Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan 'degişli gazetlerde' orunbasar wezipesini ýapýar


Prezidentsiz çykmaýan gazetler.

“Metbugatdaky uly wezipeler azaldylsa, diňe başlyksyrap ýören adamlar azalman, döwlet serişdesi hem tygşytlanar, ýolbaşçy köpeltmek diňe zyýan. 'Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar' diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar” diýip, aşgabatly žurnalist Azatlyga aýtdy.

Türkmenistanda “degişli gazetleriň baş redaktorlarynyň orunbasary wezipesi” ýapyldy. Şol bir wagtda, bu iş orunlarynyň ýapylmagynyň “degişli gazetleriň” bellenen işgär sanyny üýtgetmeýändigi aýdylýar.

TDH Türkmenistanyň prezidentiniň bu karara 14-nji ýanwarda gol çekendigini habar berip, “degişli gazetleriň” anyk haýsy neşirleri öz içine alýandygyny anyklaşdyrmady.

Resmi habara görä, bu karar “ýurduň neşirýat-çaphana ulgamynyň, şeýle hem gazetleriň redaksiýalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen” kabul edildi.

Mundan öň türkmen hökümeti, neşirleriň sanly görnüşleriniň döredilmegi we kagyz tygşytlanmagy sebäpli, geçen ýylyň aýagynda käbir gazet-žurnallaryň birikdirilýändigini mälim etdi we şu ýylyň başynda esasy gazetleriň bahasyny üç esse gymmatlatdy.

Onlarça ýyl bäri bir-birini gaýtalaýan gazet-žurnallaryň birikdirilip başlanmagy ýurtda bir adamyň şahsyýetini ideallaşdyrmak bilen meşgullanýan metbugat işgärleriniň ýüzlerçesiniň işlerini ýitirjekdigi baradaky çaklamalary döretdi.

Emma hökümetçi metbugat birikdirilýän neşirleriň işgär sanyny azaltmak barada “gürrüň edilmeýändigini” aýtdylar.

emma muňa garamazdan, baş redaktorlaryň orunbasarlary wezipeleri bolmanda birikdirilen neşirlerde ýapylýan hem bolsa, bu okalmaýandygy aýdylýan gazetlerdäki iş orunlarynyň bölekleýin kemeldilýändigini görkezýär.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly žurnalistiň sözlerine görä, gazet-žurnallarda baş redaktordan soň kähalatda birnäçe orunbasar, jogapkär sekretar we ençeme bölüm müdiri bolup, olar şol bir gaýtalanyp çap edilýän materiallara köplenç okaman gol çekýär.

“Metbugatdaky uly wezipeler azaldylsa, diňe başlyksyrap ýören adamlar azalman, döwlet serişdesi hem tygşytlanar, ýolbaşçy köpeltmek diňe zyýan. 'Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar' diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar” diýip, aşgabatly žurnalist Azatlyga aýtdy.

"Serhetsiz reportýorlar" guramasynyň metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda yzdan ikinji orunda durýan Türkmenistan, “Azatlyk öýi” guramasynyň maglumatyna görä, internet azatlygy reýtinginde aşakdan dördünji orunda durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG