Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä güýçleri Daglyk-Garabag ýaraşygy üçin basyş edýän mahaly, Azerbaýjan we Ermenistan liderleri uruşdan söz açýarlar


Daglyk-Garabagdaky front liniýasynyň golaýynda ýerleşýän Ganja şäherçesiniň topa tutulmagyndan soň harabaçylygyň arasynda oturan adam.
Daglyk-Garabagdaky front liniýasynyň golaýynda ýerleşýän Ganja şäherçesiniň topa tutulmagyndan soň harabaçylygyň arasynda oturan adam.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Daglyk-Garabag konfliktine diplomatiki çözgüt görmeýändigini aýtdy. Bu halkara jemgyýetçiliginiň jedelli sebit boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda ygtybarly ýaraşyk ylalaşygyny ýola goýmak tagallalaryna kölege saldy.

“Biz Garabag meselesine, iň azyndan häzirki pursatda we uzak wagtdan bäri, diplomatiki çözgüdiň ýokdugyna düşünmelidiris” diýip, Paşiniýan 21-nji oktýabrda özüniň Facebook sahypasynda göni efirde eden çykyşynda aýtdy.

“Ermeni tarapyny diplomatiki ýollaryň ählisi kanagatlandyrýar... bu mundan beýläk Azerbaýjany kanagatlandyrmaýar” diýip, Paşiniýan ermenileri “ellerine ýarag alyp, ene topragy goramaga” çagyrdy.

Paşiniýanyň beýanatyndan soň, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew hem çykyş edip, krizisiň harby ýol bilen çözüljekdigini öňünden aňandygyny, şeýle-de Azerbaýjan güýçleriniň ermenileri “biziň topraklarymyzdan” çykarjakdygyny aýtdy.

Bu äheňli çykyşlar Azerbaýjan we etniki ermeni güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklary bes etdirmek ugrunda edilýän diplomatiki tagallalara kölege saldy. Ermenistanyň prezidenti Ýewropa Bileleşigi we NATO bilen gepleşikler üçin Brýussele, Azerbaýjan we Ermenistan daşary işler ministrleri Russiýa bilen geňeşmeler üçin Moskwa sapar edýär.

Ilaty etniki ermenilerden ybarat hem-de olar tarapyndan dolandyrylýan ýöne halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Azerbaýjanyň territoriýasy hökmünde ykrar edilýän daglyk anklawyň üstünde sentýabryň ahyrlarynda söweşler başlanaly bäri, ýüzlerçe esger we asuda raýat öldürildi.

Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşandan soň, Azerbaýjanyň Russiýadaky ilçisi Polat Bülbülogly Bakuwyň parahatçylyk ylalaşygyny ilerletmek tagallalaryna ygrarly galýandygyny aýtdy.

“Baýramow Azerbaýjanyň konflikti parahatçylykly çözmek üçin edýän tagallalaryny ýene bir gezek tassyklady” diýip, Bülbülogly Russiýanyň TASS döwlet gullugyna aýtdy.

Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanian 21-nji oktýabrda Lawrow bilen aýratyn duşuşdy, ýöne ermeni we azeri ministrleri öz aralarynda ýüz-ýüze duşuşyk geçirmedi.

Russiýanyň daşary işler ministri gepleşikleriň “Daglyk-Garabag konflikt zonasynda ot açyşlygy bes etmek boýunça has ozal gazanylan ylalaşygyň berjaý edilmegi hem-de onuň ýerine ýetirilmegi üçin durnukly şertleriň döredilmegi bilen bagly möhüm meselelere gönükdirilendigini” aýtdy.

Baýramow we Mnatsakanian ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pomponyň gatnaşmagynda geçiriljek gepleşikler üçin 23-nji oktýabrda Waşingtona sapar eder. Bu waka öňegidişlige umyt döretdi.

Pompeo Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrlerine “mundan soň dogry ýol konflikti bes etmekdir, dartgynlylygy gowşatmakdyr, her ýurt konfliktden daşda durmaly, çaknyşygy alawlandyrmaly däl, ýarag ulgamlary bilen üpjün etmek ýok, goldaw ýok” diýip, aýtjakdygyny žurnalistlere gürrüň berdi.

“Bu häzir hemmeler üçin kabul ederlikli diplomatik çözgüdi gazanyp boljak pursat” diýip, ol aýtdy.

Daglyk-Garabag boýunça 1994-nji ýylda gazanylan ynjyk ýaraşykdan bäri dawany çözmek tagallalaryna, şu wagta çenli şowsuz, öňbaşçylyk eden ÝHHG-niň Minsk topary diýilýänine ABŞ, Fransiýa we Russiýa egindeş başlyklyk edýär. Bu üç güýç derhal ot açyşlygyň bes edilmegine we konfliktiň diplomatik ýollar bilen çözülmegine çagyryş etdi.

Günbatar harby ýaranlygynyň baş sekretary Ýens Stoltenberg NATO-nyň baş binasynda 21-nji oktýabrda Sarkisýany kabul edende Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ikisini-de ýaraşyk ylalaşygyny berjaý etmäge çagyrdy.

“Söweşleriň soňlandyrylmagy, görgüleriň gutarmagy, hem-de parahatçylykly çözgüdiň tapylmagy NATO we halkara howpsuzlygy üçin möhümdir” diýip, ol aýtdy.

Iki ynsanperwer ýaraşyk ylalaşygynyň ikinjisi-de şowsuzlyga uçraýan mahaly, 21-nji oktýabrda Daglyk-Garabagyň içinde we töwereginde Ermenistan-da Azerbaýjan-da täze söweş barada habar berdi

Daglyk-Garabag resmileri, hususan-da konflikt zonasynyň günorta sebitlerinde söweşleriň güýçlenip, artilleriýa bomba hüjümleriniň bolandygyny habar berdi.

21-nji oktýabrda Azerbaýjan özüniň bir söweş uçarynyň urlup ýykylandygyny ret etdi.

“Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň Azerbaýjanyň Howa güýçleriniň bir uçarynyň urlup ýykylandygy barada beren habary dogry däl” diýip, ol aýtdy.

Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Şuşan Stepanian has ozal konflikt zonasynyň günorta sebitlerinde Daglyk-Garabagyň howa goranyş ulgamynyň bir Azerbaýjan harby uçaryny urup ýykandygyny aýtdy. Stepanian urlup ýykylan uçaryň görnüşini aýdyňlaşdyrmady.

Iki tarapdan gowuşban habarlar köplenç biri-birine ters gelýär we olary tassyklatmak kyn. Olaryň ikisi-de raýat nyşanalaryna hüjüm etmekde birek-biregi aýyplaýar.

Has giň konflikt gorkulary

Söweşler Ermenistan bilen goranyş şertnamasy bolan Russiýany hem-de Azerbaýjanyň iň ýakyn ýarany Türkiýäni öz içine çekip, Günorta Kawkazda has giň çaknyşyk döreder diýen gorkulara sebäp boldy. Şeýle-de, Azeri gazyny we nebitini dünýä bazarlaryna daşaýan Azerbaýjandaky turbageçirijileriň howpsuzlygy barada-da aladalar artýar.

21-nji oktýabrda Türkiýäniň wise-prezidenti Fuat Oktaý öz ýurdunyň Azerbaýjana bildirýän goldawyny ýene bir gezek gaýtalap, eger Baku haýyş etse, Türkiýäniň çekinmän goşun iberip biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol Minsk toparynyň Ýerewany goldaýandygyny hem-de bilkastlaýyn konflikti çözmän saklaýandygyny öňe sürdi.

Stoltenberg bilen bir hatarda Sarkisian Brýusselde ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell we Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişel bilen hem duşuşar diýip, Sarkisianyň edarasy aýtdy.

“Azerbaýjanyň we NATO agzasy Türkiýäniň harby hereketlerini togtatmak üçin NATO we Ýewropa guramalary elden gelenini eder diýlip garaşylýar. Bu ýaraşyk ylalaşygyny janlandyrmak üçin ýardam eder” diýip, ol aýtdy.

Ermenistan Türkiýäni Azerbaýjanyň tarapynda söweşmek üçin hakyna tutma ibermekde aýyplaýar.

NATO agzasy Türkiýe özüniň söweşde gönüden-göni rolunyň ýokdugyny aýdyp, bu aýyplamany ret edýär.

Azerbaýjan soňky birnäçe ýylyň dowamynda harby çykdajylary köpeldilen hem-de pilotsyz uçarlary köp ulanýan harby güýçleriniň territoriýalary ele geçirendigini aýdýar.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan esasan musulman ilatly Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýän daglyk territoriýa 1994-nji ýylda söweşler togtadylaly bäri Ýerewanyň hemaýatyndaky esasan hristian etniki ermeniler gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG