Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýyllyk metbugat ýygnagynda Orsýetiň Nawalnyny zäherländigini ret etdi


Kreml adatça birnäçe sagat dowam edýän metbugat çäresine Russiýadan we daşary ýurtlardan 700-den gowrak žurnalistiň gatnaşmagyna ygtyýar berlendigini aýtdy.
Kreml adatça birnäçe sagat dowam edýän metbugat çäresine Russiýadan we daşary ýurtlardan 700-den gowrak žurnalistiň gatnaşmagyna ygtyýar berlendigini aýtdy.

68 ýaşyndaky Putin 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup, rus syýasatynda ýigrimi ýyllap esasy adam boldy. Şu ýylyň başynda tassyklanan konstitusiýa üýtgetmeleri bolsa, öňki KGB ofiseriniň teoriýa boýunça 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna ýol açdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ýurduň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegine gatnaşandygyny görkezýän täze derňew hasabatyny ret etdi we, delil getirmezden, rus oppozisiýa lideriniň ABŞ aňtaw gullugynda işleýändigini öňe sürdi.

Şeýle-de Putin, subutnama getirmezden, Bellingcat maglumat derňewleri toparynyň ýolbaşçylygynda geçirilen we şu hepde netijeleri çap edilen bilelikdäki hasabatyň "derňew däldigini, eýsem ABŞ-nyň aňtaw materiallarynyň ýuwulmagy bolup durýandygyny" aýtdy.

Putin Nawalnynyň awgust aýynda Sibiriň Tomsk şäherinde zäherlenmeginiň arkasynda FSB-nyň durandygy barada aýdylýanlaryň anyk bolmadyk media guramalarynyň işidigini öňe sürdi. Birnäçe daşary ýurt laboratoriýasy bu zäheri Sowet döwründe ruslar tarapyndan döredilen “Nowiçok” atly nerw agenti diýip kesgitledi.

Putin öz ýyllyk metbugat ýygnagynda "Günbatar metbugatynda Russiýa barada hemişe şeýle sensasion habarlar bolupdy" diýdi we “muňa geň galmaly däldigini” belläp, delil getirmezden, Nawalnynyň ABŞ-nyň “ýörite gulluklaryndan aýlyk alýandygyny” öňe sürdi.

"Ony zäherlemek maksady bolan bolsa, ol zäherlenerdi" diýip, Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

Wladimir Putin ýyllyk metbugat çäresinde Russiýanyň, beýleki ýurtlar ýaly, 2020-nji ýylda COVID-19 bilen baglanyşykly kynçylyklara duçar bolandygyny, emma ýurduň pandemiýa köplerden gowy taýýarlykly bolandygyny aýtdy.

145 million töweregi ilaty bolan Russiýa, tassyklanan hadysalaryň sany boýunça dünýäde dördünji bolup, 2,7 million töweregi adama wirus ýokuşandygyny habar berdi, COVID-19-dan ölenleriň möçberi boýunça bolsa dünýäde 10-njy ýerde durýar.

"Biz bu problemalary ýeterlik derejede dürs çözýändigimizi, oňa özleriniň ykdysady durnuklylygyna, sosial we saglyk ulgamlarynyň ösüşine ýerlikli buýsanýan beýleki ýurtlara garanda has gowy hötde gelendigimizi ynam bilen aýdyp bileris” diýip, Putin 17-nji dekabrda ýokary derejede gurnalan ýylahyr metbugat ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.

Bu çäre Russiýanyň çig mal harytlaryna garaşly ykdysadyýetiniň esasy eksporty bolan nebitiň bahasynyň peselmegi netijesinde görýän kynçylyklary bilen bir hatarda, Kremliň tanymal tankytçysynyň zäherlenmegi, ABŞ hökümetiniň nyşanalaryna edilen kiber hüjüminiň Moskwadan güman edilmegi sebäpli güýçlenen halkara gözegçiligine gabat geldi.

Putin Russiýanyň jemi içerki önüminiň 2020-nji ýylda 3,6 göterim pese gaçjakdygyny çaklady, ol bu görkezijiniň ABŞ-daky we Ýewropa Bileleşigindäki görkezijilerden pesdigini aýtdy. Ol ýurduň maliýe ulgamynyň “durnuklydygyny” we ýylyň ahyryna çenli, orsýetliler muny duýmasa-da, şahsy girdejileriň 1,5 göterim ýokarlanjakdygyny aýtdy.

Telewideniýe arkaly geçirilýän metbugat konferensiýasy Putiniň öz abraýyny ýokarlandyrmak, orsýetlilere olaryň ýolbaşçylarynyň edenli, başarnykly liderdigini ynandyrmak we ABŞ-a, dünýäniň beýleki ýerlerine yşarat etmek üçin ulanýan ýokary derejeli çäreleriniň biri bolup durýar.

68 ýaşyndaky Putin 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr bolup, rus syýasatynda ýigrimi ýyllap esasy adam boldy. Şu ýylyň başynda tassyklanan konstitusiýa üýtgetmeleri bolsa, öňki KGB ofiseriniň teoriýa boýunça 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmagyna ýol açdy.

COVID-19 pandemiýasy sebäpli Putin bu çärä Moskwanyň daşyndaky Nowo-Ogaryowodaky rezidensiýasyndan, uzakdan gatnaşsa, 250 töweregi rus we daşary ýurt žurnalisti oňa Moskwadaky Halkara söwda merkezinden gatnaşara diýip, Kreml aýtdy.

Sebitleriň habar beriş serişdeleri bu çärä wideo baglanyşygy arkaly birikdirilýär, prezidente žurnalist däller hem sorag berip bilýär. Bu Putiniň göni aragatnaşyk arkaly gurnaýan ýyllyk sorag-jogap mejlisiniň bir elementi bolup durýar.

Kreml adatça birnäçe sagat dowam edýän metbugat çäresine Russiýadan we daşary ýurtlardan 700-den gowrak žurnalistiň gatnaşmagyna ygtyýar berlendigini aýtdy.

Putiniň metbugat ýygnagy ABŞ-nyň hökümet nyşanalaryna edilen giň gerimli kiber hüjüminiň Moskwadan güman edilen wagtynyň hem yz ýanyna gabat geldi. Bu hüjüm barada ilkinji gezek 13-nji dekabrda habar berildi.

Emma Moskwa, Putiniň 15-nji dekabrda saýlanan prezident Jo Baýdeni gutlamagy bilen, bu aýdylýanlary ret etdi.

Metbugat ýygnagynda Putin ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň we ýörite prokuroryň gelen netijesini, Orsýetiň ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirilen saýlawa gatyşyp, Trampyň ýeňiş gazanmagyna kömek edendigini hem ýene bir gezek inkär etdi.

"Rus hakerleri ABŞ-nyň häzirki prezidentiniň saýlanmagyna hiç wagt kömek etmedi we bu beýik ýurduň içerki işlerine goşulmady. Bularyň hemmesi Orsýet bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary bozmak üçin edilýän oýunlar" diýip, Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG