Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Býujet işgärleri prezidentiň täze kitabyny satyn almaly


Illýustrasiýa suraty

Lebapda häkimiýetler býujet işgärlerini prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda çap edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabyny satyn almaga mejbur edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy welaýatyň Farap etrabynda býujet işgärleriniň arasynda täze kitaby satyn almak boýunça girizilen täze talaplary öwrendi.

Onuň maglumatlaryna görä, bu kitap heniz etrabyň dükanlarynda elýeterli däl.

“Ony diňe welaýat paýtagtyndaky sanlyja kitap dükanyndan tapsa bolýar” diýip, habarçy etrap ýaşaýjylaryna salgylanyp habar berdi.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheri Farabyň etrap merkezinden 35 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Prezidentiň täze kitaby Farabyň geňeşliklerinde ýerleşýän medeniýet öýlerinde-de talap edilýär.

“Farap etrabynyň “Jendi” geňeşliginiň medeniýet öýüniň işgärleri şu hepdäniň dowamynda bu kitaby nireden bolsa-da tapmaly boldular” diýip, habarçy aýtdy.

Bu talaplar bilen bir hatarda, “häzir medeniýet öýleriniň işgärleri pagta ýygymy üçin hem goşant goşýarlar” diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli býujet işgärleriniň sözlerine görä, häkimiýetler kitaby satyn almadyk medeniýet işgärlerine işden kowmak haýbatyny atýarlar.

Bir býujet işgäri habarçy bilen gürrüňdeşlikde prezidentiň täze kitabyny elden 60 manada satyn alandygyny aýtdy. Habarçy kitabyň döwlet bahasyny öwrenmäge synanyşýar.

“Berdimuhamedowyň kitabyny almakdan ýüz öwürmek döwlete hyýanat hökmünde garalýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen 11 ýylyň dowamynda öz adyndan 60-dan gowrak kitap çykardy.

Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” atly kitaby onuň ýurda ýolbaşçylyk eden döwürlerinde orta we ýokary okuw programmalaryna girizildi. Ýöne ol ölenden soň, “Ruhnama” kitaby boýunça halkdan edilen talap hem gowşady we wagtyň geçmegi bilen doly aradan aýryldy.

Synçylar prezident Berdimuhamedowyň hem häkimiýet başyna gelenden soň, Nyýazowyň öz adyndan kitap çap etdirmek ýaly synanyşyklaryna dowam etdirendigini aýdýarlar.

Mundan ozal, ýurduň saglyk edaralary ilata dürli kesellere garşy prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndaky emlerden peýdalanmagy maslahat berip geldi.

Berdimuhamedowyň döwlet dolandyrylyşy, halkara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikleri, alabaý itleri we ahalteke bedewleri ýaly dürli temalarda ýazan kitaplary ýurduň media serişdelerinde yzygiderli wagyz edilýär.

Galyberse-de, Berdimuhamedow wagtal-wagtal ýazan kitaplarynyň galam hakyna düşen girdejileriň hasabyna ýurduň dürli metjitlerinde sadaka berýär. Ýöne döwlet mediasy býujet işgärleriniň bu kitaplary satyn almaga mejbury edilýändikleri barada asla habar bermeýär.

Berdimuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň çap edilendigini 4-nji sentýabrda döwlet telewideniýesinde yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG