Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Hytaýda mejbury ýagdaýda öndürilen pagtanyň importyny gadagan edýär


Sinjniaň. Hotandaky gijeki bazarda çagasyny gujagyna alyp oturan uýgur zenany. Arhiw suraty

ABŞ Kongresi Sinjiaňda öndürilen önümleriň ählisini mejbury zähmet netijesinde öndürilen önüm diýip yglan etjek kanun taslamasyna seredýär. Bu kanun taslamasy kabul edilse, mejbury zähmet esasynda öndürilen harytlar hökmünde, Sinjiaňda öndürilen önümleriň ABŞ-a getirilmegini gadagan eder.

Birleşen Ştatlar, uýgurlara we beýleki türk musulman azlyk toparlaryna bolan gatnaşygy sebäpli, Hytaýa görkezýän ykdysady basyşyny giňeltdi we, mejbury zähmetiň ulanylmagy sebäpli, Hytaýyň iri harbylaşdyrylan guramasyndan pagta önümleriniň getirilmeginiň öňüni bökdedi.

ABŞ-nyň Gümrük we Serhet goragy (CBP) 2-nji dekabrda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň önümçilik we gurluşyk korpusy (XPCC) tarapyndan öndürilen pagta we pagta önümleri ýüküni saklajakdygyny yglan etdi.

Hytaýyň pagta önümleriniň 30 göterimini we dünýädäki ähli pagtanyň takmynan 6 göterimini öndürýän harby baglanyşykly kompaniýa garşy görlen çäre ABŞ-nyň Hytaýyň Sinjiaň sebitinde mejbury zähmet netijesinde öndürýän harytlaryna garşy gören soňky çäresi bolup durýar.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi iýul aýynda Sinjiaň önümçilik we gurluşyk korpusy bilen geçirilýän maliýe amallarynyň ählisini gadagan etdi.

Bu Gümrük we Serhet goragynyň soňky aýlarda Sinjiaňdaky mejbury zähmet töwekgelçiligi sebäpli harytlarynyň öňüni baglan altynjy kärhanasy bolupň durýar. ABŞ-nyň hökümeti hytaý hökümetiniň bu sebitde uýgur halkyna we beýleki etnik we dini azlyk toparlara basyş edýändigini aýdýar.

"Hytaýyň Sinjiaň sebitinde ulanylýan mejbury zähmetden yzygiderli peýdalanmagy her bir amerikan işewürini we sarp edijisini biynjalyk etmeli" diýip, Gümrük we Serhet goragy edarasynyň ýerine ýetiriji başlygy Mark Morgan aýtdy.

"Mejbury zähmet adam hukuklarynyň bozulmagy bolup, goragsyz işçilere zyýan ýetirýär we global üpjünçilik ulgamlaryna adalatsyz bäsdeşlik getirýär" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Soňky çäre ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň prezidentliginiň soňky hepdelerinde Hytaýa edilýän basyşy has-da artdyrmagy maksat edinýän wagtyna gabat geldi.

Kongres hem Sinjiaňda öndürilen önümleriň ählisini mejbury zähmet netijesinde öndürilen önüm diýip yglan etjek kanun taslamasyna seredýär.

Bu kanun taslamasy kabul edilse, mejbury zähmet esasynda öndürilen harytlar hökmünde, Sinjiaňda öndürilen önümleriň ABŞ-a getirilmegini gadagan eder.

ABŞ-nyň egin-eşik öndürijileri we beýleki kompaniýalary, şol sanda Apple we Coca-Cola gadagançylygyň has ulaldylmagyna garşy garşy çykyş etdiler.

Içeri howpsuzlyk ministrliginiň sekretary Kennet Kuçinelli (Kenneth Cuccinelli) metbugat ýygnagynda Sinjiaň sebitinden getirilýän pagta giriziljek gadagançylyga häli-bu güne çenli seredilýändigini aýtdy. Ol ABŞ-nyň Serhet gullugyna gözegçilik edýär.

Birleşen Ştatlar, BMG we adam hukuklary toparlary takmynan 1 million etniki uýguryň we esasan türk musulman azlyklaryna degişli ýerli ilatyň Sinjianda içerki lagerlerde saklanandygyny aýtdy.

Hytaý bu adamlara ýowuz daraşylaýandygy baradaky habarlary ret etdi we tussag lagerleriniň “ekstremizme” garşy göreş, hünär we dil öwretmek üçin niýetlenendigini öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG