Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmeniň Altyn asyry" ýa-da satyn alynýan sylaglar


Türkmenistanyň medeniýet işgäleri we çagalar dabaraly konsertde çykyş edýärler. 29-njy iýun, 2020.
Türkmenistanyň medeniýet işgäleri we çagalar dabaraly konsertde çykyş edýärler. 29-njy iýun, 2020.

“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine gatnaşýanlar il içinde esasan “waspçylar”, “ýaranjaňlar” hökmünde tanalýar we ýönekeý halk olardan hiç zady geň görmeýär” diýip, ýerli synçy aýtdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri “Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň ýeňijileriniň özlerine berlen baýraklaryň bahalaryny öz jübilerinden töländiklerini habar berýär. Bu maglumaty Azatlygyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi hem tassyk etdi.

Türkmen häkimiýetleriniň mejbury-meýletin dabara-şowhunlarynyň, aýdym-saz bäsleşikleriniň we sahnalaşdyrylan bagtyýarlygynyň arkasynda gizlenýän hakyky ýagdaý barha kän aýan boljaga çalym edýär, adamlar öz çolaşan torlary hakynda gürrüň berýärler.

Biraz öň uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken 90 ýaşly ýaşulynyň sylaglanan ýubileý medaly üçin öz jübüsinden töleg töländigi belli bolan bolsa, indi aýdymçy-sazandalaryň hem prezidentiň altyn zynjyry üçin çykdajy edýändikleri habar berilýär. Türkmen häkimiýetleri bu baglumaty ne tassyklady, ne-de inkär etdi. Azatlygyň bu maglumat boýunça resmi düşündiriş almak synanyşyklary netije bermedi.

Iýunyň aýagynda Türkmenistan edebiýat, sungat işgärleriniň, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän ýyllyk bäsleşigi jemledi we ýeňijilere prezidentiň adyndan berilýän altyn zynjyryň we 3 500 manadyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny habar berdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, prezidentiň sahawatlylyk gaznasynyň hasabyna berlen 575 müň manat 80-den gowrak adama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýeňijilere berlen pul baýragy döwlet kursunda 1 müň dollar, gara bazar kursunda 149 dollar möçberindäki serişde bolup, bu sylag, türkmen parlamentiniň aýratynlykdaky karary esasynda, prezidentiň agtygyna hem berilmeli edildi.

Mejlis Kerimgulyny “ýaş kompozitor”, “aýdymçy” we “sazanda” diýlip atlandyrdy. Ýöne garaşsyz neşir prezidentiň student agtygynyň baýrak üçin özüniň çykdajy edip-etmändigini anyklaşdyrmaýar.

TH-nyň bäsleşikde ýeňiji bolan iki adama salgylanyp ýazmagyna görä, baýrak aljak adamlary öňünden Medeniýet ministrligine çagyrýarlar we iki aýyň aýlygy möçberindäki serişdäni belli bir bank hasabyna geçirmegi teklip edýärler. Bu baýraga esasan medeniýet, sungat we metbugat işgärleri mynasyp bolýar we olaryň ortaça aýlyklary 2000-2500 manatdan ybarat diýip, habarda aýdylýar.

Baýrak alanlaryň sözlerine görä, şeýle ýagdaýda guralýan bäsleşige gatnaşýanlar esasan şöhrada kowalaşýar, mundan başga, döwlet sylagyny alan adamlar dürli döwlet dabaralaryna, TW çykyşlaryna köp çagyrylýar, daşary ýurt delegasiýalarynyň sanawyna goşulýar.

“Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşigine gatnaşýanlar il içinde esasan “waspçylar”, “ýaranjaňlar” hökmünde tanalýar we ýönekeý halk olardan hiç zady geň görmeýär” diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Emma ýurtda döwlet tarapyndan guralýan san-sanjaksyz dabaralar, çäreler bilen baglylykda, täze eşik, welosiped ýa başga zatlary satyn almaga mejbur edilmek bilen, artykmaç, kähalatda maşgala býujetine mazaly agram salýan çykdaja galýan adamlar-da bolýar, olar bu talaplara diňe işlerini, okuwlaryny ýitirmezlik üçin boýun bolýarlar, Türkmenistan durşuna mejbury zähmet, mejbury töleg ýurduna öwrüldi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 67 ýaşly mugallym Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Geçen aýyň başynda Azatlyga darganataly Atanyýaz aganyň ýubileý medaly bilen sylaglanyşynyň arkasynda ýatan hupbatlar mälim boldy.

Şyharyk obasynyň 90 ýaşly ýaşaýjysy Atanyýaz aga 1941-1945-nji ýyllarda tylda zähmet çekdi we ýeňşiň 75 ýyllygyna gabat ýubileý medaly bilen sylaglandy.

“Lebapda 1941-45-nji ýyllarda tylda zähmet çeken raýatlara berilmeli sowgatlar, medallar üçin sowgat alan raýatlaryň öz hasabyndan 1,000 manat pul alnyp, soňra şol puly gartaşan raýatlarymyza prezidentiň sowgatlary hökmünde gowşurdylar, muny olaryň özleri gürrüň berdi” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

2019-njy ýylyň noýabrynda bu hili oýun Lebapda pagta hasyly boýunça plan-borçnamasyny ýerine ýetiren kärendeçi daýhanlar bilen oýnaldy, olara döwletiň adyndan gowşuryljak sowgatlary özleriniň satyn almaklary tabşyryldy diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Ýatladýarys, Türkmenistanda satyn alynýan oba hojalyk maşynlary, ýolagçy awtobuslary we beýlekiler, dürli derejelerdäki sylaglar, pul baýraklary prezidentiň sowgatlary hökmünde görkezilýär, hatda öz aýlyklaryny alan adamlar hem ony maňlaýlaryna, ýüze sylyp, prezidente alkyş aýdýarlar we bu kadaly ýagdaý hasaplanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG