Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomat nobatlary egsilmeýär


Illýustrasiýa suraty. Bankomat nobatyna garaşýan adamlar. Aşgabat.
Illýustrasiýa suraty. Bankomat nobatyna garaşýan adamlar. Aşgabat.

Gurban baýramyna garamazdan, “Türkmen-türk” täjirçilik bankynyň öňündäki bankomatlarda 100-den gowrak adam nobata dur diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji awgustda Aşgabatdan habar berdi.

Türkmenistanda bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmaga garaşýan adamlaryň uly nobatlary tutuş dünýäde dowam edýän hem-de türkmen häkimiýetleriniň ýurtda onuň hasaba alynmandygyny aýdýan koronawirus pandemiýasynyň arasynda egsilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bankomat nobatyna garaşýan adamlaryň arasynda sosial aralygyň saklanmaýandygyny, munuň bilen olaryň öz saglyklaryny howp astyna salýandygyny habar berýärler.

Aşgabatdaky Türkmen-türk täjirçilik bankynyň “daş ýüzünde, binanyň burçunda iki bankomat bar. Bankomatlaryň öňünde 60 töweregi adam bar, galan 50 töweregi adam agajyň kölegesinde öz nobatyna garaşýar” diýip, habarçy duşenbe güni paýtagtdan habar berdi.

Bu aralykda, ilat bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly agyr kösençligi başdan geçirýän wagty, häkimiýetler sebäbini düşündirmezden paýtagtda bankomatlaryň sanyny azaldýar:

"Hemme ýerde diýen ýaly bankomatlary aýyrýarlar. Birnäçe gün ozal "Paýtagt" söwda merkezindäki bankomaty aýyrdylar. Görogly köçesiniň ugrundaky bankdan iki bankomat aýryldy, ýagny olaryň sany azaldyldy. Häzirki wagtda banklarda diňe 1 ýa-da 2 sany bankomat galdyrýarlar, galanlaryny aýyrýarlar" diýip, habarçymyz 22-nji iýulda Aşgabatdan habar berdi.

“Türkmen-türk” täjirçilik bankynyň öňündäki bankomat nobatlary barada habar beren habarçymyz 3-nji awgustda, beýleki banklarda bolşy ýaly “Türkmen-türk” bankynyň öňündäki bankomatlaryň hem sökülmek ähtimallygy barada habar berdi we muny häkimiýetleriň bankomat nobatlaryny ortadan aýyrmak hem-de häkimiýetler üçin “masgaraçylygyň öňüni almak” synanyşyklary bilen ilteşdirdi.

Azatlyk Radiosy “Türkmen-türk” täjirçilik bankynyň öňündäki bankomatlaryň sökülmek ähtimallygy baradaky malgumatlar boýunça bankyň özünden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kynçylyklar ýurduň beýleki künjeklerinde-de dowam edýär.

Mary şäheriniň bir ýaşaýjysy 3-nji awgustda Azatlyk Radiosyna iberen maglumatynda “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Marydaky şahamçasynyň öňünde dörän uly bankomat nobatlary barada habar berdi.

“Adamlar jokrama yssyda [bankomatlaryň öňünde] nobata garaşýar, olaryň arasynda hiç hili 2 metr aralyk saklanmaýar” diýip, ol aýtdy.

Dünýäde koronawirus pandemiýasy dowam edýän wagty Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) wirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen köpçülik ýerlerinde adamlaryň arasynda sosial aralygyň saklanmagyny maslahat berýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi iýulyň ortalarynda çap eden media maglumatynda “howanyň düzüminde tozanyň agdyklyk etmegi” sebäpli ilata maska geýmegi hem-de azyndan 1 metr howpsuz aralygy saklamagy maslahat berdi, ýöne howpsuz aralygy saklamagyň “tozan” bilen ilteşigini düşündirmedi.

Maryly ýaşaýjy bankomat nobatlarynda bir polisiýa işgäriniň nobata gatyşýandygyny, onuň 30 manat möçberinde para beren adamlaryň bankomatlardan nobatsyz pul çekmegine kömek edýändigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumat boýunça Mary şäheriniň polisiýa bölüminden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Soňky aýlarda bu ykdysady kynçylyklar bilen bagly maliýe, şol sanda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi has-da ýitileşdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklary aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG