Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýaly syýasatçy Wladimir Žirinowskiý rus diliniň Türkmenistandaky ýagdaýyna alada bildirdi


Russiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý
Russiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň lideri Wladimir Žirinowskiý

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň 21-nji oktýabrda geçirilen ýygnagynda deputat Wladimir Žirinowskiý Türkmenistanyň mekdeplerinde “rus dilli klaslaryň ýapylmagyna” alada bildirdi.

“Türkmenistanda iň soňky rus mekdebiniň ýapylandygy aýdylýar” diýip, Žirinowskiý deputatlara ýüzlendi.

Ol özleriniň bu mesele bilen Daşary işler ministrliginiň hem-de ilçihananyň aragatnaşyk liniýalarynyň üsti bilen gyzyklanandyklaryny, ilçä hat iberendiklerini, ýöne bu maglumatyň ilçi tarapyndan ret edilendigini gürrüň berdi. Deputat öz çykyşynda özleriniň haýsy ilçihana, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynamy ýa-da Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasyna, hat iberendigini aýdyňlaşdyrmady.

“Bu ýalňyş, häzirki wagtda Türkmenistanda rus dilli klasly 71 mekdep hereket edýär diýip, ol mälim etdi” diýip, Žirinowskiý, görnüşinden, ilçiniň hatyny sitirledi.

Onuň münberde okan hatyndan çen tutulsa, bu Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň hatyna meňzeýär, hatyň ýüzünde Türkmenistanyň döwlet nyşanyna çalym edýän nyşany görmek bolýar.

“Mekdepler kemeldilmedi” diýip, russiýaly syýasatçy hatdan okady.

“Biz goranmak isleýäris, ilçi bolsa hemme zat ýerbe-ýer diýýär. Şeýle-de bolsa, bu tema hemişe gün tertibinde bolmaly. Ýadyma düşýär, Aşgabada baranymyzda, olar ‘ynha bu rus mekdebi, ynha bu rus teatry’ diýip, görkezerdiler” diýip, Žirinowskiý aýtdy.

Dowam edýän okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüne almak tagallalarynyň çäginde mekdeplerde klaslaryň okuwçy sanyny 15 okuwçy bilen çäklendirdi. Munuň yzýany, sentýabryň başynda Aşgabadyň 64-nji mekdebinde rus dilli klaslaryň ýapylandygy, käbir ene-atalaryň muňa garşylyk bildirendigi habar berildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň rus dilli klaslary ýapmak tejribesiniň regionlara-da ýaýrandygyny habar berdiler.

14-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabat şäheriniň hem-de Farap etrabynyň bilim bölümlerinde häkimiýet wekilleriniň mugallymlar bilen ýygnak geçirendigini, ýygnagyň dowamynda rus klaslarynyň ýapylmagy baradaky meseläniň gozgalandygyny habar berdi:

“Rus klaslary koronawirus sebäpli ýapylmandyr. Olar indi asla açylmaz. Oktýabr aýyndan başlap, mekdep programmasyna girýän rus dili sapaklary azaldylar ýa-da ýok ediler” diýip, Azatlygyň habarçysy sentýabryň ortalarynda bilim bölümlerinde geçirilen ýygnaklara salgylanyp habar berdi.

15-nji sentýabrda Russiýanyň Daşary işler ministrligi beýanat çap edip, rus dilli klaslaryň ýapylmagy barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden düşündiriş sorandygyny mälim etdi.

Munuň yzýany, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Orient” neşiri “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi alada galmasyn – Türkmenistanda rus dili söýülýär” diýen at bilen makala çap etdi we beýleki daşary ýurt dilleri bilen bir hatarda ýurtda rus diliniň hem öwrenilýändigini, rus dilinde gazet-žurnallaryň çap edilýändigini, ýurduň merkezi gazetleriniň biriniň diňe rus dilinde çap edilýändigini, Aşgabatda A.S. Puşkin adynda türkmen-rus bilelikdäki mekdebiniň hereket edýändigini aýtdy. Şeýle-de, neşir Aşgabadyň Puşkin adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna oýunlarynyň il içinde meşhurlyk gazanandygyny aýtdy.

“Rus artistleri dur, rus dilinde pýesalar hem bar, ýöne ählisiniň gözleri gamly. Pýesalar rus dilinde, ýöne awtorlary türkmen. Bizde “Sneguroçka” (Garpamyk – red.) ýa-da “Alisa gözel” bar, ol ýerde başga atlar bar we bu düýbünden maňza batmaýar. Rus dilinde gürläp bolar, ýöne epos keseki, ertekiler keseki...” diýip, Wladimir Žirinowskiý 21-nji oktýabrda Russiýanyň Döwlet Dumasynda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle-de, Žirinowskiý öz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystan bilen aradaky serhediniň gowşakdygyny, Türkmenistanyň we Özbegistanyň owgan serhetleriniň üsti bilen neşe serişdeleriniň Russiýa geçýändigini aýtdy.

Russiýaly baýry syýasatçy Wladimir Žirinowskiý özüniň milletparaz çykyşlary bilen tanalýar. Russiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň lideri Žirinowskiý 2017-nji ýylyň aprelinde Türkmenistana eden saparynda Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen ada eýe boldy.

Azatlyk Radiosy ýurduň mekdeplerinde rus dilli klaslaryň çäklendirilmegi barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

21-nji oktýabrda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň dürli sebitlerinde mekdeplerdäki rus dil çäklendirmeleri bilen bagly basyşlaryň şu günler hem dowam edýändigini habar berdi.

Ýagdaýdan habarly bir türkmenabatly şu aýyň başynda Lebap welaýatynda birnäçe etniki rus ene-atanyň ýagdaýdan şikaýat edendigini, ýöne soňra olaryň polisiýa we howpsuzlyk gulluklaryna çagyrylandyklaryny gürrüň berdi.

“Ene-atalara eger-de şikaýat etmegi bes etmeseler, arakhorlykda aýyplanyp, bir aý reabilitasiýa merkezine ugratmak bilen haýbat atyldy” diýip, Türkmenabadyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, Russiýanyň Döwlet Dumasy 21-nji oktýabrda Russiýa bilen Türkmenistan arada 17 ýyl mundan ozal, 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde gol çekilen howpsuzlyk şertnamasyny ratifikasiýa etdi we resminamany Russiýanyň Federal Geňeşiniň garamagyna hödürledi.

Galyberse-de, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda 2002-nji ýylyň 23-nji aprelinde gol çekilen aýrybaşga ylalaşykda, “Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda” şertnamanyň 14-nji maddasynda taraplar öz territoriýalarynda birek-biregiň dilini öwrenmek we ýaýratmak boýunça ylalaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG