Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, ABŞ arasynda ýadro meselesi boýunça gapma-garşylyk çuňlaşýar


Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň 2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda köpçülige ýetiren suraty Natanzdaky uran baýlaşdyryjy desgany görkezýär.
Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň 2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda köpçülige ýetiren suraty Natanzdaky uran baýlaşdyryjy desgany görkezýär.

7-nji fewralda Eýran we ABŞ Tähranyň dünýä güýçleri bilen ýadro şertnamasy baradaky ylalaşygyna degişli düşünişmezligini hasam çuňlaşdyrdylar, sebäbi iki ýurduň liderleri beýleki tarapyň hereket etmegini islediler.

Prezident Jo Baýden, Eýrany gepleşik başyna getirmek üçin sanksiýalary ýatyrmajakdygyny, Tähranyň 2015-nji ýyldaky ýadro şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

7-nji fewralda CBS bilen geçirilen söhbetdeşlikde Baýden Eýrany gepleşiklere çekmek üçin sanksiýalar togtadyljakmy diýlip berlen soraga "ýok" diýip göni jogap berdi.

Soňra prezident Eýrandan ýadro şertnamasyna laýyklykda urany baýlaşdyrmagyň derejesini togtatmalymy ýa-da ýokmy diýip soranlarynda, oňyn jogap berdi.

Eýranyň baş lider Aýatolla Ali Hameneýi mundan ozal ABŞ Eýranyň şertnama boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini islese ähli sanksiýalary ýatyrmalydygyny aýtdy.

"Eýranyň öz üstüne alan borçnamalaryna gaýdyp gelmegini isleseler, ABŞ ähli sanksiýalary iş ýüzünde ýatyrmaly, barlap göreris we sanksiýalaryň dogry ýatyrylandygyna ýa-da ýokdugyna serederis" -diýip, Hameneýi 7-nji fewralda döwlet telewideniýesinde aýtdy. Ol bu kararyň yzyna gaýtaryp bolmajak we gutarnyklydygyny we Eýranyň ähli resmileriniň bu meselede ylalaşýandygyny aýtdy.

Analitiklere görä, şeýle teswirler bilen Hameneýi geljekde sanksiýalaryň gowşadylmagy dogrusynda ilkinji gezek tassyknama talap edýär. Ol munuň bilen meseläniň ynjykdygyny ýaňzytdy. Öňki prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda ylalaşykdan çekildi we Eýrana garşy agyr sanksiýalary girizdi.

Trampyň ylalaşykdan çekilmegine jogap edip, Tähran pes derejede baýlaşdyrylan uranyň ätiýaçlyk goruny köpeltmek, onuň arassaçylyk derejesini ýokarlandyrmak we uran baýlaşdyrmakda ösen enjamlary ulanmak arkaly ýuwaş-ýuwaşdan ylalaşygyň şertlerini bozdy.

Iki ýurduň liderleriniň çekeleşikli teswirleri Baýdeniň Tramp tarapyndan ret edilen möhüm şertnamany janlandyrmak isleýänligi sebäpli öňdäki agyr diplomatik problemanyň üstüni açdy. Eýrandan ilki bilen ylalaşygyň şertlerini gaýtadan berjaý etmegi talap etmek bilen bir hatarda Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary soňy bilen Eýranyň raketa programmasyny we sebit syýasatyny hem öz içine alýan “has uzak möhletli we has berk” ylalaşyk gazanmagy nazarlaýar.

Eýran resmileri ýurduň raketa programmasynyň hem-de özüniň sebit syýasatynyň gün tertipde däldigini, ilki bilen Birleşen Ştatlaryň özüniň ýadro ylalaşygyň şertlerini berjaý etmelidigini tutanýerli aýdýar. Ýadro ylalaşygy sanksiýalaryň gowşadylmagynyň öwezine Eýranyň öz ýadro programmasyny çäklendirmegini talap etdi.

Eýranyň daşary işleri ministri Mohammad Jawad Zarif Hameneýiň aýdan belliklerinden soň CNN-e beren interwýusynda öňki talaplaryndan görnetin el çekip, Waşingtonyň girizen sanksiýalarynyň öwezini dolmak üçin ABŞ-dan kompensasiýa talap etmekligiň ýadro ylalaşygyny gaýtadan dikeltmek üçin “şert” däldigini aýtdy.

Bu aralykda, taraplaryň ikisi-de bellenen birnäçe möhlete garşy çykýar.

Eýran parlamenti tarapyndan dekabrda kabul edilen kanun, eger ABŞ sanksiýalary 21-nji fewrala çenli gowşadylmasa, hökümeti özüniň ýadro pozisiýasyny berkitmäge mejbur edýär. Berk çäreler BMG ýadro synçylarynyň ýurtdan çykarylmagyny hem öz içine alýan bolmagy mümkin.

6-njy fewralda eýran neşirine beren başga bir interwýusynda Zarif Waşingtondan ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmek üçin çalt hereket etegi talap etdi.

“Hem parlamentde kabul edilen kanun taslamasy sebäpli, hem-de Eýran Täze ýylynyň yz ýany geçiriljek saýlawlar sebäpli, amerikanlar üçin wagt azalýar” diýip, Zarif “Hamşahri” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Eýran Täze ýyly 21-nji martda başlanýar we baýramçylyk iki hepde töweregi dowam edýär.

Eýranda prezident saýlawlary iýunda geçiriler.

Aram prezident Hassan Rohani möhlet çäklendirmeleri sebäpli hem-de bireýýäm parlamentde gözegçiligi ele alan aşa syýasatyň tarapdarlary sebäpli nobatdaky gezek prezidentlige dalaş edip bilmez. Aşa syýasatyň tarapdarlarynyň prezidentlige gözegçiligi ele almaklary mümkin, bu ýagdaý ABŞ bilen barlyşmak mümkinçiliklerini azaldar.

“Amerika näçe gijä galsa, şonça-da ýitgi çeker” diýip, Zarif söhbetdeşlikde aýtdy.

“Bize ylalaşyk stoluna gaýtadan dolanmak gerek däl. Stola gaýtadan gaýdyp gelmek üçin petek tapmaly tarap Amerikadyr” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG