Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda koronawirusa garşy waksinasiýa, Maryda maskasyz adamlary tutmak boýunça reýdler başlandy


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)  

3-nji fewralda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda medisina işgärlerine COVID-19 garşy "Sputnik V" rus waksinasynyň edilip başlandygyny habar berdiler. Bu aralykda Maryda maska režiminiň berjaý edilişine gözegçilik güýçlendirildi. Polisiýa jemgyýetçilik transportynda barlag geçirýär we maskalary nädogry dakynan ýolagçylary turup äkidýär we jerime salýar. Pyýadalara hem jerime salynýar.

Marydaky habarçylaryň sözlerine görä, polisiýa reýdleri köçelerde we jemgyýetçilik transportynda, şol sanda şäher awtobuslarynda we şäherçeler bilen etraplaryň arasynda hereket edýän awtobuslarda amala aşyrylýar.

"Şu gün irden Baýramalydan Mary şäherine barýan ýolda awtobus 4 gezek saklandy. Polisiýa awtobus ýolagçylarynyň sanyny we ýolagçylaryň maskalarynyň bardygyny barlady. Awtobus Mary şäherine girenden soň, ýene 3 gezek saklandyk we gaýtadan barlandyk" diýip, ýolagçylaryň biri adynyň agzalmazlyk şerti bilen 3-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa maskasy nädogry dakylan diýip hasap eden ýolagçylary ulagdan düşürýär we jerime salýar. Burundan sähel aşak düşen maska düzgün bozma hasaplanýar.

Şeýle-de, pyýadalar hem hökmany maska dakynmak düzgünini bozýanlary ýüze çykarmak boýunça geçirilýän çäreleriň güýçlenýändigini duýdular.

Marynyň köçelerinde, ähli köpçülik ýerlerinde we howlularda adamlaryň maska dakyşlary barlanýar. Mundan başga-da, döwlet edaralarynda we hususy kärhanalarda polisiýanyň reýdleri ýygy-ýygydan bolýar.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, polisiýa birden edaralara barýar we maskany talaba laýyk dakynmadyk birini tapsa, ozalkylary ýaly ýolbaşçylaryň ýanyna baryp, şol ýerde jerime salmaýar, eýsem dessine polisiýa bölümine äkidýär.

Türkmenistan berk çäklendirmeleri we maska dakynmak talabyny 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-niň koronawirus boýunça toparynyň ýurda sapar eden wagtynda girizipdi. Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürüp, durmuşa geçirilýän talaplaryny "ýokanç keselleriň öňüni almak çäreleriniň bir bölegi hökmünde" öňe sürýärler.

Türkmen häkimiýetleriniň maska düzgünini bozanlar bilen alyp barýan göreşi ilata ýaramaz täsir edýär. Käbir ýagdaýlarda bu adamlar üçin işini ýitirmek töwekgelçiligini döredýär. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, 3-nji fewralda polisiýanyň jemgyýetçilik ulaglaryna eden reýdinde maska düzgünini bozandygy üçin irden saklanan ençeme ýolagçy diňe günortan iş ýerine baryp bilipdir. Ir sagat 8-de işe barýarka saklanan adamlar polisiýanyň ýörite awtobusynda 4 sagatdan gowrak wagt geçirdiler. Polisiýa täze düzgün bozanlary gözlemek üçin şäher köçelerinde aýlanyp, diňe 12: 20-de polisiýa bölümine tutan adamlaryny alyp bardy we jerime ýazýança ýene bir sagat geçdi. Netijede, köpüsi öýlän sagat 2 töweregi iş ýerlerine baryp bildi.

Polisiýa işgärleri jemgyýetçilik transportynyň içindäki ýolagçylaryň sanyna hem gözegçilik edýärler. Awtobuslarda adam köp bolmaly däl. Dik duran ýolagçylar tapylsa, sürüjilere jerime salynýar. Sürüjiler bu talaplary ýerine ýetirmegiň mümkin däldigini aýdýarlar, sebäbi jemgyýetçilik ulaglarynda adatça ýolagçylaryň aşa köp bolýandygyny belleýärler.

Marydaky habarçylar ýerli resmileriň ilatyň maska dakynmagyna gözegçiligiň güýçlendirilmegini waksinasiýanyň başlanmagyna görülýän taýýarlyklar bilen düşündirýärler. Waksinasiýa Maryda başlanmandyr.

Aşgabatdaky habarçylarymyz bolsa, paýtagtda saglyk işgärleriniň "Sputnik V" waksinasynyň ilkinji sanjymlaryny eýýäm alyp başlandyklaryny 3-nji fewralda habar berdiler. Ikinji sanjym üç hepdeden berler.

Mundan ozal habarçylarymyz Orsýetiň koronawirusa garşy sanjymyň 15-nji fewralda edilip başlanmagyna garaşylýandygyny habar beripdi. Ilata koronawirusa garşy sanjymlaryny etmek üçin taýýarlyklar ýanwar aýynda başlandy, waksinasiýa ediljek adamlaryň sanawlary düzüldi we sebit lukmançylyk edaralarynyň işgärlerine tälim berildi. Paýtagtda 60 ýaşdan uly adamlaryň gany barlandy. Lebapda COVID-19 keseline garşy waksinalar edilmeli adamlardan zerur resminamalar, şol sanda elektron saglyk kitapçasy talap edildi we bu uly nobatlary döretdi.

Ýurtda hasaba alnan koronawirus hadysalarynyň ýokdugyny resmi taýdan yglan edýän türkmen ýolbaşçylary koronawirusa garşy Orsýetde öndürilen waksinalaryň ikisini yzly- yzyna resmi hasaba aldy. Emma Türkmenistanyň häkimiýetleri öz ilatyna koronawirusa garşy waksinasiýa degişli çäreleriň jikme-jiklerini mälim etmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG