Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen telewideniýesi tapgyrlaýyn esasda öz-özüni maliýeleşdirer


Türkmen telewideniýesiniň işgärleri. Illýustrasiýa.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçiriler. Bu barada Trend neşiri Türkmenistanyň Döwlet habarlar (TDH) agentligine salgylanyp habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, Döwlet komitetiniň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi baradaky mesele Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gozgaldy.

TDH-nyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow 7-nji fewralda ýurduň medeniýet ulgamy we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata käbir wise-premýerler, medeniýet ulgamy boýunça ýokary derejeli resmiler hem-de media ýolbaşçylary gatnaşdy.

Prezident “Döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy barada aýdyp, onuň tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy” diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň telewideniýe, radio we kino pudagyny hojalyk hasaplaşygyna geçirmek tagallalary ýurtda ykdysady krizisiň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Maslahatyň dowamynda prezident beýleki gulluklar bilen bir hatarda neşirýat gullugynyň işi boýunça-da käbir tabşyryklary berdi. Ol neşirýat işi üçin zerur bolan harytlar satyn alnanda, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň tygşytlanylmagyna üns çekdi.

Mundan ozal, ýanwaryň başlarynda Türkmenistanda döwlet emlägini tygşytlamak tagallalarynyň çäginde käbir gazet-žurnallar birleşdirildi. “Türkmen dili” gazeti, “Mugallymlar gazetine”, “Galkynyş” gazeti “Watan” gazetine, “Wozroždeniýe” žurnaly “Diýar” žurnalyna birleşdirildi. Resmi metbugata görä, bu çäreler bilen ýurtda 123 tonnadan gowrak kagyz tygşytlanar.

Munuň yzýany, ýanwaryň ortalarynda Türkmenistanda käbir gazetlerde “baş redaktoryň orunbasary wezipesi” ýatyryldy. Resmi metbugat degişli iş orunlarynyň ýatyrylmagynyň gazetleriň işgär sanyna täsir etmeýändigini belledi.

Bu aralykda, Türkmenistan gazet-žurnallary onlaýn ulgama geçirmäge dowam etdirýär. Her gazetiň öz web-saýty ýok, ýöne olaryň her sany Döwlet neşirýat gullugynyň resmi web sahypasynda .pdf görnüşinde okyjylara ýetirilýär.

Döwlet neşirýat gullugyna görä, ýurtda 24 gazet we ýedi žurnal çap edilýär. Şeýle-de, TDH-nyň gözegçiliginde “Türkmenistan: Şu gün” we “Türkmenistan: Altyn asyr” atly web-saýtlar hereket edýär. Ýurtda çap edilýän gazetlerden diňe “Zaman:Türkmenistan” we “Rysgal” gazetlerini hususy taraplar maliýeleşdirýär. Ýöne synçylara görä, ýurduň ähli gazet-žurnallary mazmun taýdan birmeňzeş bolup, olar döwlet propagandasyna gulluk edýär.

Galyberse-de, 7-nji fewral maslahatynda prezident media we medeniýet işgärlerinden ýurtda gazanylandygy aýdylýan ösüşleri täzeçil usullar bilen wagyz etmegi ýene bir gezek talap etdi.

Ýurduň teleýaýlymlaryny, radio kanallaryny we kino pudagyny tapgyrlaýyn esasda hojalyk hasaplaşygyna geçirmegiň tertibi äşgär edilmeýär. Ýöne, bu ulgamlaryň hojalyk hasaplaşygyna geçirilmegi olaryň öz-özüni maliýeleşdirjekdigini aňladar. Halkara tejribede hojalyk hasaplaşygyndaky telekanallar beýleki maliýe çeşmeleri bilen bir hatarda mahabatlardan hem girdeji gazanýar.

Türkmen tomaşaçylary döwlet telekanallarynda berilýän gepleşikleriň hilinden we mazmunyndan şikaýat edýärler. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda daşary ýurt telekanallary, şol sanda rus we türk telewideniýesi ilat arasyndaky meşhurlygyny saklap galýar.

7-nji fewral maslahatynda prezident Medeniýet ministrligine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde halk köpçüligi üçin “gyzykly, özüne çekiji, milli äheňli, ýokary hilli döwrebap kinolary” taýýarlamak boýunça tabşyryk berdi.

Garaşsyz synçylar hususan-da soňky 30 ýylda ýurtda medeniýet we sungatyň garyplaşandygyny, olaryň ýöwselleşdirilendiklerini, galyberse-de milli kino sungatynyň harsallaşandygyny aýdýarlar.

Hökümete ýakyn sungat işgärleri garaşsyzlyk ýyllarynda milli öwüşginli eserleri döretmäge giň ýol açylandygyny öňe sürýärler.

Medeniýet we media resmileri bilen geçiren ýygnagynda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowa “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” “berk käýinç” yglan etdi. TDH “düýpli kemçilikleri” aýdyňlaşdyrmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG