Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawyň öň ýany belarus häkimiýetleri oppozisiýanyň kampaniýa çärelerini ýatyrýar


Häkimiýetler Swýatlana Tsihanouskaýanyň Salihorsk şäherinde geçiren ýörişine päsgelçilik döretdiler. 4-nji awgust, 2020 ý.
Häkimiýetler Swýatlana Tsihanouskaýanyň Salihorsk şäherinde geçiren ýörişine päsgelçilik döretdiler. 4-nji awgust, 2020 ý.

Belarus häkimiýetleri 9-njy awgustda geçmeli saýlawlaryň öňüsyrasynda prezidentlige dalaş edýän Swýatlana Tsihanouskaýanyň kampaniýa çärelerini nobatdaky gezek ýatyrdylar. Olar muny syýasy ýörişleriň geçmeli ýerlerinde zerur abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen düşündirdiler.

4-nji awgustda paýtagt Minskden 100 kilometr günortada ýerleşýän Slutsk şäherinde ýerli häkimiýetler çäräniň geçmeli ýerinde ‘zerur’ abatlaýyş işleriniň geçirilmelidigini aýdyp, planlaşdyrylan oppozisiýa ýörişiniň bu sebäpli ýatyrylýandygyny yglan etdiler.

"Wýasna" adam hukuklaryny goraýan merkeziň maglumatlaryna görä, polisiýa we raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklary oppozisiýa ýörişine gelen ýüzlerçe adamyň hataryndan azyndan 17 adamy saklapdyrlar. Saklananlaryň arasynda ýerli bir habar saýtynyň redaktory hem bar.

Tsihanouskaýa 4-nji awgustda giçlik Salihorsk şäherinde geçmeli ýörişini hem ýatyrmaga mejbur boldy. Şäher häkimiýetleri çäräniň geçmeli stadionyna ekskawator getirip, ýeri gazyp başladylar we kampaniýany gurnaýjylara çäräniň ýatyrylandygyny aýtdylar.

Polisiýa ýörişe gelen adamlary dargatdy we azyndan bäş adamy tussag etdi.

Şondan bir gün öň, Stolbtsy şäherinde hem häkimiýetler Tsihanouskaýanyň kampaniýasy tarapyndan gurnalan mitingiň geçirilýän stadionyna gurluşyk tehnikasyny getirip, päsgelçilik döretdiler.

Analitikler belarus häkimiýetleriniň Tsihanouskaýanyň ýörişlerini ýatyrmaga hakynyň ýokdugyny, sebäbi ol ýörişleriň kanunydygyny, ýöne olaryň gurluşyk ýa-da başga bahanalary ulanyp, kapmaniýa çärelerine päsgelçilik döredip biljekdiklerini we geçirilýän çäreleriň birugsatdygyny öňe sürüp bilýändiklerini aýdýarlar.

9-njy awgustda geçiriljek prezidentlik saýlawynyň öň ýany prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň 26 ýyllyk awtoritar hökmürowanlygy barha gowşaýan ýaly bolup görünýär, ýöne analitikleriň köpüsi onuň hyjuwly oppozisiýa garşy hem repressiýa hem-de galplyk ulanmak arkaly ýeňiş gazanjakdygyny aýdýarlar.

Soňky hepdelerde onlarça müň oppozisiýa tarapdary 37 ýaşly öwrenje syýasatçy Tsihanouskaýany goldap, gündelik ýörişlere gatnaşdylar. Saýlawlardan çetleşdirilen dalaşgärler hem ony goldaýar.

Ses berişligiň öňüsyrasynda pandemiýanyň hem-de demokratiýaçy protestleriň fonunda görlüp-eşidilmedik tussag etmeler we yzarlamalar, şeýle-de dalaşgärleriň saýlawdan şübheli çetleşdirilmegi, ses berişlige kölege saldy.

Ses bermäge hukukly 6,8 million saýlawçysy bilen Belarus deslapky ses berişlige 4-nji awgustda başlady we bu 8-nji awgusta çenli dowam eder.

Şeýle-de bolsa, saýlawçylaryň köpüsiniň 9-njy awgustda ses bermegine garaşylýar. Çarşenbe güni Belarusyň Merkezi saýlaw komissiýasy umymy saýlawçylaryň 5 prosentden az böleginiň 4-nji awgustda ses bermäge gatnaşandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG