Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Kreml şok bolýar”: Protestler Russiýanyň Uzak Gündogaryny sarsdyrýan mahaly, Moskwa jogap bermäge çalyşýar


Habarowksda geçirilen protest. 16-njy iýul, 2020. Russiýa
Habarowksda geçirilen protest. 16-njy iýul, 2020. Russiýa

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýanyň Hytaý bilen serhetleşýän Habarowsk sebitiniň ýaşaýjylary häkimiýet başyndaky partiýa bilen hyzmatdaşlyk etmeýän gubernatora has köp ses berdiler. Öň metal galyndylarynyň söwdasy bilen meşgullanan Sergeý Furgal, ýurtda adamlaryň aýlyk haklarynyň peseldilmegine hem-de pensiýa ýaşyny bäş ýyla çenli ýokarlandyran pensiýa reformasyna bildiren nägilelik tolkuny bilen ýeňiş gazandy.

Saýlawda sesleriň 70 göterimini alan Furgal şol wagt wezipe başynda oturan hem-de Wladimir Putiniň goldan dalaşgäri Wýaçeslaw Şprotyň garşysynda uly ýeňiş gazandy we Moskwanyň ünsüni özüne çekdi.

Käbir adamlar Şprotyň garşysyna gitmek bilen, Furgalyň kampaniýa geçirmekden saklanmak we Şprotyň toparynda bir wezipä eýe bolmak barada Kremle beren wadasyny tutmandygyny aýtdylar. Wezipä girişenden soň, ol döwlet telewideniýesiniň onuň adyny garalamak boýunça tutanýerlilik bilen amala aşyran garalama kampaniýalaryna we onuň işden kowulmagy üçin gurnalan “sahna oýunlaryna” duçar boldy. Bu soňy bilen onuň ýykylmagyna getiren bolmagy ahmal.

Kreml şok bolýar.
Abbas Galýamow, syýasy analitik

“Olar gyzyl çyzykdan geçdiler” diýip, şol wagtlar Putin administrasiýasyndan bir çeşme “Wedomosti” gazetine beren interwýusynda aýtdy. Ol muny şonda milletçi lybasa bürenýän, köplenç Kremle wepadar we hilegärlik bilen Russiýanyň Liberal demokrat partiýasy atlandyrylan hem-de saýlawlarda Furgaly hödürlän partiýany göz öňünde tutup aýtdy. “Olar [hakyky] oppozisiýa öwrüldiler. Indi kysmatyna kaýyl bolsunlar” diýip, ol aýtdy.

Bir hepde mundan ozal, şol duýduryşlar hakykata öwrülen ýaly bolup göründi. Wezipä girişmeginden iki ýyl töweregi wagt soň, Furgal 10-njy iýulda tussag edildi we Moskwanyň “ýakasy gaýyşly” Lefortowa türmesine äkidildi. Ol 2004-2005-nji ýyllarda iki telekeçini guramaçylykly öldürmek we ýene birini öldürmäge synanyşmak aýyplamalary boýunça sud edilmäge garaşýar. Ol özüniň günäkär däldigini aýtdy we onuň goldawçylary bildirilýän günäleriň ýüze çykmagy üçin 15 ýyl garaşylmagynyň sebäbini soraga tutýarlar.

Ertesi güni Habarowsk regionynda şäherler 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň şaýat bolan iň uly protestleri bilen sarsyldy, 30 müň töweregi adam regionyň paýtagty Habarowskda ýöriş geçirdi we Furgalyň boşadylmagyny talap etdi. Protestler her gün dowam edýär, olarda Putine garşy şygarlar aýdylýar. Moskwa bu çärelere dogry jogap tapmaga dyrjaşýar.

Sergeý Furgal
Sergeý Furgal

“Ýagdaý emosional taýdan gaty rezonansly” diýip, Putiniň metbugat wekili Dmitri Peskow 14-nji iýulda aýtdy we bu protestleriň koronawirusyň ýaýramagyny çaltlandyryp biljekdigini duýdurdy. Russiýanyň döwlet telewideniýesi ýurduň Uzak Gündogarynyň beýleki künjeklerinde kiçeňiräk protest çärelerini tutaşdyran Habarowsk ýörişleri barada göz-görtele dil ýarmaýar.

“Kreml şok ýagdaýynda” diýip, moskwaly syýasy analitik Abbas Galýamow aýtdy. “Nädip jogap bermelidigini hiç kim bilmeýär” diýip, ol belledi.

Gündogar

Adatça, Russiýada oppozisiýa duýgularynyň binýady senagatlaşan Uzak Gündogar däl-de Moskwa diýlip bilinýär. Ýurduň çet gündogar sebitleri köplenç merkezden iberilýän subsidiýalara bil baglaýar we ýaramaz şertlerden ejir çekýär. Ol ýerlerde köpçülik protestleri seýrek bolup, adamlaryň arasynda nägilelikler köçede däl-de özara gürrüňlerde beýan edilýär.

Ýöne bu sapar başgaça diýip, analitikler aýdýar.

Russiýanyň konstitusiýasyna jedelli üýtgetmeleri girizýän, şol sanda Putiniň her haýsy 6 ýyldan ýene-de iki möhlete prezident galmagyna ýol açýan 25-nji iýun – 1-nji iýul aralygyndaky ses berişlik adamlarda olaryň syýasy saýlawlarynyň alga alynmaýandygy barada pikir döretdi. Tanymal häkimiň tussag edilmegi bu duýgynyň protest ýörişleri görnüşinde beýan edilmegine katalizator bolup hyzmat etdi.

Moskwada geçirilen sud diňlenişiginde Furgal. 16-njy iýul
Moskwada geçirilen sud diňlenişiginde Furgal. 16-njy iýul

“Bu Moskwa ýa-da Sankt Peterburg ýaly protestler şäheri däl” diýip, Zýoma Kulikowa – habarowskly bir protestçi AÝ/AR-a aýtdy. “Ýöne men Furgal yzyna getirilip,Habarwoskda açyk sud edilýänçä geler duraryn” diýdi.

11-nji iýulda protestlere rekord derejede gatnaşyjynyň hasaba alynmagyndan bäri mähelle azaldy, diňe birnäçe ýüz adam her agşam regional häkimligiň daş ýüzünde protest geçirýär. Ýöne ses çykarany üçin özünden ar alynmagyndan gorkup, familiýasyny aýtmakdan saklanan gurluşykçy Sergeý 18-nji iýulda geçirilmegi meýilleşdirilýän uly ýörişiň öň ýany adamlaryň göreşe taýýardygyny aýtdy.

“Biz Moskwanyň bizi eşitmegi üçin, Putiniň bizi eşitmegi üçin her zat edýäris” diýip, ol aýtdy. “Olar biziň her gün azalýandygymyzy aýdýarlar, ýöne bu hepde soňy dynç alyşda, adamlar toparlanyp geler”

Geçen tomus, onlarça müň adamdan ybarat mähelle garaşsyz dalaşgärleriň şäher geňeşi üçin geçirilen saýlawlardan çetledilmegi boýunça Moskwada protest geçirdi. Polisiýa olara güýç görkezip, hem-de kazyýet jogapkärçiligine çekip reaksiýa bildirdi. Bu kazyýet işlerinde birnäçe adam özleriniň ret edýän ýa-da aşa çişirilendigini aýdýan aýyplamalary boýunça türme tussaglygyna höküm edildiler.

Bu hepde 15-nji iýulda Putiniň häkimiýetiniň uzaldylmagyna garşy geçirilen kiçeňiräk ýörişe gatnaşyjylar “Habarowsk, biz siz bilen!” diýip, gygyrdylar hem-de Furgalyň adyny plakatlara ýazdylar. Esasy çäräniň tamamlanmagynyň edil yz ýany 140 töweregi protestçi polisiýanyň zorlugy astynda tussag edildi.

Ýöne Habarowsk protestleri dowam edýän wagty, häkimiýetleriň şuňa meňzeş güýç görkezmek alamatlary az boldy. Gaýtam, protestler bular ýaly zatlara öwrenişmedik ýerli kanun goraýjy mehanizmleri aljyradan çemeli.

Kreml howsalaly

“Protestler şeýle bir derejä baryp ýetdi, häkimiýetler howsalaly” diýip, Galýamow aýtdy. “Şol sebäpden kanun goraýjy edaralar seresaply hereket edýärler. Adamlaryň tussag etmelere nähili reaksiýa görkezjegi belli däl. Adamlar gazaplanmagy mümkin” diýip, ol belledi.

Az adam bu protestleriň Putiniň ýigrimi ýyllyk häkimiýetini agdarjak rewolýusiýany tutaşdyrjagyny çaklaýar. Ýöne köp ýyllyklaryň dowamynda aýlyklaryň peselmeginden soň, hem-de her gün müňlerçe russiýalyny kesel etmäge dowam edýän pandemiýa döwründe döwletiň ujypsyz berýän goldawyndan soň, käbir synçylar Habarowskyň has köp tolgunyşyga hamyladygyny aýdýarlar.

“Furgalyň traýektoriýasy bize onuň özünden has beter Russiýada herekete geçen tektonik proseslerden has köp habar berýär” diýip, Londonyň “Royal United Services” institutynyň Russiýa boýunça eksperti Mark Galeotti özüniň soňky burçunda ýazdy. “Döwür gowy wagty gaty çykýan syýasy sesiň ýoklugyndan az alada edýärsiň, ýöne soňky ýyllar olar ýaly däl”

Galeotti bu protestleriň “Putinizmiň barha pese gaçmagynyň” ýene bir alamatydygyny aýdýar. Habarowskyň ýaşaýjylary demonstrasiýalar bilen ykdysady çökgünlikden, işsizlikden hem-de öz sesleriniň eşidilmeýändiginden gaharyny çykarýarlar.

“Bu däl Putini agdarjak, bu giçki Putinizmiň yrgyldysynyň we kesekileşmeginiň alamatyna öwrülýär” diýip, Galeotti ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG