Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Eýran COVID-19 ölümlerini peseldip görkezdi


Eýranyň keselhanasy
Eýranyň keselhanasy

Eýranyň hökümeti ýurtda koronawirus bilen bagly ýagdaýlary we ölümleri düýpgöter peseldip görkezdi, diýip BBC gullugy özüne iberilen gizlin maglumatlara salgylanyp habar berýär.

Sanlardan mälim bolşuna görä, Eýranda 20-nji iýula çenli COVID-19 alamatlary bilen 42 müňe golaý adam heläk bolupdyr. Eýranyň Saglyk ministrligi gürrüňi gidýän döwür içinde 14 müň 405 adamyň ýogalandygyny aýtdy, diýip britan habar agentligi 3-nji awgustda maglumat berdi.

BBC gullugyna anonim çeşmäniň ugradan maglumatlarynda günde näçe adamyň keselhanalara ýüz tutandygy, olaryň ady, ýaşy, jynsy, simptomlary we keselhanada geçiren wagty hem görkezilýär.

BBC bularyň özündäki ýogalan we diri hassalar baradaky bar bolan maglumatlaryna gabat gelýändigini aýtdy.

Pandemiýa başlanan wagty Eýran wirusdan iň ejir çeken döwletleriň hataryndady. Şonda hökümetiň berýän sanlarynyň ygtybarlygy hem sorag astyna alnypdy. Şeýle-de Hytaýyň beren resmi maglumatlary hem şübhe döredipdi.

BBC anonim çeşmäniň ugradan maglumatynda hassahanalara gündelik ýüz tutýan adamlaryň sanynyň ýöriteläp peseldilendiginiň äşgär edilýändigini belleýär.

Anonim çeşmäniň BBC aýtmagyna görä, ol bu maglumatlary ‘hakykata ýagty salmak”, şeýle-de koronawirus pandemiýasy babatyndaky ‘syýasy oýunlary’ bes etmek maksady bilen ugradypdyr.

Maglumatda bellenilşi ýaly, martda wirusyň ýaýramak gerimi has ýokary bolupdyr, şeýle-de martyň ortalaryna çenli heläk bolanlaryň sany resmi görkezijilerden bäş esse ýokary bolupdyr.

Eýranyň Saglyk ministrligi koronawirus ýagdaýlary we ölümleri boýunça Bütindünýä Saglyk Guramasyna berýän maglumatlarynyň ählisiniň “açykdygyny” aýdýar.

BBC-niň ozalky eýran resmisiniň we saglyk hünärmeniniň sözlerine salgylanyp aýtmagyna görä, Eýran hökümeti koronawirus ýurtda ilki ýaýrap başlanda “hakykata aladaly we howatyrly çemeleşipdir”.

“Hökümet garyp we işsiz adamlaryň köçelere çykmagyndan gorkdy” diýip, maglumatda bellenilýär.

Pandemiýadan ozal hem Eýranyň ykdysadyýeti agyr günleri başdan geçirýärdi. ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykyp, Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizmegi, Eýranyň ykdysadyýetine zarba urdy.

XS
SM
MD
LG