Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG hasabaty Belarusda adam hukuklarynyň “köpçülikleýin” bozulandygyny görkezer


Minskde pensionerleriň geçirýän ýörişi. 2-nji noýabr, Minsk. Belarus
Minskde pensionerleriň geçirýän ýörişi. 2-nji noýabr, Minsk. Belarus

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Belarusyň 9-njy awgust prezidentlik saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygy barada hem-de ýurtda ses berişlikden soň tutaşan parahat demonstrasiýalara gaýtawul beren howpsuzlyk güýçleriniň sistematik hukuk bozulmalara baş goşandygy barada “gaty köp subutnamanyň” bardygyny aýtdy.

AÝ/AR-yň gören 58 sahypalyk hasabaty 5-nji noýabrda ÝHHG-nyň hemişelik geňeşine hödürlener. Hasabatyň baş awtory hem-de awstriýaly halkara hukuk professory Wolfgang Benedek “öňki saýlaw monitoringi esasynda kesgitlenen esasy talaplar berjaý edilmedik" saýlawlarda “görnetin kemçilikleriň” bolandygyny belledi.

“Prezident saýlawlarynyň aç-açan däldigi, hem-de olaryň ne erkin, ne-de adalatly bolandygy barada aýdylan aýyplamalar tassyk boldy” diýip, ol sözüne goşdy.

Mundan başga-da, adam hukuklarynyň “köpçülikleýin we yzygiderli bozulandygy anyklandy we şübhesiz subut edildi” diýip, ol aýtdy.

“Howpsuzlyk güýçleriniň syýasy dürli pikirlilige garşy basyp ýatyrmalarynda dokumentleşdirilen gynamalar we ýowuz daraşmalar boýunça heniz hem hiç kimiň jogapkärçilige çekilmezligi aýratyn alada döredýär. Bu hem syýasy işler boýunça kazyýet işiniň adalatly ýöredilmeýändigi sebäpli umumy eldegirmesizlik barada aýdylýan öňe sürmeleri tassyklaýar” diýip, Benedek hasabatda aýtdy.

Jedelli saýlawlardan soň ýurtda köpçülikleýin demonstrasiýalar geçirildi. Bu demonstrasiýalar ýurdy 26 ýyl bäri dolandyrýan hem-de saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny ret edýän Alýaksandr Lukaşenka garşy basyşlary artdyrýar.

Geçen hepde Lukaşenka günbatar serhedini bölekleýin ýapyp, içeri işler ministrini çalşyp, hem-de howpsuzlyk ofiserlerine demonstrantlara garşy basyşy güýçlendirmegi yşarat edip, Belarusda häkimiýete berk ýapyşdy.

Ýöne bu çäreler 1-nji noýabrda onlarça müň adamyň Minskde ýörişe çykmagyna böwet bolup bilmedi. Demonstrasiýalarda polisiýa asmana duýduryş ot açdy, ses granatlaryny ulandy, 300 töweregi adamy tussag etdi.

ÝHHG hasabaty Lukaşenkanyň basyp ýatyrmalarynyň baş maksadynyň “demonstrantlary jezalandyrmakdygyny hem-de olary we beýleki potensial protestçileri gorkuzmakdygyny” öňe sürýär.

Hasabat Belarusyň häzirki kanunçylyk ulgamyny “kanunyň rüstemligine däl-de kanun tarapyndan rüstemlige” esaslanýar diýip, häsiýetlendirrmek mümkin diýýär. Şeýle-de, hasabat ýurtda media azatlygynyň, ýygnanyşmak we bileleşmek azatlyklarynyň, adamlaryň azatlyk we howpsuzlyk hukuklarynyň, hem-de žurnalistleriň howpsuzlygynyň “berk hüjüm astyndadygyny” aýdýar.

Belarusdaky ýagdaýlar boýunça hasabat ÝHHG agza 17 döwlet Belarusda adam hukuklarynyň bozulmagy baradaky aýyplamalary öwrenmek üçin “Moskwa mehanizmi” diýilýäni işe girizenden soň taýýarlandy.

Bu mehanizm guramanyň düzümine girýän ýurtlarda adam hukuklaryna abanýan howplary seljermek üçin 10 ýa-da ondan köp agza ýurduň ekspert missiýasyny döretmegine rugsat berýär.

Minsk hökümeti "Moskwa mehanizmini" işe girizmek üçin "esasly sebäp" görmeýändigini aýdandan soň, şol bir wagtyň özünde Çeçenistanda "adam hukuklarynyň bozulmagy" boýunça ÝHHG-nyň 2018-nji ýylda taýýarlan hasabatynyň hem awtory bolan Benedege Belarusa sapar etmek üçin wiza berilmedi.

Ol Belarusyň öz içinde derňew geçirip bilmänsoň, subutnamalary onlaýn toplady we interwýulary onlaýn geçirdi, onuň dowamynda 700-den gowrak jogap aldy.

Onuň hasabatda belarus häkimiýetlerine beren 65 teklipnamasy 9-njy awgust saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyny, halkara ülňülere laýyklykda täze saýlawlaryň geçirilmegini öz içine alýar. "Ähli syýasy tussaglar we basyp ýatyrmalarda saklanan žurnalistler boşadylmaly" diýip, Benedek aýdýar.

Şeýle-de, hasabat halkara jemgyýetçiligine "belarus howpsuzlyk güýçleriniň hatarynda gynamalara we adamkärçiliksiz çemeleşmelere günäkär adamlaryň, şol sanda olaryň ýolbaşçylarynyň nirede mümkin bolsa şol ýerde adalatyň öňüne çykarylmagyny" maslahat berýär.

Hasabat prezident saýlawlarynyň fonunda "ýol berlen" hukuk bozulmalary "çuň derňemek" üçin garaşsyz halkara toparyň döredilmegine çagyrýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG