Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti amerikan waksinalary barada "galp maglumat" ýaýratmakda tankytlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ABŞ-da öndürilen COVID-19 garşy sanjymlara bolan ynamy pese gaçyrmagy maksat edinýän rus dezinformasiýa kampaniýasy hökmünde häsiýetlendiren ýagdaýy aç-açan tankytlady. Waşington bu kampaniýa "ähli mümkinçilikler bilen" garşy göreşjekdigini aýtdy.

"Orsýetiň köne hilelerinden peýdalanýandygy we bilşimiz ýaly her gün adamlary halas edýän waksinalarymyz barada nädogry maglumatlary ýaýratmak arkaly adamlary howp astyna salýandygy äşgär" diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs 8-nji martda žurnalistlere aýtdy.

Bir gün öň “Wall Street Journal” (WSJ) gazeti Döwlet departamentiniň bölümi bolan Global Aragatnaşyk Merkeziniň gelen netijelerine görä, sazlaşykly kampaniýa gatnaşýan dört onlaýn platformanyň arkasynda rus aňtaw gullugynyň durandygyny habar berdi.

WSJ bu saýtlaryň Orsýetiň "Sputnik V" waksinasynyň öndürilmegine itergi bermek maksady bilen ABŞ-nyň "Pfizer" waksinasy bilen baglanyşykly şübheleri artdyrýan materiallary neşir edýändigini habar berdi.

WSJ-iň habaryna görä, saýtlar waksina negatiw garaýyşlary beýan edýän halkara habarlaryna ünsi jemleýär.

Ned Praýs bu saýtlaryň "häzirki wagtda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi tarapyndan tassyklanan iki waksina barada nädogry maglumatlary öz içine alýandygyny" aýtdy.

Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki brifingde Waşingtonyň "ABŞ-nyň ygtyýaryndaky ähli serişdeler bilen [dezinformasiýa] garşy göreşer" diýdi.

Günbatar waksinalary, 90% gowrak netijeliligini görkezýän berk synaglardan soň tassyklandy. Günbatar sanjymlary Orsýetiň "Sputnik V" waksinasy bilen bäsleşýär, bu rus waksinasy ýakynda köpçülikleýin synaglaryň netijesine 90% gowrak netijeliligini görkezdi.

Global Gatnaşyk Merkezi agzalan web sahypalaryna, "Habarlar fronty" we "Gündogar garaýyşy" atly guramalaryň girýändigini kesgitledi we olara Federal Howpsuzlyk Gullugy (FSB) tarapyndan dolandyrylýan Daşary aňtaw gullugy (SVR) tarapyndan gözegçilik edilýändigini öňe sürdi. "Habarlar fronty" Orsýetiň basyp alan Krym adasynda ýerleşýär.

Pfizer waksinasy, Orsýetiň kampaniýasynyň esasy üns merkezine düşdi, diýlip 8-nji martda Demokratiýanyň Howpsuzlygy bileleşiginiň awtokrat hökümetler tarapyndan dezinformasiýany öwrenýän bitarap inisiatiwasynyň çap eden hasabatynda aýdylýar.

"Pfizer-i garalamaklygy belki-de onuň "Sputnik V" waksinasyndan başga ilkinji köpçülikleýin ulanylan waksina statusyna bagly bolmagy mümkin, bu bolsa "Sputnigiň" bazardaky agramyna uly howp döredip biler" - diýlip, maglumatda aýdylýar.

AFP habar gullugy geçen ýylda berlen maglumatlara görä, Global Gatnaşyk Merkezi Orsýet bilen baglanyşykly müňlerçe sosial media hasaplarynyň COVID-19 baradaky resmi maglumatlary puja çykarmak üçin sazlaşykly kampaniýa gatnaşýandygyny anyklapdyr.

WSJ hasabatyndan soň Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Orsýetiň aňtaw gullugynyň günbatar waksinalary barada dezinformasiýa ýaýradýandygyny inkär etdi we koronawirus serişdeleri bilen baglanyşykly halkara çekeleşiklerde ABŞ-nyň Orsýeti günäkärlemäge synanyşýandygyny aýtdy.

Döwlet departamentine degişli merkez Hytaýyň gysga wagtlyk şuňa meňzeş tagallalary edendigini, emma soň beýleki waksinalara garşy hereketlerden el çekip, öz waksinalaryny ösdürmegiň peýdasy barada karara gelendigini belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG