Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar uýgurlaryň yzarlanmagy meselesinde, täjik yzlarynyň barlanmagyna çagyryş edýärler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Hytaýyň musulman ilatyny yzarlaýşy barada ynsan hukuklaryny goraýjy toparlaryň Gaagadaky Halkara jenaýat suduna beren talap arzasynda, Täjigistanyň hem ady geçýär. Täjigistan Pekiniň haýyşy bilen uýgurlary Hytaýa tabşyranlykda aýyplanýar. Täjigistanyň hökümeti bu ýagdaý barada entek kommentariýa bermedi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara toparlaryň talap arzasy

Hytaýyň daşynda bolan uýgur toparlary Halkara jenaýat sudundan, Hytaý hökümetiniň ol ýerdäki musulman ilatyna bolan gatnaşyklary barada, barlag işimiň geçirilmegini talap edýärler. Olar hytaý hökümetiniň hereketine «genosid» hem-de «adamzada garşy jenaýat»derejesinde garaýarlar. Bu Hytaý kompartiýasynyň Hytaýyň çäklerinde bolan musulmanlary yzarlaýandygy barada ilkinji gezek Gaagadaky halkara tribunalyna berlen talap arzasydyr.

Hytaýdaky uýgurlaryň hukuklaryny goraýan iki halkara guramasynyň beren arzasynda, müňlerçe uýguryň Kamboja we Täjigistan ýaly ýurtlardan deportasiýa edilmeginiň derňelmegi-de öňe sürülýär. New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, munuň giň halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekmegi mümkin, sebäbi Hytaý hökümetiniň oppozisiýada durýanlara – olar ýurduň daşynda ýaşasalar-da, nähili täsir ýetirip bilýändigini görkezýär.

Amerikanyň abraýly neşiriniň ýazmagy boýunça, talap arzasy hökmünde berlen 80 sahypalyk dokumentiň awtorlarynyň pikirine görä, 30-dan gowrak hytaýly syýasatçylar hem ýolbaşçylar Hytaýdaky musulmanlara garşy jeza çärelerini ulanmakda aýyplanýar. Soňky ýyllarda Hytaýyň syýasy lideri Si Jinping alyp barýan syýasaty Sinjiang-Uýgur awtonomiýasynda ýaşaýan musulmanlaryň garşysyna gönükdirildi. Şol sebitde ýaşaýan musulmanlar berk yzarlanýarlar, saklanýarlar hem aýdylyşy ýaly «syýasy taýdan täzeden terbiýelenýärler».

Hukuk goraýjylaryň atlandyryşy boýunça konsentrasiýa lagerlerine Hytaýda ýaşaýan takmynan million çemesi uýgurlar hem beýleki musulman ilat salnypdyr. Bu ýagdaý halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgarylýar. Uýgurlaryň hak-hukuklaryny goraýan halkara aktiwistleri «genosidiň pidalary babatynda hakykatyň dikeldilmegine» hem hytaý hökümetiniň «harby jenaýata çekilmegine»çagyryş edýärler. Ýöne Hytaý hiç wagtda ýurtda musulmanlaryň hukuklarynyň bozulan faktyny boýun almady, şonuň üçinem aktiwistleriň hytaý hökümetini Gaagadaky sud jogapkärçiligine çekdirmek mümkinçiligi sorag astynda galýar.

Halkara tribunala talap arzasyny ýazanlardan biri, käri boýunça ýurist Rodni Dikson New York Times neşiri bilen gürrüňdeş bolanynda, olaryň talap arzasynda Hytaýyň çäre beriji syýasaty babatynda Täjigistanyň hem Kambojanyň hereketlerine-de baha bermek talap edilýär.

Gaaga uçmazdan öňinçä Dikson amerikan neşirine«bu işiň aýratyn möhüm tarapy – uzak wagtyň dowamynda Hytaý resmilerini halkara sudunda jogapkärçilige çekmäge mümkinçilik bolmady»diýdi.Ýuristiň sözüne görä, eger ol ýurt Halkara jenaýat sudunyň agzasy bolsa, onda şeýle ýagdaýda onuň jogapkärçilige çekilmegi mümkin.

Duşenbeden iň azynda üç uýgur deportasiýa edilipdir

9-njy iýulda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy bu ýagdaýa kommentariýa bermegini sorap, Täjigistanyň Daşary işler ministrligine haýyş bilen ýüz tutdy hem ýüze çykan ýagdaý barada täjik hökümetleriniň pikirini bilmek isledi. Emma häzire çenli redaksiýa jogap almady. Şonuň bilen birlikde bu iş boýunça DIM-den hem Baş Prokuraturadan kimleriň jogapkärdigini anyklap bilmedi.

Şonuň bilen birlikde, Täjigistanyň hytaýly musulman aktiwistlerini Pekine bermek barada ýardam edendigi hem nämälim bolup galýar. Bu ýagdaýy resmiler düşündirmeýärler.

Şeýle-de bolsa, 2019-njy ýylyň awgustynda ýaýran maglumata görä, milleti uýgur bolan we öz şahsyýetini kesgitleýän täjik dokumenti bolan Hytaý Halk Respublikasynyň azyndan üç graždanini Türkiýeden ekstradasiýa edilipdir. Azat Aziýa Radiosy hem-de bir amerikan neşiri ol graždanlaryň öz ýurdy Sinjiangda jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini habar berdiler.

Iki täjik ýolagçysynyň şaýatlyk etmegine görä, Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheriniň aeroportunda olary hytaý polisiýasynyň ofiserleri saklapdyr. Ol täjik şaýatlarynyň sözüne görä, uýgur milletindendigi çak edilýän bäş adam – bir erkek kişi hem dört aýal maşgala, olaryň hem Hytaýa deportasiýa edilen bolmagy mümkin diýilýär. Ol graždanlaryň soňky ykballary mälim däl. Täjigistanyň hökümetleri bu ýagdaýa hem düşündiriş bermediler.

"Hatda Türkiýäniň ilçihanasy hem saklananlar barada gyzyklanyp bilmedi”

Şondan soň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, takmynan 80 çemesi uýgur aktiwisti Türkiýedäki Täjigistanyň ilçihanasynyň alnynda, uýgur milletinden bolan üç adamyň ýitirim edilmegine protest bildirdiler. Olar Türkiýede ýaşaýardylar. Habar serişdeleriniň ýazmagyna görä, Ankarada geçirilen protest üçin, Duşenbede milleti uýgur bolan Ablimit Dawatoglu saklanypdyr, ertesi güni HHR-niň graždanlary bolan Komijan Amiroglu hem Emet Rasidi saklanypdyr.

Demirgazyk Türkestan bilen hyzmatdaşlyk Assosiýasynyň Türkiýedäki başlygy Hidoýatullo Ogojonyň mälim etmegine görä, ol üç uýguryň «hytaý hökümetiniň basyşy esasynda saklanyp, soňra Hytaýa ekstradasiýa edilen bolmagy mümkin». Ogojonyň ýene-de aýtmagyna görä, Dawatoglunyň dogany mundan on ýyl öň hytaý hökümetleri tarapyndan saklanýar hem separatizmde aýyplanyp jezalandyrylypdyr.

Täjigistanly hukuk goraýjy Dilrabo Samadowa öz ylmy işinde şeýle ýazdy: «Ablimit Dawatoglu Täjigistanda saklanyp, Hytaýa tabşyrylanda, onuň Türkiýeden raýatlygy bardy. Duşenbe hytaý hökümetiniň soramagy bilen Dawatogluny Pekine ugratdy. Şonda Türkiýäniň Täjigistandaky ilçihanasynda onuň tussag edilmegi barada hiç bir maglumat ýokdy. Şonuň üçinem olar Ablimit Dawatoglu hiç hili kömek edip bilmediler. Bu iş Türkiýäniň habar serişdelerinde aýdyldy».

Beýleki bir hukuk goraýjy bolsa Täjigistanyň Gaagadaky Halkara jenaýat suduna agza bolup durýandygyny aýdyp, öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmeli boljakdygyny mälim edýär. Şonuň bilen birlikde Hytaý Täjigistanyň strategiki partnýorlaryndan biri bolup durýar. Täjigistanyň daşarky bergisiniň deň ýarysy – 2 milliard 800 million dollar Hytaýdan gelipdi.

Bu iki ýurduň hyzmatdaşlygy iki taraplaýyn ylalaşyk hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) esasynda ýola goýlupdy. Terrorizme, separatizme hem ekstremizme garşy bilelikde göreşmek üçin, ŞHG agzalary 2001-nji ýylda konwensiýa gol çekdiler. Şol konwensiýa laýyklykda gözlegde bolan jenaýatçylary saklamak hem ekstradasiýa etmek gatnaşyjy döwletleriň borjuna girýär.

Täjik-hytaý gatnaşyklary dokumentini okap öwrenen täjik ýuristlerinden biri «ŞHG konwensiýasy ynsan hukuklary ýaly gymmatlyklary nazarda tutmaýar, onda adamyň esasy hukuklaryny we erkinligini goramak baradaky talap ýok»diýip belledi.Ýuristiň sözüne görä, ol dokument«terrorizme, separatizme hem ekstremizme garşy bilelikde göreşýän döwletler ynsan hukuklaryna hormat goýmak we ony goramak borjuny öz üstüne almaýar, terrorizme, separatizme hem ekstremizme garşy göreş syýasy häsiýete eýe däl, şonuň üçinem ol günälerde aýyplanýan adamyň syýasy gorag alyp bilmezligi mümkin»diýdi.

Pompeo «С5+1» maslahatyndan soň, uýgurlaryň yzyna tabşyrylmagyna garşy durmaga çagyryş etdi

Geçen ýylyň sentýabrynda ABŞ-yň döwlet sekretary Maýk Pompeo dünýä jemgyýetçiligine uýgurlary Hytaýa bermezlige çagyryş etdi. Ol Hytaýdaky uýgur milletiniň agyr ýagdaýyna salgylanyp, olaryň Pekiniň ýöredýän «terrorizm hem dini ekstremizm» bahanalary bilen gynalmalara duçar edilýändigini aýtdy. Geçen ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu Ýorkda «С5+1»çarçuwasynda geçen Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen duşuşygynda, «Hytaýyň Sinjiangdaky uýgurlara garşy alyp barýan syýasatynyň terrorizme garşy göreş bilen hiç bir baglanyşygynyň ýokdugyny» aýtdy.

«Men aýdyňlyk girizmek isleýärin, Hytaýyň Sinjiangdaky repressiw kompaniýasy terrorizm bilen baglanyşykly däl. Bu ýerde gürrüň Hytaýyň özüniň [meňzeş] graždanyny ýok etmek synanyşygy barada barýar. Biz ähli ýurtlary Hytaýyň uýgurlara garşy alyp barýan repatirasiýa çäresine garşy durmaga çagyrýarys» diýip, Pompeo aýtdy.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

adyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG