Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylar şahsy derman gutulary bilen üpjün edilmeli. Ene-atalar çagalaryny alada edýär


Türkmenistanly okuwçylar. Bezeg suraty
Türkmenistanly okuwçylar. Bezeg suraty

"1-nji sentýabrda mekdeplerde okuwyň başlanmagy mümkin, çagalaryň öz ýanlarynda şahsy derman gutusynyň bolmagy talap edilýär, ol gutularda 5 sany ýüz maskasy, ýod, 4 sany rezin ellik, 2 sany pürkülýän antiseptik, 1 oksalin gel bolmaly" diýip, habarçy bilim resmisine salgylanyp aýtdy.

Türkmenistanly ene-atalar ýurtda ýeke hadysasy hem resmi taýdan tassyklanmadyk pandemiýa aladalary bilen baglylykda, täze okuw ýylynyň öňünde kyn seçginiň öňünde galdylar: 1-nji sentýabrda çagalary okuwa ibermelimi ýa-da ýok?

Ýöne tejribeden çen tutulsa, bu mesele olardan soralmaz. Sebäbi ýurtda, her ýyl birinji klasa baranlara mugt kompýuter berilýändigi aýdylsa-da, Türkmenistanyň sapaklary uzak aralykdan geçirmek, çagalary öýünde okatmak mümkinçiligi ýeterlik bolman biler.

Şu aralykda türkmen metbugaty okuw egin-başlarynyň we esbaplarynyň satylyp başlandygyny, ýurt boýunça dört ýüzden gowrak mekdep bazarynyň we göçme söwda nokadynyň raýatlara hyzmat edýändigini habar berdi. Emma muňa garamazdan, mekdep bazarlarynyň alyjysy tas ýok diýen ýaly, adamlar çagalarynyň okuw esbaplaryny almaga, näme üçindir, howlukmaýarlar.

Şol bir wagtda, Azatlyk radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatyna görä, sebitiň bilim edaralary mekdeplerde okuwyň başlanmagyna taýýarlyk görýärler; bilim müdirligi etraplardaky mekdep direktorlaryna çagalaryň ýanynda şahsy derman gutusynyň bolmagyny üpjün etmek tabşyrygyny berdi.

Bu tabşyryk mekdepleriň 1-nji sentýabrdan çagalary kabul etmek ähtimallygynyň ýokarydygyny aňladýar.

"1-nji sentýabrda mekdeplerde okuwyň başlanmagy mümkin, çagalaryň öz ýanlarynda şahsy derman gutusynyň bolmagy talap edilýär, ol gutularda 5 sany ýüz maskasy, ýod, 4 sany rezin ellik, 2 sany pürkülýän antiseptik, 1 oksalin gel bolmaly" diýip, habarçy bilim resmisine salgylanyp aýtdy.

Bu çagalary mekdepde okaýan ene-atalaryň her çagasy üçin goşmaça 200 manat çykdajy etmeli boljakdygyny görkezýär diýip, adyny aýtmazlygy soran resmi mekdebiň bu harajatlary çekmek mümkinçiliginiň bolmajakdygyny duýdurdy.

Şeýle-de ol mekdeplerde okuwyň başlanyp-başlanmajakdygy baradaky anyk maglumatyň 20-nji awgustda belli ediljekdigini sözüne goşdy.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ene-atalaryň köpüsi sentýabrda çagalaryny mekdebe ibermek islemeýär. Özara gürrüňçilikde muňa kesgin garşy çykýan ene-atalar hem az däl diýip, habarçy aýtdy.

"Adamlar häzirki ýagdaýda çagany mekdebe ibermek onuň jan saglygyny töwekgellige salmak diýip hasaplaýar. Ikinji tarapdan, çagalar mekdebe gatnasa, köpçülikde bolsa, gartaşan adamlary öýden çykarman saklanyňdan peýda bolmaz, çagalaryň wirus daşaýja öwrülmegi mümkin diýen pikir hem bar.

"Bu ýagdaýda döwletiň hiç bir töwekgellik etmäge haky ýok, sebäbi bilim-sowatly lukmanlaryň hem ençemesi öz ýakyn garyndaşlaryna wirus ýokuşmagyna sebäp boldy" diýip, anonimlik şertinde gürleşen faraply ýaşaýjy aýtdy. Onuň sözlerine görä, Farapda, Türkmenabatda öz ýakynlaryna wirus ýokuşdyryp, olaryň ölümine sebäp bolan lukmanlar onlarça.

Azatlyk radiosy bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklap bilmedi. Häkimiýetler ýurtda köpelendigi aýdylýan ölüm hadysalaryna hiç bir düşündiriş bermeýärler.

"Eger bir çaga wirusdan ölse-dä, häkimiýetler günäkär bolar, sebäbi çagalar şahsy arassaçylyk düzgünlerini ýeterlik berjaý edip bilmeýär" diýip, Azatlyk bilen gürleşen faraply ene aýty.

Bütindünýä bankynyň awgustyň başynda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, koronawirus pandemiýasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilime, adam kapitalynyň hiline we durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesine uzak wagtlyk negatiw täsir eder.

Hasaplamalara, berilýän bahalara laýyklykda, bu sebitiň ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda ýaşlar umumy ilatyň ýarysyny düzýär we ýetginjekleriň arasynda funksional sowatsyzlygyň derejesi ýokarlanýar, okamak, ýazmak we hasaplamak endiklerini jemgyýet durmuşyna netijeli gatnaşmakda ýeterlik ulanyp bilmeýän okuwçylaryň sany köpelýär.

Pandemiýa başlamazyndan ozal hem bu sebit bilim garyplygyny ýeňip geçmek, pes girdejili maşgalalaryň okuwçylaryna deň mümkinçilik döretmek we integrasiýany ösdürmek ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýardy.

Bütindünýä bankynyň habaryna görä, sebitdäki okuwçylar bilimleri boýunça ýewropaly deň-duşlaryndan 1,5 ýyl yzda süýrenýär.

Koronawirus pandemiýasy bilim ulgamyna şeýle bir agyr zarba urýar welin, onuň täsiri (diňe Merkezi Aziýada 44 milliard dollar ykdysady ýitgini hem goşmak bilen) onlarça ýyldan soň ýüze çykar diýip, Bütindünýä bankynyň golaýda çap eden hasabatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG