Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan ýurda gelýän we üstünden geçýän ulaglaryň töleglerini 'seljerýär'


Täjigistanyň ýuk ulaglary, türkmen-eýran serhedi, 9-njy sentýabr, 2018

Türkmenistan ýurda gelýän we üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberleriň seljerýär.

Türkmen hökümetiniň 2-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde, “Lapis-Lazuli” we Aşgabat Ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän hem-de onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan tölegleriň möçberlerini kesgitlemek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň edildi.

Türkmenistana gelýän we üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döredildi diýip, wise-premýer Ç.Gylyjowyň hasabatyna aýdylýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, Pudagara toparyň ikinji mejlisinde ýurda gelýän awtoulag serişdeleri üçin “ýeke-täk nyrhy girizmek hem-de awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň möçberine seljerme işlerini geçirmek teklip edildi”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady, Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalga bolan Modal ýoluny döretmegiň, Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi diýip, habarda aýdylýar.

Emma TDH tölegleriň möçberiniň üýtgäp-üýtgemejegini anyklaşdyrmaýar.

Türkmenistan resmi taýdan ulag-üstaşyr ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek babatda geçirilýän işleriň möhümdigini nygtap, ýükleriň we ýolagçylaryň üstaşyr-ulag geçirilişiniň möçberini has-da artdyrmak islegini bildirýär, ikinji tarapdan käbir ýurtlaryň ýük ulaglarynyň aýlap serhetden geçirilmegine päsgel berip, wiza düzgünlerini çylşyrymlaşdyrmak bilen, hatda daşary ýurtlardaky etniki türkmenleriň hem taryhy watanlaryna syýahat etmeklerini kynlaşdyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG