Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ýörite gulluklary hukuk goraýjy aktiwiste gözegçiligi güýçlendirdi


Nataliýa Şabunts
Nataliýa Şabunts

Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýörite gulluklary hukuk goraýjy aktiwist Nataliýa Şabuntsa gözegçiligi güýçlendirdi diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" habar berýär.

Raýat aktiwisti Nataliýa Şabuntsyň "Türkmenistanyň hronikasy" neşirine habar bermegine görä, soňky iki hepde bäri Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri onuň Aşgabatdaky öýüniň penjiresiniň öňünde nobatçylyk edýär. Olaryň käbiri awto ulagyň içinde, beýlekileri onuň ýaşaýan jaýynda garawullyk edýär.

Türkmenistanda däp bolan düzgüne görä, aktiwistler we olaryň garyndaşlary howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri tarapyndan gözegçilik astynda saklanýar. Bu gözegçilik köplenç olaryň telefonlaryny diňlemek, hatlaryny barlamak, wagtal-wagtal etrap polisiýasy bilen mejbury duşuşyk ýaly çäreleri öz içine alýar.

Türkmenistanda geçirilýän möhüm seneleriň, şol sanda döwlet baýramçylyklarynyň öňýany howpsuzlyk güýçlendirilýär.

Aşgabatda hukuk goraýjy aktiwiste howpsuzlyk gulluklary tarapyndan gözegçiligiň güýçlendirilmegi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýetip gelýän doglan gününiň öňýanyna gabat gelýär. Ol 29-njy iýunda 63 ýaşaýar. Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, 63 ýaş - pygamber ýaşy bolup, bu aýratyn sene hökmünde bellenip geçilýär.

Bu ýyl prezidentiň doglan gününiň öňýany daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly aktiwistler ABŞ-da, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde protest aksiýalaryny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG