Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Geçen ýyl Türkiýä baran türkmenistanlylar yraklylardan azrak, siriýalylardan has kän boldy


Türkiýe. Stambulda gündelik işe garaşýan migrantlar.
Türkiýe. Stambulda gündelik işe garaşýan migrantlar.

Türkmen migrantlarynyň birnäçesiniň aýtmagyna görä, häkimiýetler ýaşaýyş rugsatlarynyň möhleti dolan türkmenistanlylaryň oturym rugsadyny uzaltman başladylar.

Türkmenistanlylar 2019-njy ýylda Türkiýä gelen migrantlaryň möçberleri boýunça Yrakdan gelenlerden soň ikinji boldular we bu ýurda uruş-gowgaly Siriýadan, Owganystandan gelen raýatlaryň sany Aşgabadyň halkara aeroportundan uçup gelenleriň sanyndan has az boldy. Bu barada Türkiýäniň "Milliyet.com" neşiri habar berýär.

Türkiýäniň Göç edarasynyň golaýda çap eden maglumatlaryna görä, geçen ýyl bu ýurda göçüp gelen daşary ýurtlularyň iň köplügini, 14,5 göterimini yrak raýatlary düzse, Türkmenistandan gelenler daşardan gelen migrantlaryň 13,8 göterimini düzýär.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2019-njy ýylda Türkiýä uruş-gowgasy ýatmaýan Owganystandan gelenler migrantlaryň 8,2%, Siriýadan gelenler 7.5%, uzak wagtlap halkara sanksiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolan Eýrandan gelenler 7.3% boldy.

Bu, Yrakdan beýleki aladaly Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen deňeşdirilende, asuda we ykdysadyýeti “bedew bady bilen ösýän” Türkmenistandan Türkiýä gelenleriň has kän bolandygyny görkezýär.

Şol bir wagtda, geçen ýyl Türkiýäni terk eden daşary ýurtlularyň içinde türkmenistanlylar azlyk bolup durýar. Aýdaly, geçen ýyl Türkiýeden gidenleriň içinde yraklylar 23,9% bolup, birinji orny eýelese, ikinji orunda Eýran (7.3%), üçünji orunda Owganystan (6.8%) dördünji orunda Azerbaýjan (6%), bäşinji orunda Türkmenistan (5.7%) durýar.

Türkiýäniň Göç edarasy geçen ýyl ýurda gelen migrantlaryň möçberleriniň 2018-nji ýyldaka garanda 17,2% artyp, 677 müň 42 adam bolandygyny hem habar berýär. Migrantlaryň ýaş aýratynlyklaryna edilen gözegçilik esasan 20-34 ýaş aralygyndaky ýaş, gujurly adamlaryň köp gelýändigini görkezýär.

Mysal üçin, geçen ýyl Türkiýä gelenleriň 13,3 göterimini 25-29 ýaş toparyndaky adamlar, 12,2 göterimini 20-24 ýaş aralygyndakylar, 11,6 göterimini 30-34 ýaş aralygyndakylar düzýär. Şeýle-de, gelenleriň 45.3 göteriminiň Stambul sebitini saýlap alýandygy aýdylýar.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derejesi, şol sanda işsizlik zerarly Türkiýä ýa beýleki ýurtlara giden raýatlary hakynda maglumat çap etmeýär, bu mesele boýunça Azatlygyň soraglaryna hem jogap bermeýär. Ýöne syzyp çykan maglumatlar soňky on ýylda Türkmenistandan ýüz müňlerçe adamyň daşary ýurtlara gidendigini görkezýär.

Ekspertler esasy girdejisi daşary ýurtlara satylýan nebit-gaz bolan Türkmenistanyň soňky ýyllarda, energiýa bahalarynyň global arzanlamagy, alyjylaryny ýitirmegi we gymmatbaha, netijesiz taslamalara milliardlarça dollar harçlamagy bilen, agyr ykdysady kynçylyklara uçrandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň oba hojalygy, ilatyň aglaba köplügini iş bilen, ýurduň bazarlaryny azyk önümleri bilen üpjün eden pudak hem çökdi diýip, ýerli synçylar Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýdýarlar. Bu ýagdaý ýerden eklenen adamlaryň barha kän şäherlere, gurluşyklara işe gitmegine alyp geldi we ýurtdaky azyk ýetmezçiliginiň çuňlaşmagyna goşmaça bir sebäp boldy.

Azatlyk bilen gürleşýän kärendeçiler ýurtda oba hojalyk önümlerini öndürip, maşgala eklemegiň juda kynlaşandygyny; suw, dökün, tehnika meseleleriniň çözülmeýändigini, üstesine döwletiň ekmeli ekini, soň hasylyň bahasyny hem öz meýline görä, juda arzan bahadan kesgitleýändigini aýdýarlar.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda global energiýa bahalarynyň has pese düşmegi, Türkmenistanyň Hytaýa satýan gazyndan alýan pulunyň azalmagy bolsa, resmi Aşgabadyň “bedew bady bilen ösýän” ykdysadyýetini öňküdenem beter haýallatjaga meňzeýär we muny prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem birnäçe gezek tassyk etdi.

Şu aralykda, Türkiýede işleýän türkmen migrantlarynyň birnäçesiniň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Stambuldaky häkimiýetler ýaşaýyş rugsatlarynyň möhleti dolan türkmenistanlylaryň oturym rugsadyny uzaltman başladylar.

“Diňe okaýanlaryň oturym möhleti uzaldylmaly” diýdiler diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 25 ýaşly türkmen raýaty Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Doganym koronawirus sebäpli uçar gatnawlary ýatyrylmazdan öň, agyr işe ýaraman, öýde bejergi almak üçin yzyna gaýtdy, indi men hem onuň çagalaryny we özüni, hem öz maşgalamy şu ýerde işläp eklemeli” diýip, işsizlik zerarly bir ýyl ozal Stambula gelen türkmen aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýaşaýyş rugsady uzaldylmadyk migrantlary, bilseler, iş berijiler hem işde saklamak islemeýär.

“Şu sebäpden ýaşaýyş rugsady baradaky problemamy aýtmaýaryn, eger işimi ýitirsem, ýagdaýym has-da kyn boljak” diýip, ol ozal dokumentsiz galanlaryň tejribelerini öwrenýändigini, ýa oba ýerlerine gitmeli boljakdygyny, ýa-da Dubaýa geçmäge synanyşjakdygyny gürrüň berdi.

Metbugat habarlaryndan belli bolmagyna görä, Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan we işleýän türkmenistanlylar müňlerçe bolup, olaryň her hili kyn ýagdaýlara düşýän halatlary hem az bolmaýar. Emma muňa garamazdan, Türkiýedäki türkmen ilçihanasynyň we konsullygynyň işgärleriniň olara kömek etmeýändigi habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG