Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen häkimiýetleri türmelerdäki zorluk we korrupsiýa barada gürlän öňki tussag zenany gözleýär


Türkmenbaşy şäheriniň türmesi, 2008 (illýustrasiýa suraty)

Türkmen häkimiýetleri adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasyna türkmen türmelerindäki zorluk we korrupsiýa barada gürrüň beren zenanyň gözlegine çykdylar. Bu barada guramanyň 1-nji martda ýaýradan maglumatynda aýdylýar.

Geçen hepdeden bäri Türkmenistanyň kanun goraýjy guramalarynyň türkmen türmelerindäki korrupsiýa, sütem we gynamalar barada köpçüligiň dykgatyna ýeten jikme-jik maglumatlary beren aşgabatly öňki tussag zenany işjeň gözleýändigi we onuň häkimiýetleriň eden-etdiligi barada gürrüň bermeginiň öňüni almaga synanyşýandygy maglumatda bellenýär.

"Memorial" 1-nji martda çap eden habarynda öňki tussagyň türmedäki ýagdaýlar barada beýany esasynda dekabrda we fewralda çap eden maglumatlarynyň fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň web sahypalarynda rus we türkmen dillerinde gysgaldylan görnüşde çap edilendigini, tekstiň käbir daşary ýurt saýtlary tarapyndan ýaýradylyp, ýakynda YouTube saýtynda ses görnüşinde peýda bolandygyny belleýär.

2015-nji ýylda türkmen türmesinde oturan Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň ozalky işgäri Orsýetde adam hukuklaryny goraýan gurama bilen söhbetdeşliginde, hususan-da, Ýaşlykdaky tussaghana barada gürrüň berip, onuň köne, üç gatly binasynda bendi aýallary, bedenleriniň ähli ýerine el urup, erkekleriň barlaýandygy, soň ýörite gynap, ýowuz şertlerde, ýeke we suw-çöreksiz saklaýandygyny gürrüň berdi.

  • Barlagdan soň tussagy "stakan" diýilýän bir adamlyk, içinde diňe dik durup ýa hor bolsaň çommalyp oturup bolýan kamera salýarlar. Beton diwarlar tikenekli edilip suwalan we ýaplansaň – çümýär. Men o wagt semizdim, zordan ýerleşdim, ýöne öwrülip bilemok, sebäbi diwarlar "dişleýär". Ne suw, ne nahar berýärler. Hajat edesiň gelse diýip, ýokarysy kesilen baklaşka goýýarlar, bolany. Şol ýerde dört ýa bäş sagat sakladylar" diýip, tussag ýatlaýar.

Zenanyň ýatlamalarynyň ýene bir ýerinde şeýle diýilýär:

  • Iki gün soň nobatçy geldi, buzly legen getirdi. Ol adamlary depip, aýagyny buzly legene saldyrýar we ol ýere suw guýýar. Şeýle ýagdaýda otyrsyň. "Eger beýdip oturmajak bolsaň, goý, telefona 100 dollar geçirsinler, şondan soň aýagyňyzy buzly suwdan çykarmaga rugsat ederin" diýýär.

"Memorialyň" 1-nji martda çap eden habaryna görä, bu neşirlerden soň türkmen häkimiýetleri türkmen türmelerindäki ýagdaýy paş edýän täze maglumatlaryň peýda bolmagynyň öňüni almak üçin çäreleri gördüler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi zenany gözlemekde işjeňlik görkezýär, hut ministrligiň ýokary wezipeli wekilleriniň tussaghanalar barada beýan edilen aýylganç ýagdaýlara gatnaşygy bar diýlip, “Memorialyň” habarynda aýdylýar.

Maglumata görä, 24-nji fewralda öňki tussag zenanyň azyndan üç garyndaşy telefon arkaly Aşgabadyň Žitnikow köçesindäki polisiýa bölümine çagyrylypdyr. Olara zenanyň özi we adamsy barada sorag berlip, onuň "sem bolmagy" talap edilipdir we onuň "Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň atlaryny we familiýalaryny agzasa, türmede çüýrejegi" duýdurylyp, haýbat atylypdyr.

Polisiýa işgäri: “Ony köşeşdiriň, sesini çykarmasyn. Başga bir ýerde Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň atlaryny we familiýalaryny agzasa, türmede çüýrär "- diýipdir. Polisiýa wekiliniň sözlerine görä, Türkmenistan zenana garşy neşe gaçakçylygy we beýleki jenaýatlar bilen bagly aýyplamalar boýunça materiallary taýýarlapdyr. Şonuň üçin "umyt etmesin, hukuk goraýjylar oňa kömek etmez". "Oňa aýdyň, tussag edilip, bu ýere getirilende, beren interwýusynda agzan her bir söz we at üçin Owadandepede (Aşgabat şäheriniň golaýyndaky türme – “Memorialyň” belligi) jogap berer" -diýip polisiýa işgäri zenanyň garyndaşlaryna aýdypdyr.

Türkmen türmelerindäki ýagdaýlar barada adam hukuklaryny goraýjy gurama gürrüň beren zenanyň käbir agyr jenaýat işlerine gatnaşygy barada galp aýyplamalar esasyndaky materiallaryň Orsýete iberilen bolmagy mümkin. "Memorial" guramasynyň maglumatynda türkmen güýç gulluklarynyň Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) we Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň kömeginden peýdalanýandygy habar berilýär.

Geçen hepdede polisiýa we FSB zenanyň Moskwadaky tanyşlaryndan sorag edip başlady, ony nirede we haçan görendiklerini, haçan habarlaşandygyny anyklamaga synanyşdy. Dürli edaralaryň işjeň hereketleri kanun goraýjylaryň türkmen häkimiýetlerine kömek bermegine degişli meseläniň ýokary derejede ylalaşylandygyny görkezýär diýlip, maglumatda aýdylýar.

Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” merkeziniň habaryna görä, bolup geçýän wakalar, jenaýatçylyga garşy gönükdirilen halkara şertnamalarynyň başgaça pikirlere garşy göreşmek üçin nähili ulanylýandygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň gol çeken halkara borçnamalaryna laýyklykda, bu ýurduň häkimiýetleri tankytlara jogap hökmünde galp aýyplamalary ulanmaly däl-de, derňew edaralarynda we türme ulgamynda zorluk we gynamalar baradaky köp sanly habarlary çynlakaý derňemeli we täsirli çäreleri görmeli. Türkmen resmileri türmelerdäki ýagdaýy gowulandyrmagy maksat edinmeli.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama türkmen türmelerindäki aýylganç ýagdaýlar barada gürrüň beren zenan bilen söhbetdeşliginiň iki bölümini 2020-nji ýylyň dekabrynda we 2021-nji ýylyň fewralynda öz websaýtynda çap etdi we üçünji bölegini neşir etmäge taýýarlanýandygyny habar berýär.

"Memorialyň" aşgabatly zenan bilen söhbetdeşlik esasynda çap eden maglumatyndaky türkmen türmelerinde eden-etdilik, agyr şertler, açlyk, bendileriň gynalmagy, urlup-ýenjilmegi, zorlanmagy, kemsidilmegi ýaly aýylganç ýagdaýlary Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen öňki tussaglaryň ençemesi tassyk edýärler.

Halkara guramalary, şol sanda BMG we günbatar döwletleri Türkmenistanyň türme sistemasyna degişli jikme-jik maglumat bermegini ýyllarboýy talap edýärler. Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň, sud edilýän we boşadylýan adamlaryň sanyny çap etmeýär. Türkmenistanda tussaglaryň ýitirim edilmegi problemasy hem saklanyp galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG