Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Protestçiler COVID-19 çäklendirmeleriniň gaýtadan girizilmegi sebäpli Serbiýanyň mejlisine hüjüm etdi


Serbiýanyň paýtagty Belgrad. 7-nji iýul, 2020 ý.

Serb polisiýasy gijäň ýary Belgradda ýüze çykan çaknyşyklarda 24 adamyň tussag edilendigini, 60 töweregi polisiýa işgäriniň we demonstrantyň ýaralanandygyny aýdýar.

Bu waka serbler ýurtda koronawirus ýokuşan täze näsaglaryň sanynyň köpelmegi sebäpli petiklenme çärelerini gaýtadan güýje girizmek baradaky karara nägilelik bildirmek üçin ýygnanan mahalynda boldy.

7-nji iýulda gije geçirilen demonstrasiýalar protestçileriň bir topary mejlisiň binasyna girip, beýleki adamlar ofiserlere daşlary, çüýşeleri we beýleki zatlary zyňan mahaly ýowuzlyga öwrüldi. Bu hereketler ofiserleriň adamlaryň üýşmeleňini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulanmagyna getirdi.

Wideo ýazgylarda polisiýanyň adamlary taýak bilen urýandygyny we ýençýändigini görse bolýar.

8-nji iýulda polisiýa müdiri Wladimir Rebiç bidüzgünçilikde 43 polisiýa işgäriniň we 17 demonstrantyň ýaralanandygyny, bäş sany polisiýa ulagynyň otlanandygyny aýtdy.

Tussag edilenleriň arasynda sagçy garaşsyz parlament agzasy Srdjan Nogo hem bar. Polisiýa aşa sagçy milletçileri ýowuzlygy öjükdirmekde aýyplaýar.

Belgradda 8-nji iýulda ýene bir demonstrasiýanyň geçirilmegine garaşylýar.

Serbiýanyň häkimiýetleri petiklenme çärelerini 21-nji iýunda geçirilen saýlawlardan birnäçe hepde öň gyssagly gaýtadan açandan soň, COVID-19 bilen kesellänlariň sanynyň artýan mahaly, pandemiýa garşy göryän çärelerini kem-kemden güýçlendirdiler.

Şol saýlawlarda Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç we onuň häkimiýetdäki "Progressiw partiýasynyň" ýaranlary ýeňiş gazandy.

Wuçiç 7-nji iýulda geçiren metbugat ýygnagynda 8-nji iýuldan başlap ýygnanyşyklaryň bäş adam bilen çäklendiriljekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol hökümetiň iş toparyndan, ýagdaýyň täzeden gözden geçirilmeginiň öňýanynda, dynç günlerinde komendant sagady yglan etmegi sorajakdygyny belledi.

"[10-njy iýulda] giçlik sagat 6-dan başlap, 13-nji iýulda irden sagat 5-e çenli dowam etjek komendant sagadyna taýyn boluň. Men munuň Serbiýanyň hemmesi üçin şeýle bolmagyny isleýärin. Ýöne hökümtiň iş topary we premýer-ministr [Ana] Brnabiç meni diňlärmi ýa-da diňlemez, ony göreris" diýip, Wuçiç aýtdy.

"Ähli düzgünler iş toparynyň ýygnagyndan soň, 8-nji iýulda yglan ediler" diýip, ol belledi.

24 sagadyň dowamynda Serbiýada 13 sany COVID-19 näsagynyň ölendigi habar berildi. Bu Serbiýanyň koronawirus epidemiýasyndaky iň ýowuz güni boldy.

"Biz raýatlary goramaly, şonuň üçin syýasy reaksiýalar we protestler meni gyzyklandyrmaýar. Gahar lukmanlara däl-de, maňa gönükdirilmeli" diýip, Wuçiç belledi.

Protestlerden soň çykyş eden serb premýer-ministri Brnabiç "pandemiýa başlany bäri ýurdumyzyň we saglygy goraýyş ulgamymyzyň koronawirusdan iň güýçli zarba bilen ýüzbe-ýüz bolýan pursadynda parlament binasyna edilen zorlukly hüjümi ýazgarýaryn" diýdi.

Serb resmileri COVID-19 keselinden 330 adamyň ölendigini we 6-njy martda Serbiýada ilkinji koronawirus ýokaşmasy ýüze çykaly bäri hasaba alnan näsaglaryň umumy sanynyň 16 müň 719 adamdygyny aýdýarlar.

Wuçiç 15-nji martda ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan edip, berk petiklenme çärelerini girizdi we koronawirus ýokuşanlaryň sanynyň birneme pes bolmagynda galýandygy habar berildi.

Kanunçykaryjylar maý aýynyň başynda ýurtdaky adatdan daşary ýagdaýyň bes edilendigini yglan etdiler we 21-nji iýunda geçiriljek saýlawlaryň öňüsyrasynda, ýuwaş-ýuwaşdan jemgyýetiň köp bölegini gaýtadan açdylar.

Ýöne serb hökümeti saýlawlardan diňe iki gün geçensoň, şäherde we şäherara jemgyýetçilik transportynda maskalary geýmek talabany gaýtadan güýje girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG