Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa bilen dartgynly gepleşikleriň arasynda ÝB-niň baş diplomaty Russiýa bilen gatnaşyklaryň “pes derejededigini” aýdýar


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell (çepde) we Russiýanyň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow

Moskwa saparyna başlan Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Alekseý Nawalnynyň tussag edilmeginiň hem-de hökümete garşy protestçileriň basylyp ýatyrylmagynyň Russiýa bilen gatnaşyklary “pes derejä” getirendigini aýtdy. ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell 2017-nji ýyldan bäri Moskwa sapar amala aşyrýan ýokary derejeli ilkinji ÝB wekilidir.

5-nji fewralda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşan Borrell “biziň gatnaşyklarymyz agyr pursaty başdan geçirýär” diýdi.

Ýewropa ýurtlary Nawalnynyň türmä basylmagyny we ýurt boýunça Kremle garşy geçirilýän demonstrasiýalar tolkunyna Russiýanyň beren jogabyny berk ýazgardy.

Birleşen Ştatlary bilen bir hatarda Bileleşigiň 27 agzasynyň aglabasy 44 ýaşly kreml tankytçysynyň boşadylmagyny talap etdi. Nawalny awgustda nerw agent zäherlenmesinden aman galdy. Ol özüniň zäherlenmeginde Putini aýyplaýar.

“Men ministr Lawrowa biziň çuňňur aladamyzy beýan etdim we onuň boşadylmagy üçin hem-de onuň zäherlenmeginiň garaşsyz derňelmegi üçin ýüzlenmämizi ýene bir gezek gaýtaladym” diýip, Borrell gepleşikleriň birinji tapgyryndan soň žurnalistlere aýtdy. Ol iki tarapyň arasyndaky gatnaşyklaryň “ýiti dartgynlydygyny hem-de Nawalny işiniň gatnaşyklary pes derejä getirendigini” belledi.

Borrell bilen duşuşmaga barýan mahaly Lawrow žurnalistlere Russiýa bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklara “adalatly synyň” “gijä galandygyny” aýtdy.

Şeýle-de, ol Brýusseliň özüni barha ABŞ ýaly alyp barýandygyny hem-de onuň ýurtlara birtaraplaýyn çäklendirme girizýändigini aýtdy we munuň Moskwanyň ünsüni çekendigini belledi.

“Russiýa üçin ÝB ygtybarly hyzmatdaş däl” diýip, Lawrow taraplar arakesmä çykanda aýtdy.

Rus resmileri Günbatary öz işine gatyşmakda aýyplasa-da, Borrell Moskwa gelmezden öň öz saparynyň “içeri işlere gatyşmak däl-de”, onuň “ähliumumy ýörelgedigini we halkara borçnamadygyny” aýtdy. Ol Russiýanyň Ýewropa Geňeşine hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna agzadygyny belledi.

Nawalny Germaniýada zäherden açylýan wagty ozal özüne çykarylan hökümiň şertlerini bozany üçin 2-nji fewralda 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň höküm bilen geçiren wagtyny göz öňünde tutup, kazy Nawalna 2 ýyl 8 aý türme möhletini berdi.

Nawalny 2014-nji ýylda bir ogurlyk aýyplamasy bilen şertli tussaglyga höküm edildi. Bu höküm giňden syýasy matlaply hasaplanýar. Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti 2017-nji ýylyň oktýabrynda bu iş “eden-etdilikli we görnetin esassyz” diýen netijä geldi.

Nawalny 5-nji fewralda ýene kazyýete çykaryldy. Bu sapar ol geçen ýylyň konstitusion reformalaryny mahabatlandyrýan bir wideoda surata düşen II Jahan urşunyň weteranyna töhmet atmakda aýyplanýar. Geçen ýylyň konstitusion reformalary Putine, eger ol öňümizdäki iki prezident saýlawyna gatnaşmagy saýlap alsa, 2036-njy ýyla çenli häkimiýetde galmaga ýol açýar.

Nawalny iýun aýynda kremlçi wideoda surata düşen weterany we beýlekileri Twitterde “ýurt masgarasy”, “dönük” diýip suratlandyransoň, oňa günä bildirildi.

Nawalny geçen tomus özüne garşy gozgalan bu işiň özüniň Kremle garşy alyp barýan kampaniýalaryny basyp ýatyrmak üçin edilýän yzygiderli çäreleriň bir bölegidigini aýtdy.

Nawalny 4-nji fewralda özüniň tussaglyga höküm edilmeginden soň beren ilkinji möhüm teswirinde ruslary gorkyny ýeňip geçmäge hem-de ýurdy “häkimiýet başyndaky bir topar ogrudan” halas etmäge çagyrdy.

“Meniň arkamda demir gapylar çirkin ses bilen ýapyldy, ýöne men özümi azat adam ýaly duýýaryn, sebäbi men özümiň mamladygyma ynanýaryn, size we maşgalama beren hemaýatyňyz üçin sagbol aýdýaryn” diýip, Nawalny Instagramda paýlaşan bir postunda ýazdy.

Günüň ikinji ýarymynda ABŞ prezidenti Jo Baýden Nawalna goldaw beýan etdi. Ol putin tankytçysynyň türmä basylmagyny “biz üçin we halkara jemgyýetçiligi üçin çuňňur alada” atlandyrdy hem-de Russiýadan ony “şertsiz we derhal” boşatmagy talap etdi.

Kreml Nawalnynyň türmä basylmagy we onuň goldawçylarynyň basylyp ýatyrylmagy boýunça Günbataryň tankydyny hem-de içerki tankydy ret etmäge dowam etdirýär, Günbatary galagoplykda we goşa ölçegde aýyplaýar.

Meşhur aktiwistiň ýanwaryň ortalarynda Russiýa dolanansoň, tussag edilmegi ýurt boýunça soňky on ýylyň içinde iň iri hökümete garşy protestleri tutaşdyrdy, ýurduň çar künjeginde 100-den gowrak şäherde ýüzlerçe müň adam protestlere gatnaşdy. 23-nji ýanwar – 31-nji ýanwar aralygynda geçirilen protestlerde polisiýa jemi 10 müň töweregi adamy tussag etdi.

Şeýle-de, Nawalnyny türmä höküm etmek barada kazyýetiň çykaran kararyndan soň, köçelere çykan demonstrantlardan 1,400-den gowrak adam tussag edildi. Nawalnynyň köp sanly egindeşi tussag edildi, olara jerime salyndy, ýa-da öý tussaglygyna alyndy.

Nawalnynyň ýakyn ýarany Leonid Wolkow oppozisiýa taýýarlyk üçin has köp wagt bermek maksady bilen, 6-7-nji fewral dynç günlerinde däl-de ýylyň dowamynda has soňrak täze demonstrasiýalaryň geçirilmegine çagyryş etdi.

“Biz olary guramalaşdyrarys we hökman baharda we tomusda başga bir uly [protest] geçireris” diýip, ol YouTube göni efirinde aýtdy.

Russiýa 17-nji sentýabrda möhüm parlament saýlawlaryny geçirer. Nawalny we onuň topary raýatlary putinçi “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň kandidatlarynyň garşysyna dalaş edýän syýasatçylara ses bermäge höweslendirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG