Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň konstitusiýa üýtgetmeleri aglaba köplükde tassyklandy, Putiniň dowamly dolandyryşyna ýol açyldy


Moskwa. Puşkin meýdançasy. Konstitusiýa üýtgetmelerine garşy protest.
Moskwa. Puşkin meýdançasy. Konstitusiýa üýtgetmelerine garşy protest.

Oppozisioin syýasatçy Alekseý Nawalny "ýap-ýaňy yglan edilen 'netijeler' galp we ullakan ýalan" diýdi. “Olaryň rus raýatlarynyň pikir-garaýyşlary bilen hiç bir umumylygy ýok. Biz soňy öňünden ýazylan bir tomaşa şaýat bolduk" diýip, ol öz blogynda ýazdy.

Deslapky netijeler milli sala salyşlygyň, beýleki teklipler arasynda, prezident Wladimir Putiniň 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna mümkinçilik döredýän konstitusiýa üýtgetmelerini tassyklandygyny görkezýär.

Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasynyň (MSK) 2-nji iýulda irden yglan eden netijelerine görä, saýlaw býulletenleriniň ählisiniň sanalmagy bilen, saýlawçylaryň 77,9 göterimi Kreml tarapyndan hödürlenen 200-den gowrak konstitusiýa üýtgetmesini goldaýar. Saýlawçylaryň takmynan 21,3 göterimi bu üýtgetmelere garşy ses berdi.

Ses bermäge gatnaşyk 65 göterim töweregi boldy. Koronawirusyň ýaýramagyny çäklendirmek üçin görlen çäreler sebäpli, adamlaryň birden bir ýere toplanmagyny azaltmak üçin, ses berişlik bir hepdäniň dowamynda, üzlem-saplam ýagdaýda geçirildi.

Saýlawçylary ses bermäge hyjuwlandyrmak maksady bilen, Putin 1-nji iýuly, ses berişligiň soňky gününi dynç alyş güni diýip yglan etdi.

Saýlaw komissiýasynyň başlygy Ella Pamfilowa ses berişligiň aç-açan bolandygyny we resmileriň dürslügi üpjün etmek üçin ähli zady edendigini aýtdy, ýöne tankytçylar we oppozisiýa wekilleri bu netijä ynanmadylar.

Oppozisioin syýasatçy Alekseý Nawalny "ýap-ýaňy yglan edilen 'netijeler' galp we ullakan ýalan" diýdi. “Olaryň rus raýatlarynyň pikir-garaýyşlary bilen hiç bir umumylygy ýok. Biz soňy öňünden ýazylan bir tomaşa şaýat bolduk" diýip, ol öz blogynda ýazdy.

Ol wideoda öz goldawçylaryna ýüzlenip, "bu netijäni hiç wagt ykrar etmejekdigini" aýtdy.

Nawalny, koronawirus pandemiýasy sebäpli, oppozisiýanyň häzir protest bildirmejekdigini, ýöne şu ýylyň aýagynda öz kandidatlarynyň sebit saýlawlaryna gatnaşmagyna ýol berilmese ýa-da saýlawlaryň netijeleri galplaşdyrylan halatynda, protest çäreleriniň gurnaljakdygyny aýtdy.

"Putiniň iň gorkýan zady köçe" diýip, Nawalny aýtdy. "Biz ýüz müňlerçe we millionlarça adam bolup, köçelere bilelikde çykýançak Putin gitmez" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Net", ýagny "Ýok" ady bilen konstitusiýa düzedişlerine garşy kampaniýa alyp baran gurama hem özüçe ses berişligiň netijelerini yglan etdi. Bu kampaniýanyň netijelerine görä, Moskwada konstitusiýa üýtgetmelerine garşy ses berenler 55 göterim boldy, Sankt-Peterburgda bolsa saýlawçylaryň 63 göterimi düzedişlere garşydygyny aýdyp, ses berdi.

Ses berişlik wagtynda birnäçe ýüz adam birden, öz-özlüginde Moskwanyň Puşkin meýdanyna ýygnanyp, üýtgetmelere we Putiniň ýene iki möhlet prezidentlik möhletini almak mümkinçiligine nägilelik bildirdi. Putin entek öz geljegi barada karara gelmändigini aýdýar.

Meýdança ýygnananlaryň arasynda Moskwanyň şäher geňeşiniň deputaty, liberal "Ýabloko" partiýasynyň wekili Sergeý Mitrohin hem bardy. Ol Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde bu referendumdaky ses berişligiň "Orsýetde kanunyň hökmürowanlygynyň soňuna çykylmagyny" aňladýandygyny aýtdy.

Demonstrasiýa rus milli şahyry Aleksandr Puşkiniň heýkeliniň ýanynda, eline ýazgy alan bir adamlyk piketleriň gezekleşdirilmegi bilen, parahatçylykda geçdi. Meýdançanyň daşy polisiýa tarapyndan gabalyp alyndy, ýöne demonstrantlara garşy çäre görülmedi.

"Ýok bolsun patyşa" diýen ýazgyny galdyran demonstrant Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde: "Biz diktatura astynda ýaşamak islemeýäris, hususan-da kanunlaşdyrylan diktaturada ýaşasymyz gelmeýär" diýdi.

Sankt-Peterburgda 100-e golaý adam konstitusiýanyň köne nusgalaryny ellerine alyp, konstitusiýa üýtgetmelerine garşy demonstrasiýa gatnaşdy. Polisiýa we milli gwardiýanyň goşunlary olary Köşk meýdançasyndan çykmaga mejbur etdi we birnäçe adamyň tussag edilendigi habar berildi.

1-nji iýuldaky ses berişlik wagtynda saýlaw gutusynyň dykylyp doldurylmagy we beýleki bidüzgünçilikler barada bir topar habar çykdy. Bir gün öň bolsa, Sankt-Peterburg polisiýasy "MediaZona" habar gullugynyň ses berişlik barada maglumat berýän žunalisti Deýwid Frenkeliň elini döwdi. Rus häkimiýetleri bu wakanyň derňelýändigini aýtdylar.

Sowet döwründe uzak ýyllar KGB-de işlän Putin Orsýetde 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup işleýär.

Tarapdarlary onuň ýurdy 1990-njy ýyllarda, Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen utgaşan çökgünlikden alyp çykandygyny we ykdysadyýeti pugtalandyrandygyny aýdýarlar.

Tankytçylar onuň demokratik institutlary gowşadandygyny, syýasy garşydaşlaryny çetleşdirendigini, tankydy pikirleri basyp ýatyrandygyny we korrupsiýanyň ösmegine ýol açandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG