Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşkentdäki tiz kömek gullugynyň koronawirus bilen göreşýän lukmanlary pandemiýa wagtynda hökümetiň hereketinden närazy


Illýustrasiýa suraty.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň Merkezi tiz kömek gullugynyň ýöriteleşdirilen toparynyň lukmanlary 19-njy iýulda, öz närazylygyny bildirip, sosial ulgamda açyk hat çap etdiler. Onda hökümetleriň Covid-19bilen göreşýän lukmanlara bolan gatnaşygynyň adalatsyzdygy aýdylýar. Tiz kömek gullugynyň işgärleriniň sözüne görä, lukmanlara bolan geleňsiz gatnaşyk sebäpli, paýtagtda koronawirusa ýolugan medisina işgärleriniň sany artypdyr. Lukmanlaryň ýazmagyna görä, soňky dört aýyň dowamynda, olar aýlyklarynyň üstüne berilmeli goşmaça haky bir gezegem almandyrlar, koronawirusa ýolugan medisina işgärlerine bolsa kompensasiýa tölenmändir.

Sosial ulgamda köpçülige ýaýran ol açyk hatdaMerkezi tiz kömek gullugynyň ýöriteleşdirilen koronawirusa garşy göreşýän 10-njy topary bu adalatsyzlyga öz närazylygyny bildirýärler.

«Biz eýýäm dört aý bäri pandemiýa şertlerinde COVID-19koronawirusyna garşy göreşip gelýäris. Ýöne biz şu döwürde wada edilen goşmaça aýlyk hakyny bir gezek hem almadyk, aýlyk haklarymyz hakda-ha gürrüňem ýok, ol her gezekde gijikdirilip berilýär. Mundan daşary-da biz – doktorlar her 14 günden koronawirus üçin test tabşyrmaly. Ýöne geçen dört aýyň dowamynda diňe bir gezek test tabşyrdyk. Belki, biziň aramyzda ol wirusa ýolugyp, ony aýak üstünde geçirýän bardyr. Belki, biziň organizmimiz ol wirusa garşy immuniteti özleşdirendir. Biz hem adam ahyryn, işden soň öz maşgalamyzyň arasyna dolanýas. Biz haçana çenli öz saglygymyz üçin şübhede hem gorkuda gezmeli?»diýip, tiz kömek gullugynyň lukmanlarynyň açyk hatynda aýdylýar.

28ýaşly Bahtiýar soňky dört aýyň dowamynda Daşkendiň Merkezi tiz kömek gullugynyň ýöriteleşdirilen 10-njy toparynda işläp gelýär.

Bu ýaş lukmana golaýda koronawirus infeksiýasy ýokaşdy. Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, ol özüniň kärdeşleriniň açyk hatyna goşulandygyny aýtdy.

– Geçen dört aýyň dowamynda biziň işlän ähli nobatçylygymyzy hasaba alsaň, prezidentiň wada beren pul göterimini biz üç gezek almalydyk. Mundan daşary-da, prezidentiň ýörite karary bilen lukmanlar her iş gününe aýlygyndan daşary 6% goşmaça almaly, ýöne ony bize diňe iki aý üçin tölediler. Ondan daşary-da, iş wagtynda koronawirusa ýolugan lukmanlara 100 million sum (9800 dollar) möçberinde kompensasiýa beriljegi wada edildi. Men häzire çenli ýeke teňňe-de alamok – diýip, Bahtiýar aýdýar.

Onuň hasaplamagyna görä, hökümet koronawirus pandemiýasy wagtynda işlän wagty üçin oňa 177 million 200 müň sum (17,5 müň dollara golaý) tölemeli.

  • iş wagtynda koronawirusa ýolugany üçin 100 million sum kompensasiýa;
  • pandemiýa döwründe 4 aý işländigi üçin, 75million sum goşmaça iş haky;
  • gündelik işi üçin aýlygyna 6% goşmaça hak, ol iki aý üçin 2 million 200 müň sum;

Bahtiýar häzir özüniň maşgala agzalarynyň saglygyny alada edýändigini aýdýar.

– Men 8-nji iýulda test tabşyrdym, onuň jogabyny bolsa diňe 14-nji iýulda aldym, ony-da köp dawa-galmagal bilen. Testiň netijesi položitel çykansoň, 15-nji iýulda meni keselhana ýerleşdirdiler. Men nähilidir tanyşlarynyň üstünden, öz maşgalamyň hem test tabşyrmagyny gazandym. Ondan bäri hepde geçse-de, testiň netijesi entek belli däl. Iki ýaşly gyzym bilen aýalym ýarawsyz, olar öýde bejergi alýarlar – diýip, Daşkent keselhanasynyň lukmany aýdýar.

Koronawirusa ýolugan lukman öz dert-aladasyny bölüşýär.

Ol soňky iki aýyň dowamynda lukmanlaryň iş şertlerine üns berilmegi üçin, dürli ýokary edaralara ýüz tutandyklaryny-da sözüne goşýar.

– Biz bu hakda prokuratura ýazdyk, Ombudsmene ýüz tutduk, prezident portalyna, dürli gazetlere ýüzlendik. Ýöne hiç biri netije bermedi. Biz hökümetden özümize degişli zady talap edýäris. Medisina işgärlerini zerur bolan ähli gorag serişdeleri bilen üpjün etmeli. Biz tutuş dört aýlap janymyzy howp astynda goýup işledik. Medisina işgärlerini wagtly-wagtynda koronawirus testinden geçirip durmaly, ýogsa olaryň başgala koronawirusy geçirmegi mümkin – diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Daşkent şäherindäki Merkezi tiz kömek gullugynyň ýolbaşçylaryndan, ýöriteleşdirilen 10-njy toparyň işgärleriniň sosial ulgamda ýerleşdiren açyk hatyna kommentariýa bermegini sorady.

Ol Merkezden bir wekiliň adyny aýtmazlyk şerti bilen mälim etmegine görä, keselhananyň ýolbaşçylary Özbegistanyň Saglygy saklaýyş ministrligine meseläni çözmek üçin, ýardam berilmegini sorap ýüz tutupdyrlar. Ýöne olaryň ýüzlenmesine ministrlik hiç bir jogap bermändir.

Azatlyk ministrlikden hem kommentariýa alyp bilmedi.

Özbegistanyň medisina işgärleriniň hökümetden närazylygy bolsa sosial ulgamda dowam edýär.

Golaýda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň özi hem saglygy saklaýyş pudagynda problemanyň bardygyny boýun aldy.

15-nji iýulda geçen wideoselektor maslahatynda döwlet ýolbaşçysy ýurduň saglygy saklaýyş ministri Alişer Şadmanowa hem Daşkent şäheriniň häkimi Jahongir Artykhojaýewe ýüze çykan ýagdaýa hem abanýan howpa ýeterlik üns bermeýändigi üçin käýinç berdi.

19-njy iýulda geçen wideoselektor maslahatynda bolsa prezident Mirziýaýew şol günden başlap, koronawirusly keselliler bilen işleşýänler üçin edaralar arasynda kommersiýa bankyny döredip, lukmanlaryň aýlygynyň her 14 güni üçin tölegleriniň geçiriljekdigini aýtdy.

20-nji iýulda bolsa Özbegistanyň hökümeti berk karantin düzgüni wagtynda tiz medisina kömegi toparynda işlänleriň aýlygyna 1 - 2,5 million sum (100 -250 dollar) artykmaç goşuljakdygy barada karar çykardy.

Mundan daşary-da, şol döwürden başlap, 1 medisina işgärinden hem 1 sürüjiden ybarat gije-gündiz hereket ediji medisina toparynyň dörediljekdigi aýdyldy. Olar koronawirus epidemiýasy bar wagtynda ýurtda hereket ederler.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG