Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Minskde 'Täze Belarus ýörişi' geçýär. Translýasiýa


Protest çäresi, Minsk, 22-nji awgust, 2020-nji ýyl.

23-nji awgustda, "Täze Belarus ýörişi" geçýär. Prezident saýlawlarynyň netijelerine we milisiýanyň rehimsizligine garşy aksiýalar Minskde we respublikanyň beýleki ýerlerinde planlaşdyrylýar. Deslapky çaklamalara görä, Belarusyň paýtagtyndaky demonstrasiýa 100 müňden gowrak adam gatnaşýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy göni efirde habar berýär.

Aksiýanyň dowamynda prezident wezipesine dalaşgär Swetlana Tihanowskaýanyň inisiatiwasy boýunça döredilen Oppozisiýanyň koordinasion geňeşiniň liderleri çykyş ederler.

"Interfaks" agentligi Minskiň merkezine harby toparlaryň çekilendigini habar berýär. Harbylar Minskiň merkezindäki Beýik Uruş muzeýiniň daşyny gabadylar. Muzeýiň daşyna demir böwetler goýuldy, olaryň daş tarapyndan ýüzlerçe harby hatara düzüldi. Olar okdan goraýan keltekçelere, başyna kaska we ellerine kalaşnikow awomatlary bilen üpjün edildi. Muzeýiň gapdalyndaky parkda ençeme harby awtoulaglar goýuldy, muzeýiň golaýyndaky duralgada awtoulag goýmak gadagan edildi.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň syýasy krizis dowam edýär. Häkimiýetler 26 ýyl bäri ýurdy dolandyrýan Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygyny habar berdi. Oppozisiýa netijeleriň gödek galplaşdyrylandygyny öňe sürdi we saýlawlaryň netijelerini ret edip, beýleki kandidat Swetlana Tihanowskaýanyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG