk bolçulygynyň döredilendigi, adamlaryň döredilen şertlerden razydygy tekrarlanýar. Emma sapardan gelen prezident birden pudagyň “gaýragoýulmasyz meselelerini kesgitlemegi” talap etdi.


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy iýunda geçiren hökümet mejlisinde daýhanlaryň suw üpjünçiliginde dörän agyr ýagdaýy açyk boýun almazdan, bu ugra serişde goýbermegiň gürrüňini etdi.

Suw üpjünçiligi baradaky mesele Maryda Garagum kanalynyň, Lebapda Amyderýanyň joşmagy, obalara we ekin meýdanlaryna ýeten zyýan barada çykan habarlardan on gün çemesi soň gün tertibine getirildi, ýöne ilatyň suw ýetmezçiliginden söz açylmaýşy ýaly, suw bolçulygyndan çekýän zyýany hem agzalmady.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy aladaly ýa agyr habarlary ilata ýetirmegi zerur hasaplamaýar.

Hünärmenler Türkmenistanda suw desgalaryna tas otuz ýyl bäri ýeterlik ideg edilmeýändigini, ekerançylyk ýerleriniň, kärendeçileriň öz wagtynda zerur bolan suw bilen üpjün edilmeýändigini köp ýyl bäri aýdyp gelýärler.

Bu ýagdaý, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan kärendeçileriň tassyklamagyna görä, her ýylda geljekki hasylyň ykbalyna ýaramaz täsir ýetirýär.

Döwlet baştutany ýurduň sebitlerine eden iş saparyndan söz açyp, bu ýyl hem gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini aýtdy. Ol geçen ýylam şeýle sözleri aýdypdy. Ýöne soňra ýurtda un, çörek gytçylygy güýçlendi. Syzyp çykýan, resmi taýdan tassyklanmaýan maglumatlar ýurtda alyndy diýýän galla, pagta hasyllarynyň üçden biriniň hem alynmaýandygyny yşarat edýär.

“Watan” habarlaryndan görnüşine görä, prezident ýurduň dört sebitinde bolup, öňünden taýýarlanylan ‘görkezme’ hojalyklarynyň ýolbaşçylary, kombaýnçylar, pişme bişirmek üçin getirilen aýal-gyzlar bilen duşuşdy, olaryň alkyşlaryny diňledi we, öz gezeginde, ekerançylyga degişli nakyllary aýdyp berdi.

Hökümetdäki çeşme prezident bilen görüşmeli adamlara aýtmaly sözleriniň kän öňünden ýat tutdurylýandygyny, prezidentiň hem öz aýtmaly nakyllaryny berk öwrenip barýandygyny aýdýar.

Şeýle-de, resmi metbugatda daýhanlaryň kynçylyklary, garyp durmuşlaryny görkezjek aýlyk, ýyllyk gazançlary barada maglumat berilmeýär, muňa derek azyk bolçulygynyň döredilendigi, adamlaryň bar bolan şertlerden razydygy tekrarlanýar.

Belki-de ýurtdaky azyk krizisi, çörek nobatlarynyň ulalmagy, nägilelikleriň artmagy sebäpli, prezident birden obanyň “gaýragoýulmasyz meselelerini kesgitlemegi” talap etdi. Şol bir wagtda, TW wagyzlary öňki sözlerini gaýtalaýar, prezident daýhanlaryň işinden 'kanagatlanýar', ýurtda döwrebap suw tygşytlaýyş ulgamlarynyň 'giňden ulanylýandygyny' aýdýar.

Ikinji tarapdan, wise-premýerler (G.Müşşikow, E.Orazgeldiýew) ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselesini çözmeli.

Synçylar bu meseläniň tas otuz ýyl bäri ünsden düşürilýändigini, gümürtik taslamalara milliardlarça dollar goýberip, suw desgalaryny abatlamaga, kanallary gazmaga, zeýkeşleri çuňaltmaga serişde goýbermegiň unudylandygyny öňe sürýärler.

Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda çekilen Garagum kanaly türkmenlerde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak medeniýetini küteltdi, ýer-suwuň döwlet eýeçiliginde galmagy, pagtaçylykda mejbury zähmetiň saklanmagy, müňlerçe gektar ýere gowaça ekmek we bimöçber derejede suw ulanmak praktikasy dowam edýär diýip, hünärmenler obadaky meseläni sowet dolandyryşynyň bölekleýin saklanmagynda görýärler.

Türkmenistanda ýerler uzak ýyllaryň dowamynda şorladyldy, hasyllylyk pese gaçdy we muny soňky ýyllarda Berdimuhamedow hem tassyklady. Ýöne ol Lebapda, Maryda, Daşoguzda we Balkanda her gektar ýerden garaşylýan hasyl barada berlen maglumatlary höwes bilen kabul etdi. Ýöne daýhanlar beýle möçberdäki hasylyň alynmaýandygyny, muny köp adamyň bilýändigini aýdýarlar.

Daşoguzda, Ahalyň gündogar etraplarynda, Maryda, Lebapda suw gyş aýlary hem zerur, sebäbi gowaça ekiljek ýerlere hökman ýuwuş suwy tutulmaly we ýer ýüzüne çykan duzlar birki metr aşak gider ýaly edilmeli, şonsuz hasyl almak kyn” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 65 ýaşly daýhan Azatlyk radiosy bilen iki ýyl ozal eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýerli synçylar bu ýagdaýyň şindi hem üýtgemeýändigini aýdýarlar. Olaryň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda Garagum kanalyny barha kän gyrmança basýar, emma ony arassalamak işleri juda gowşak alnyp barylýar, gyş aýlary suw toplanýan Hanhowuz, Gökdepe suw howdanlary bolsa, esasan ekerançylyk üçin niýetlenen hem bolsa, bu ähmiýetini ýitirip barýar, olarda indi balykçylyk hojalyklary döredildi.

Daşoguzdaky suw ýagdaýy bolsa, uly suw howdanlarynyň ýoklugy sebäpli has-da agyr, şol bir wagtda gadymdan gelýän Hanýap, Kyrkgyz, Şamyrat ýaly uly suw kanallary, ugruna seredilmän, gömlüp barýar diýip, Azatlygyň sebitdäki çeşmesi aýtdy.

Emma prezident regionlara saparyndan soň gozgan suw üpjünçiligi meselesinde bu ýagdaýlaryň hiç birini agzamady.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan hünärmenler, şol sanda tebigaty goraýjy aktiwist Farid Tuhbatullin, ozalky suw gurluşykçysy Nurmuhammet Hanamow ýer-suw meselesinde täze çemeleşmeleriň, halkara ekspertleriniň pikirleriniň öwrenilmeginiň, suw desgalaryny abatlamak üçin uly döwlet serişdeleriniň goýberilmeginiň zerurdygyny öňe sürýärler.

Belki-de ahyry şu pikir-maslahatlara gulak asmak üçin, Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak, ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin karz serişdelerini bölüp bermek meselesini gozgady.

Şeýle-de bolsa, synçylar Türkmenistanda häzir oba hojalygynyň ýagdaýyna oňyn täsir etjek serişdäniň bölünip berilmek mümkinçiligine şübheli garaýar.

“Berdimuhamedow 18-nji iýunda Balkandan gelip, howa menzilinden göni Aşgabatdaky gurluşyk meýdanyna, “Garagum” myhmanhanasynyň we beýleki desgalaryň gurulýan ýerine howlukdy, ol hakykatda diňe gurluşyk bilen gyzyklanýar, başga zatlar aýdylýar we galýar” diýip, Hanamow Azatlyk radiosyna aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG