Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AÝ/AR garaşsyz habar bermegiň we täsiriň 70 ýyllygyny belleýär


Czech Republic – A view of the RFE/RL building at Hagibor, Prague, 31Jan2012

1950-nji ýylyň 4-nji iýulynda, Azat Ýewropa radiosy (Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy) kommunistik Çehoslowakiýadaky demir perdäniň arkasyndaky tomaşaçylara ilkinji gezek “Gepleýär Azatlyk Radiosy” diýip yglan edende, adamlar hakykata garaşýandyklary üçin diňlediler.

Ýetmiş ýyldan soň platformalar giňedi we onuň mandaty artdy. Azatlyk Radiosy erkin metbugat doly ýola goýulmadyk 23 ýurtda 38 milliondan gowrak adama radio, teleýaýlym we sanly habar beriş serişdeleri arkaly möhüm habarlary ýaýradýar.

"Azatlyk Radiosynyň asylly wezipesi bar we demokratiýa hem-de adam hukuklary ugrunda göreşýän ýurtlarda onlarça ýylyň dowamynda taryhy rol oýnady" diýip, radionyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Daisy Sindelar aýtdy.

“Gurallar üýtgedi, ýöne kynçylyklar düýbünden birmeňzeş. Bizde bu hünärde iň wepaly we tomaşaçylaryň ynamyny gazanan käbir žurnalistler bar. Iň kyn şertlerde-de täzelikleri habar bermek we garaşsyz metbugatyň gymmatlyklaryny modelleşdirmek baradaky işimiziň, özleri üçin möhüm bolan meseleler boýunça ygtybarly habar almak üçin başga ýeri bolmadyk adamlara hakyky üýtgeşiklik getirýändigini bilýäris" diýip, Sindelar belledi.

Çehiýanyň Senatynyň başlygy Milos Vystrcil Azatlyk Radiosynyň döredilmeginiň 70-nji ýyldönümi we onuň Mýunhendäki baş edarasynyň Praga göçürilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli eden çykyşynda: “Döwürdeşlerimiň köpüsi we meniň üçin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy erkin maglumatlaryň çeşmesi we erkin dünýä üçin penjire boldy" diýdi.

"... Häzirki wagtda Azatlyk Radiosynyň Pragadan ýaýlyma berilýändigine buýsanýaryn, şeýlelikde, biz Russiýa we beýleki post sowet ýurtlaryna erkin maglumat akymyna gatnaşyp bileris! Mýunhenden goýberilýän gepleşikler biziň üçin näderejede möhüm bolan bolsa, häzirki wagtda bu ýurtlaryň raýatlary üçin hem şol derejede möhümdir" diýip, ol aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň 70 ýyllygy, onuň Eýran we Russiýa ýaly ýurtlarda koronawirus krizisi barada wirtual taýdan ýeke özi diýen ýaly maglumat taýýarlaýan mahalyna gabat geldi. Bu ýurtlarda resmiler pandemiýanyň gerimini we täsirini peseltdiler ýa-da aç-açan inkär etdiler. Şeýle-de, radionyň ýubileýi onuň žurnalistlerine we redaksiýa ýörelgelerine garşy täze howplaryň abanýan mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň sosial media geňeşçisi, garaşsyz blogger Ihar Losik häzirki wagtda Minsk tussaghanasynda saklanýar. Häkimiýetler ony Telegram kanalyny "jemgyýetçilik tertibini bozmaga taýynlyk görmäge" ulanmakda aýyplaýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Russiýa gullugy bilen işleşýän bir žurnalistimiz 2020-nji ýylyň aprelinde Sankt-Peterburgyň lukmany bilen geçiren söhbetdeşligi sebäpli derňew astyndadyr. Gürrüňi edilýän lukman habarçymyza keselhanada koronawirus näsaglaryny bejermek üçin lukmançylyk enjamlarynyň we serişdeleriň ýetmezçiligi barada gürrüň beripdi.

Pskowda ýaşaýan habarçy Swetlana Prokopýewa efirde syýasy umytsyzlygyň 2018-nji ýylda Arhangelskdäki bir ýetginjegiň janyndan geçen bombany partlatmagyna sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini öňe sürenden soň, "terrorçylygy aklamakda" sud edilýär.

Azatlyk Radiosy Russiýada 1953-nji ýylda ýaýlyma berlip başlanyp, bu ýurtda hususan-da ýaş tomaşaçylaryň we diňleýjileriň arasynda hakyky adamlar barada hakyky hekaýalara bolan isleg Azatlyk Radiosynyň sanly teleýaýlym ulgamy "Current Time" neşiriniň ösmegine we täsiriniň artmagyna sebäp boldy.

Onuň saýlaw protestleri, korrupsiýa, ýerli işjeňlik we eden-etdilikli tussag edilmeler barada taýýarlaýan göni ýaýlymlary - döwlet telewideniýesiniň propaganda we dildüwşük teoriýalaryny ýaýradýan we syýasy oppozisiýanyň asla efir wagty ýok - ýurtda üýtgeşikdir.

Soňky onýyllyklaryň dowamynda Azatlyk Radiosy öz işiniň gerimini Owganystandaky erkin metbugatdan mahrum ilata, Pakistandaky söweşjeň berkitmelerdäki ekstremist propagandasyna garşy göreşmek we ýaňy-ýakynda bolsa, metbugat plýuralizminiň pese gaçýan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara ýaýratdy.

Şeýle-de Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Eýranyň resmi senzurasyndan geçip, radio, internet we telewideniýe arkaly ýurduň uly ýaşly ilatynyň 15,4 göterimine ýetmek bilen, bu ýurtda taýsyz rol oýnaýar.

AÝ/AR metbugat azatlygy çäklendirilen ýa-da professional metbugat doly ösmedik 23 ýurtda 38 milliondan gowrak adamy 27 dilde takyk habarlar we maglumatlar bilen üpjün etmek üçin ýerli habarçylar ulgamyna bil baglaýar.

2019-njy ýylda AÝ/AR-nyň wideolaryna Facebook, YouTube we Instagram IGTV ulgamlarynda 3,6 milliard gezek tomaşa edildi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy redaksiýa taýdan garaşsyz media kompaniýasy bolup, ABŞ-nyň Global media agentliginiň üsti bilen, Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň grantynyň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG