Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda geçirilen protestlerde 1000-den gowrak adam tussag edildi


Protestçi prezidentlik saýlawlaryndaky netijelere garşy çykyş edýär, Minsk 8-nji noýabr, 2020
Protestçi prezidentlik saýlawlaryndaky netijelere garşy çykyş edýär, Minsk 8-nji noýabr, 2020

Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny we üç aý ozal çekeleşikli geçirilen ses berişlikden soň täze prezident saýlawyny talap edýän protestleriň 13-nji ýekşenbesinde Belarusda hökümete garşy 1000-den gowrak demonstrant tussag edildi.

"Wýasna" atly adam hukuklary topary 8-nji noýabrda jemi 1024 adamyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilendigini habar berdi.

Sosial mediadaky wideolar we suratlar esasan raýat eşikli adamlaryň demonstrantlary zorluk bilen ýere ýykyşyny we olary polisiýa ulagyna zor bilen mündürişini görkezýär.

Tutha-tutluklaryň köpüsi paýtagt Minskde bolup geçdi, şol ýerde birnäçe müň adam demokratiýa marşy diýlip atlandyran çärä gatnaşdy.

Howpsuzlyk güýçleri demonstrantlaryň şäher häkimliginiň golaýyna ýygnanmagynyň, birnäçe köçäni petiklemeginiň we şäheriň merkezindäki ýerleri gabamagynyň öňüni aldy.

Irden Minskde internete girmek mümkinçiligi çäklendirilipdi we şäher merkezindäki birnäçe metro bekedi ýörişden bir sagat öň "ýolagçylaryň howpsuzlygyny" bahanalap, ýapyldy.

Protest ýörişleri we tussag edilmeler Homel, Witebsk, Žlobin we beýleki şäherlerde-de geçirildi.

Tutulanlaryň arasynda azyndan altysy žurnalistlerdi.

"Wýasna" tussag edilenleriň käbiriniň soň boşadylandygyny aýtdy.

26 ýyllap Belarusy dolandyran Lukaşenka, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri tas günde protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Oppozisiýa saýlawlaryň netijelerini galp diýip yglan etdi we Günbatar netijeleri kabul etmekden ýüz öwürdi.

Häkimiýetler Lukaşenkany sesleriň ýeňijisi diýip yglan edeninden bäri müňlerçe adam tussag edildi. Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur edildi.

“Zorluga, esassyz tussag etmelere” we prezident saýlawynyň “galplaşdyrylmagyna” jogap edip, Ýewropa Bileleşigi ýokary derejeli 55 belarus resmisine, şol sanda Lukaşenka garşy wiza gadagançylygyny girizdi we olaryň aktiwlerini doňdurdy.

Geçen hepde garaşsyz hasabat Belarusda prezident saýlawlarynyň öňýanynda we onuň dowamynda adam hukuklarynyň “köpçülikleýin we sistematik görnüşde” bozulandygyny, şol sanda saýlawyň galplaşdyrylandygyny, polisiýanyň aşa zorluk ulanandygyny, adamlaryň sistematik görnüşde gynalandygyny hem-de parahat protestçileriň köpçülikleýin tussag edilendigini aýtdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) howandarlygynda bir garaşsyz ekspert tarapyndan taýýarlanan hasabat ähli syýasy tussaglaryň boşadylmagyna, öňe sürülýän gynamalary we beýleki ýowuz çemeleşmeleri derňemek üçin garaşsyz we halkara derňew toparynyň döredilmegine çagyryş etdi.

“Dogrusy, şeýle hereketleriň 21-nji asyrda Ýewropa kontinentinde bolup geçmegi örän geň galdyrýar” diýip, ABŞ-nyň ÝHHG-daky ilçisi Jeýms Gilmor (James Gilmore) aýtdy. Ol “gynamalar, köpçülikleýin eden-etdilikli tussag etmeler, adamlaryň parahat ýygnanyşmak hukuklary, pikir we birleşmek azatlyklary boýunça giňeýän çäklendirmeler babatynda ynamdar hasabatlara” salgylandy.

“Aslynda, hasabat adamlara atylýan haýbatlar barada jikme-jik maglumat berýär – aýallara jynsy zorluk haýbatlary atylýar, maşgala agzalaryna öz çagalarynyň ellerinden alynjakdygy barada haýbatlar atylýar, fiziki kemsitmeler, adamlara hüjüm edilmegi, adamlaryň adamkärçiliksiz şertlerde türmelere basylmagy, bularyň ählisi häzirki wagtda Belarusda kanuny demokratiýanyň ösüşini pese gaçyrmagy maksat edinýär” diýip, Gilmor aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG