Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzylýarymaý jemgyýeti üçin pul ýygnalýar, adamlar 'nägile, ýöne bermän bolmaýar'


Bilim işgärleriniň we okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda nobatdaky dabara ýazgy edilýär. Arhiw suraty
Bilim işgärleriniň we okuwçy gyzlaryň gatnaşmagynda nobatdaky dabara ýazgy edilýär. Arhiw suraty

"Diýlen puly gep-gürrüňsiz bereniň gowy. Sebäbi başlyklaryň basyşyna çydap bolmaýar. Işiňi ýitirseň, eliňe seredip oturan maşgalaňy nädip eklejek?" diýip, ýaşy altmyşa golaýlan ýaşuly işgär ajy ýylgyryp aýtdy.

Mary sebitiniň býujet edaralarynyň işgärlerinden ýurduň Milli Gyzylýarymaý jemgyýeti üçin pul ýygnalýar.

Bu guramanyň ilatyň hasabyna saklanjakdygy barada ilkinji bolup 2017-nji ýylyň fewralynda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berdi. Şonda býujet işgärleriniň köpsiniň bu gurama üçin her aýda pul tölemeli edilendigi aýdylypdy.

Şeýle-de neşir ozal bu gurama "Polimeks", "Dragon oýl", "Buig Turkmen", "Petronas" ýaly daşary ýurt komapaniýalarynyň howandarlyk edendigini belledi.

"Adamlar gaty nägile, bu gurama üçin her alty aýdan pul ýygnalýar, öňki gezek 10 manatdan ýygnalypdy, bu gezek her işgärden ýygnalýan puluň möçberini bäş manat köpeldip, 15 manada çykardylar" diýip, Azatlygyň Marydaky habarçysy aýtdy.

Azatlyk radiosy Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň Milli Gyzylýarymaý jemgyýeti üçin serişde toplamaga borçly edilendigi barada geçen ýylyň tomsunda hem habar beripdi. Şonda Aşgabatdaky habarçymyz paýtagtdaky döwlet edaralarynyň iäşgerleriniň bu gurama üçin 15 manatdan serişde toplandyklaryny habar beripdi.

"Işgärler talap edilýän 15 manady edara başlyklaryna nagt görnüşinde getirip bermeli" diýip, habarçy bilen gürleşen býujet işgäri aýtdy.

"Biz bu guramanyň näme iş edýänini bilmeýäris, ýöne diýlen puly bermän hem bolanok. Ikinji tarapdan adamlar alada edýärler, "indiki gezek 20 manatdan ýygnarlar, aýlygmyzy çagamyza ýetirenoklar" diýýärler" diýip, 45 ýaşlaryndaky maryly mugallym nägileligini daşyna çykardy.

Azatlygyň habarçysy birnäçe döwlet edarasyna baryp, býujet edaralarynda işleýän tanyşlary bilen ikiçäk söhbetdeş boldy. Aýry-aýrylykda gürleşen işgärleriň hiç biri bu guramanyň näme iş bilen meşgullanýandygyny bilmeýär we, eger mümkin bolsa, ýygnalýan puly berjek däl.

Olaryň biri öz ýagdaýyny şeýle düşündirdi:

"Bize pul ýygnalýar diýýärler, bizem artyk sorag bermän, diýlen puly berýäris. Eger bermesek, düşündiriş ýazmaly bolarys. Soň başlyklar yrsarap başlarlar, işimizden her ädimde kemçilik gözläp, özümiz arzamyzy berip, işden çykar ýaly ederler, bu görülmedik ýa bilinmeýän zat däl" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 50 ýaşly býujet işgäri aýtdy.

Beýleki býujet işgärleri hem diýlen puly bermän bolmajakdygyny, sebäbi munuň işiňi ýitirmegi aňladýandygyny tassyk etdiler.

"Diýlen puly gep-gürrüňsiz bereniň gowy. Sebäbi başlyklaryň basyşyna çydap bolmaýar. Işiňi ýitirseň, eliňe seredip oturan maşgalaňy nädip eklejek?" diýip, ýaşy altmyşa golaýlan ýaşuly işgär ajy ýylgyryp aýtdy.

Bize pul ýygnalýar diýýärler, bizem artyk sorag bermän, diýlen puly berýäris. Eger bermesek, düşündiriş ýazmaly bolarys. Soň başlyklar yrsarap başlarlar, işimizden her ädimde kemçilik gözläp, özümiz arzamyzy berip, işden çykar ýaly ederler, bu görülmedik ýa bilinmeýän zat däl.
Maryly býujet işgäri

Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurduň býujet edaralarynda işleýän işgärlerden pagta ýygymy üçin, döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerine hökmany abuna ýazylmak üçin, Gyzylýarymaý jemgyýeti we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlar sebäpli pul ýygnamak ýazylmadyk kanuna öwrüldi.

"Bu pullar meýletin-mejbury ýagdaýda ýygnalýar, sebäbi bermeseň, galanja aýlygyňy hem ýitirýärsiň. Işsiz adam kän, başlyklar para alyp, ýeriňe derrew başga adam tapýarlar" diýip, saglyk ulgamynyň işgäri aýtdy.

Yzygiderli salynýan "pul salgydyndan" sypyp galýan ýok, saglyk ýa magaryf işgäri bol, hukuk goraýjy edarada işle, jemagat hojalygynda ýa gaz edarasynda, ýangyn söndüriji bolup işle, hiç tapawudy ýok, döwletden aýlyk alýan adamlaryň ählisi diýlen puly berýär diýip, maryly polisiýa işgäri habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň Gyzylýarymaý jemgyýetinde dörän ýagdaý barada ilkinji bolup 2017-nji ýylda "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" (soňra "Turkmen.news") neşiri habar berdi.

Bu ýagdaý, neşiriň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän jemgyýete iş ýüzünde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal dogany Gülnabat Döwletowanyň ýolbaşçylyk edip başlamagy bilen bagly.

G. Döwletowanyň Milli Gyzylýarymaý jemgyýetiniň "baş direktoryna" öwrülmegi bilen, bu gurama adatdan daşary ýagdaýlar ýa-da tebigy betbagtçylyk hadysalary netijesinde ejir çekenlere, ilatyň kömege mätäç gatlagyna kömek edýän ynsanperwer gurama bolmakdan prezidentiň aýal doganynyň eklenç çeşmesine öwrüldi diýip, garaşsyz neşir ýazdy.

Azatlyk radiosynyň Milli Gyzylýarymaý jemgyýetinden düşündiriş almak synanyşyklary başa barmady.

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz metbugatda çap edilýän korrupsiýa maglumatlaryny, döwlet edralarynda işgärlere salynýan pul salgytlaryny ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG