Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Putin “Daşary ýurt agentleri” hakyndaky kanuna girizilen üýtgetmelere gol goýdy, tankytçylar onuň demokratiýa zyýan ýetirýändigini aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin adam hukuklaryny goraýjylaryň hem-de oppozisiýa syýasatçylarynyň demokratik prosese zyýan ýetirýändigini aýdýan kanunyna gol çekdi.

30-njy dekabrda güýje giren kanunçylyk “Daşary ýurt agentleri” hakyndaky kanuna girizilen üýtgetmeleri hem öz içine alýar. Täze üýtgetmelere görä, şahslar we jemgyýetçilik edaralary “daşary ýurt bähbidine” syýasy işler bilen meşgullanýar diýip hasaplansa, olar “daşary ýurt agentleri” hökmünde kabul ediler.

Şeýle at dakylan edaralardan öz işleri barada hasabat bermek talap ediler, hem-de olar maliýe barlaglary bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Putin “daşary ýurt agentleri” hökmünde anyklanan we “daşary ýurt agenti” hökmünde hasaba durmadyk, ýa-da öz işler barada hasabat bermedik adamlary bäş ýyla çenli türme tussaglygy bilen jezalandyrýan aýrybaşga bir kanun taslamasyna gol çekdi.

Ýörişleri ýa-da syýasy çekişmeleri geçirmek, döwlet syýasaty barada pikir beýan etmek, saýlawda ýa-da referendumda belli netijeleri öňe sürýän hereketler, saýlaw synçysy bolmak ýa-da syýasy partiýalara goşulmak, eger bular daşary ýurt edarasynyň bähbidine ýerine ýetirilen bolsa, “daşary ýurt” agenti hökmünde kabul edilmäge sebäp bolup biler.

Amnesty International teklip edilýän kanunçylygy berk tankytlap, onuň “Russiýanyň daşyndan maliýeleşdirilýän diňe raýat jemgyýeti guramalarynyň işini däl, eýsem başga-da köp toparyň işini agyr çäklendirjekdigini we olara zyýan ýetirjekdigini” aýtdy.

Tankytçylar ilkibaşda 2012-nji ýylda kabul edilen “Daşary ýurt agentleri hakynda” kanunyň rus raýat jemgyýeti guramalaryuny, adam hukuklaryny goraýjylary we syýasy aktiwistleri nyşana almak üçin eden-etdilikli ýerine ýetirilendigini we birnäçe üýtgetme bilen onuň geriminiň giňeldilendigini aýdýarlar.

Mundan başga-da, Putin media gözegçisi “Roskomnadzora” “rus mediasyny ýekirleýän” daşary ýurt web-saýtlaryna girişi doly ýa-da bölekleýin çäklendirmäge, ýa-da olara girişi haýallatmaga rugsat berýän başga bir kanun taslamasyna gol çekdi.

Bu kanunçylygyň YouTube, Facebook we Twitter ýaly iri sosial media platformalaryna täsir etmegine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG