Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslar tussagdaky kreml tankytçysynyň boşadylmagyny talap edýär, häkimiýetler tutda-baslygy güýçlendirýär


Rus protestleri. Moskwa, 31-nji ýanwar, 2021
Rus protestleri. Moskwa, 31-nji ýanwar, 2021

Nawalnynyň topary ýurduň 11 wagt zolagyndaky 142 şäherinde protest ýygnanyşyklaryny planlaşdyrýar we bu demonstrasiýalaryň iň ulusy ýerli wagt bilen günortan Moskwada başlanýar.

Orsýetliler 31-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça tapgyr ikinji hepde ahyrynda tussag edilen Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap edip köçelere çykanlarynda, onlarça adamyň tussag edilendigi habar berildi.

Uzak Gündogarda we Sibirde demonstrantlar alyp barýan sowuk howa we berk howpsuzlyk çäreleriniň görlendigine garanazdan, ýurduň şäherlerinde geçirilmegine garaşylýan demonstrasiýalara başlamaga batyrlyk etdiler.

OVD-Info demonstrasiýa gününiň başynda 1 müň 600-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar berdi, Uzak Gündogaryň Wladiwostok şäherinde 100-den gowrak, Krasnoýarsk şäherinde 160-dan gowrak adam saklandy. Tutulanlaryň arasynda žurnalistler hem bar.

Pitnä garşy polisiýasy Moskwada we Sankt-Peterburgda ýerli wagt bilen günortan başlanýan demonstrasiýalar toplanan adamlaryň daşyny gabady.

“Häzirki zaman” TW-siniň wideolary polisiýanyň iki şäherde hem demonstrasiýaçylary tutup, garaşyp duran ulaglara alyp gidýändigini görkezýär.

Paýtagtda şäher transport baglanyşyklary ýapylyp, demonstrasiýalar gijikdirildi we 330-dan gowrak adamyň tussag edilendigi habar berildi, St. Peterburgda 100-den gowrak adam saklandy.

Şeýle-de, garaşsyz gözegçi topar Orsýetiň dürli şäherlerinde polisiýanyň planlaşdyrylan anti-hökümet ýörişlerinden öň aktiwistleriň öýlerine aýlanandygyny habar berdi.

Rus protestçileri
Rus protestçileri

Pitnä garşy polisiýasy Moskwada we Sankt-Peterburgda ýerli wagt bilen günortan başlanýan demonstrasiýalar toplanan adamlaryň daşyny gabady.

“Häzirki zaman” TW-siniň wideolary polisiýanyň iki şäherde hem demonstrasiýaçylary tutup, garaşyp duran ulaglara alyp gidýändigini görkezýär.

Wladiwostokda düşürilen wideolarda şäher merkezine girmegine rugsat berilmedik ýüzlerçe demonstrantyň Amur aýlagynyň buzlugynda bir-birine el berip, "Putin - ogry!", "Meniň Russiýam türmede!" diýip gygyryşlary görünýär.

Ol ýerdäki demonstrasiýalar takmynan iki sagatdan soň tamamlandy.

AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" telekanalynyň Permdäki wideolarynda şähere çykarylan köp sanly polisiýa işgäri görünýär.

Rus häkimiýetleri tutuş ýurt boýunça geçiriljek nägilelik ýörişine garşy berk taýýarlyk gördüler we polisiýa "bikanun" ýörişlere gatnaşyjylaryň koronawirus bilen baglanyşykly saglyk çäklendirmelerini bozandygy üçin jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigi barada duýduryş berdi.

Geçen dynç güni, soňky ýyllarda hökümete garşy geçirilen iň uly protest ýörişleriniň çäginde, 110-dan gowrak şäherde geçirilen demonstrasiýalarda 4000 töweregi adam tussag edildi.

Şondan bäri häkimiýetler Nawalnynyň iň ýakyn ýaranlaryna, habar beriş serişdelerine we umumy goldawçylaryna garşy tussaglyk we gorkuzma usullaryny ulanyp, başgaça pikirleriň ýaýramagyny basyp ýatyrmak üçin çalasyn hereket etdiler.

Nawalnynyň topary ýurduň 11 wagt zolagyndaky 142 şäherinde protest ýygnanyşyklaryny planlaşdyrýar we bu demonstrasiýalaryň iň ulusy ýerli wagt bilen günortan Moskwada başlanýar.

Paýtagtda demonstrantlar Lubýanka skwerine we Staraýa meýdançasyna, FSB-niň, Federal howpsuzlyk gullugynyň baş edarasynyň we prezident administrasiýasynyň edaralarynyň ýerleşýän ýerine ýygnanmaga çagyrylýar.

Protestleriň öňüsyrasynda Moskwa polisiýasy şäheriň merkezi bölegini, şol sanda metro stansiýalarynyň ýedisini ýapjakdygyny aýtdy.

Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň tarapdarlary ýekşenbe güni Moskwada syýasatçynyň saklanýan "Matros ümsümligi" tussaghanasyna tarap ýöriş etdiler ol ýerden yzlaryna dolandylar.

Ýörişe polisiýa garşy çykdy, oňa gatnaşan ýüzlerçe adam tussag edildi, käbirleri ýenjildi.

“OVD-Info” toparynyň habaryna görä, Moskwada agşam sagat 5-e çenli 800-den gowrak adam tussag edildi. Komsomolskaýada tussag edilenleri ellerinden we aýaklaryndan tutup göterdiler. Tutulanlardan biri (mämişi köwüşli), habarçymyzyň wakanyň bolan ýerinden habar bermegine görä, huşuny ýitirdi. Artem Raspopowyň (Nowaýa Gazeta) wideosy: pic.twitter.com/1UT93QZZvj

Deslapky tussaghananyň öňi polisiý atarapyndan baglandy, adamlary toplanyň, "Nawalana azatlyk!" diýip gygyrdylar.

"Matros ümsümligi tussaghanasynyň ýanynda nyşanalaýyn tutda-baslyklar boldy. Bu ýere ptotestçiler hem ýetip geldi güýç gurluşlarynyň wekilleri olara tarap topuldy. Mediazonanyň wideoasy: pic.twitter.com/K1qMJZZyA4

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG