Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lukaşenka ýurtdaky bulagaýlyk döwründe gözegçiligi güýçlendirýän mahaly, Belarusyň içeri işler ministri täzelendi


Ýuriý Karaýew

Belarusyň içeri işler ministri Ýuriý Karaýew howpsuzlyk güýçleriniň, Alýaksandr Lukaşenkany altynjy möhlete wezipä gaýtadan getiren saýlaw netijelerine garşylyk bildirip, ençeme hepde bäri köçelere çykýan demonstrantlara garşy söweş ýaraglaryny ulanyp biljekdigi barada aç-açan eden çykyşyndan bir gün soň wezipesinden boşadyldy.

29-njy oktýabrda döwlet metbugaty Karaýewiň ýerine Minsk şäher polisiýa bölümine ýolbaşçylyk eden Iwan Kubrakowyň wezipä bellenendigini habar berdi.

Karaýew günbatar Hrodna sebitinde prezidentiň kömekçisi wezipesine geçirildi . Şol bir wagtda, içeri işler ministriniň orunbasary Alýaksandr Barsukow Minskde we belarus KGB-siniň öňki başlygy Waler Wakulçyk günbatar Brest sebitinde prezidentiň kömekçisi wezipelerine bellenildi.

Bu tolgunma we Lukaşenka ýakyn beýleki adamlaryň ýokary howpsuzlyk wezipelerine bellenilmegi, lideriň tutuş ýurt boýunça, hususan-da, protestleriň merkezi we polisiýanyň iň gazaply basyşlarynyň amala aşyrylan ýeri bolan paýtagtda howpsuzlyk boýunça gözegçiligi hasam güýçlendirýändigini görkezýär.

Karaýew protestçileriň basylyp ýatyrylmagyndaky roly üçin eýýäm Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna sezewar edilendir.

Ýerli metbugat Lukaşenkanyň sözlerine salgylanyp, kömekçileriň jogapkärçiliginiň has-da giňeldiljekdigini we olaryň "wezipesiniň kadrlary saýlamak we olaryň işlerine gözegçilik etmekden" ybaratdygyny aýtdy.

Belarus 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri günde diyen yaly protestlere şaýatlyk edýär. 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Lukaşenka bu saýlawda ýeňiş gazanandygyny öňe sürýär.

Lukaşenka protestlere repressiýa bilen gaýtawul berdi. Munuň netijesinde 10 müňden gowrak adam tussag edilip, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan parahatçylykly demonstrantlaryň gynalandygy we ýenjilendigi barada ynama laýyk aýyplamalar hakda habar berildi. Protestleri beýan edýän metbugat habarçylaryna hem hüjüm edildi.

Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi, şol sanda Swýatlana Tihanowskaýa ýurtdan gaçmaga mejbur boldy ýa-da tussag edildi. Tihanowskaýanyň tarapdarlary 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde onuň ýeňiji bolandygyny aýdýarlar. Tihanowskaýa ozüne we maşgalasyna abanýan howplar sebäpli ses berişlikden birnäçe gün soň Belarusdan Litwa gitdi.

28-nji oktýabrda Karaýew howpsuzlyk güýçleriniň “sabotaž ýa-da terror hüjümlerini amala aşyran” diýip häsiýetlendiren adamlara, protestçilere garşy söweş oklaryny ulanyp biljekdigini aýtdy.

Karaýewiň bu haýbatyndan bir gün öň, Lukaşenka oppozisiýa tarapyndan yglan edilen iş taşlaýyşy “guramaçylykly jenaýat toparlarynyň hereketi” diýip häsiýetlendirdi.

Lukaşenka öz häkimiýetine garşy geçirilýän parahatçylykly protestleri göz öňünde tutup, ýurduň “terrorist hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyny” öňe sürdi.

Günbatar hökümetleri oppozisiýa goldaw bildirdiler. Ýewropa Bileleşigi we ABŞ Lukaşenkany Belarusyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdiler.

ÝB protestçileri we oppozisiýany repressiýa etmekdäki öňe sürülýän rollary üçin Belarusyň 40 resmisiniň aktiwleriniň doňdurylandygyny hem-de olara garşy wiza gadagançylygynyň girizilendigini yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG