Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bahalar irden bir başga, gijöýlän bir başga. Manadyň 'ysgyn-mejaly galmady’


Illýustrasiýa suraty

Türkmenabatda we Farapda azyk önümleri, hojalyk harytlary we gurluşyk materiallary yzygiderli gymmatlaýar. Bahalar walýutanyň gara bazaryna aýakdaş ýokarlanýar. Resmi kursdan tapawutlylykda, dollar gara bazarda 30 manat 30 teňňä çenli çykdy. Resmi metbugat ýurduň “ösüş depginleri” diýilýänleri mazamlamaga dowam etdirýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji ýanwarda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, walýutanyň gara bazarynda dollar Türkmenabatda 27-nji ýanwarda irden 29 manat 80 teňňeden bahalandy, ýöne onuň nyrhy öýläne çenli 30 manat 30 teňňä çykdy. Walýutanyň yzygiderli üýtgeýän bahasy hususy söwdadaky harytlaryň bahalaryna täsir edýär.

27-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitiň iri söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, hojalyk harytlarynyň hem-de gurluşyk materiallarynyň bahalaryny öwrendi, birnäçe telekeçi bilen gürleşdi.

“Günüň dowamynda bahalary üýtgetmek galat iş däl. Sebäbi, dollar 30 manatdan ýene 20-30 teňňe ýokarlandy. Ertir näçe boljagy belli däl” diýip, bir telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar. Ýöne gara bazarda onuň bahasy şu günler resmi nyrh bilen arany ep-esli açdy.

Soňky ýyllarda bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy, Türkmenistanyň iri energiýa müşderilerini wagtlaýyn ýitirmegi, ykdysady reformalaryň gijikdirilmegi, giň ýaýran korrupsiýa, synçylara görä, hökümetiň emelsizligi bilen goşalanyp, ýurt ykdysadyýetine agyr zarba urdy. Ilat garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz galdy. Bazarlarda bahalar gymmatlady, walýutanyň gara bazardaky alyş-çalyş bahasy resmi nyrhdan arany açdy. Bu ýagdaý, hem içerki önüm öndürijelere, hem sarp edijilere zyýan ýetirdi. Manat güýjüni ýitirýän mahaly, ilatyň manatda alýan girdejileri tas şol bir durkunda diýen ýaly saklanyp galdy. Ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçdy. Raýatlaryň bazar sebedi gitdigiçe kiçeldi.

“Manada ynam galmady. Resmi kursdan tas dokuz esse gymmatlady” diýip, 27-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan telekeçi sözüne goşdy. “Dollar ‘gyrkylan geçi ýaly’ yzyndan ýetdirenok. Durjaga-da meňzemeýär” diýip, beýleki bir ýaşaýjy söze goşuldy.

Söwdagärler dollaryň gara bazardaky bahasyny her gün üç sapar – irden, günortan we öýlän barlaýarlar. Şoňa görä-de öz harytlaryna baha kesýärler.

Bu ýagdaý müşderiler bilen satyjylaryň arasynda tiz-tizden düşünişmezliklere ýol açýar.

Türkmenabatda gurluşyk harytlary satylýan bir söwda nokadyndan 26-njy ýanwarda bir haryt satyn almakçy bolan müşderiler bahalaryň günüň dowamynda sagat saýyn üýtgeýişine şaýat boldy.

Bir müşderi uzynlygy 6 metrlik bir metal turbany sişenbe güni irden 250 manada satyn almaga ylalaşdy. Öýlän baryp görse, turbanyň bahasy 270 manada çykdypdyr.

“Müşderi närazy bolupdyr. Ýöne dollar irden 29 manat 80 teňňedi, öýlän 30 manat 30 teňňä çykypdyr. Biz hem peýda görmeli. Ätiýaç edip sähel gymmadyrak satmasak, ertir irden bahanyň näçe boljagy belli däl” diýip, türkmenabatly telekeçi anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýurtda dört ýyldan gowrak wagt bäri walýutanyň goşa nyrhy saklanyp galýar. Onuň bahasy Türkmenistanyň Merkezi bankynda bir başga, gara bazarda bir başga. Mundan ozal, noýabryň ortalarynda dollaryň resmi däl alyş-çalyş bahasy 23 manat töwereklerindedi. Şondan bäri, onuň bahasy durnuksyz ýokarlandy.

Bu aralykda, döwlet mediasy we ýarym-resmi habar saýtlary Türkmenistanda ähli ugurlarda uly-uly ösüşleriň gazanylýandygyny, belent-belent sepgitlere ýetilýändigini aýdýar, gazanylandygy aýdylýan ösüşleri mazamlaýar.

Gurluşyk harytlary dollara aýakdaş gymmatlaýan mahaly, ýarym-resmi “Biznes Türkmenistan” neşiri ýurduň gurluşyk pudagynda gazanylandygy aýdylýan ösüşler barada habar berýär. Neşir Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, 2008-2020-nji ýyllar aralygynda, meselem, ýurduň sement önümçiliginiň 89,2 % ýokarlanandygyny aýdýar. Degişli döwrüň dowamynda “diwar materiallarynyň önümçiligi 168,9 % ýokarlandy” diýip, neşir ýazýar.

Döwlet mediasy we ýarym-resmi habar neşirleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş problemalary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG