Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri ýerli smart tv-leri satyn almaga mejbur edýär


Türkmenistanda öndürilýändigi aýdylýan smart telewizor

Türkmen häkimiýetleri, ýurtdaky ýiti ykdysady we azyk krizisiniň, şeýle-de maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, býujet işgärlerini nobatdaky gezek maşgala býujetine mazaly agram salýan çykdajylara goýup, ýurduň öz içinde öndürilýändigi aýdylýan smart, ýagny akylly telewizorlary satyn almaga mejbur edýärler.

“Farapda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerine ýerli smart telewizorlary satyn almalydyklary barada görkezme berildi. Ekranynyň ölçegi 32 dýum bolan ‘Tolkun’ atly bu telewizorlaryň her biriniň bahasy 2 müň 400 manat” diýip, lebaply habarçylarymyzyň biri anonimlik şertinde 18-nji awgustda maglumat berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, ýerli ýolbaşçylar munuň üçin her aý býujet işgärleriniň zähmet haklaryndan 500 manat möçberinde puluň tutulyp galynjakdygyny duýdurypdyrlar. Şol bir wagtda, telewizorlaryň diňe geljekki ýylyň 21-nji ýanwarynda gowuşyryljakdygy aýdylypdyr.

Habarçymyz adamlaryň bu talaplara işlerini ýitirmezlik üçin boýun bolýandyklaryny belledi.

Ol ýurduň beýleki künjeklerindäki edara-kärhanalaryň işgärlerine hem bu telewizorlary satyn almak barada görkezme berlendigini aýtdy.

Bu edaralaryň, maglumat beren işçileriň anyk atlary Azatlyk Radiosynda bolsa-da, howpsuzlyk aladalary jähtinden olary äşgär etmekden saklanýarys.

Türkmenistanyň degişli häkimliklerinden we ministrliklerinden bu nobatdaky mejbury çykdajylar barada kommentariý almak başartmady.

Ýatlatsak, Türkmenistan geçen ýylyň aýagynda smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmagy göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi.

13-nji dekabrda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmensenagat” agentliginiň bilelikdäki kärhanasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlary öndürmek planlaşdyrylýandygy aýdylypdy.

Resmi maglumatda telewizorlary öndürjek hünärmenleriň daşary ýurtlarda okadylandygy aýdyldy. Emma, ol ýurtlaryň atlary aýdyňlaşdyrylmady. Şeýle-de bu telewizorlaryň tehniki ygtybarlylygy barada-da häzirlikçe maglumat ýok.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan hünärmenler smart telewizorlaryň aglaba funksiýalarynyň onlaýn ýagdaýda amal edilýändigi üçin, ýurtdaky internet üpjünçiliginiň ‘gözgyny’ şertleri nazarda tutulsa, ýerli ýaşaýjylaryň bu telewizorlaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp bilmejekdiklerini bellediler.

Türkmen häkimiýetleriniň smart telewizorlary satyn almak baradaky talaplary, ýurt raýatlarynyň gerdenine ýüklenýän mejbury çykdajylaryň diňe soňkusydyr.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan guralýan köp sanly dabaralar, çäreler bilen baglylykda, býujet işgärleri, studentler täze eşik, welosiped ýa başga zatlary öz hasaplaryna satyn almaga mejbur edilýär.

Mundan başga-da, ýurdaky dürli bäsleşikleriň ýeňijileriniň, şol sanda 2-nji Jahan urşy döwründe tylda zähmet çeken weteranlaryň özlerine berlen baýraklaryň bahalaryny öz jübilerinden tölemeli bolýandyklary barada hem maglumatlar gowuşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG