Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan jedelli 'Dostluk' ýatagyny bilelikde özleşdirmek baradaky memorandumy tassyklady


Türkmenbaşy porty

Türkmenistanyň Mejlisi Hazar deňzindäki "Dostluk" ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde ösdürmek we özleşdirmek baradaky memorandumy tassyklady.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, "Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň uglewodorod baýlyklaryny bilelikde gözlemek, ösdürmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek Memorandumy tassyklamak barada" karar 13-nji martda Mejlisiň maslahatynda kabul edilipdir.

Bilermenleriň pikiriçe, baýlyklary 50 million tonna nebite barabar diýlip, çaklanýan "Dostluk" ýatagy, ençeme ýyl bäri jedelli hasaplanýar.

Türkmenistan we Azerbaýjan şu ýylyň ýanwar aýynda Dostluk uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşdylar.

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow iki ýurduň hökümetleriniň arasynda Hazar deňzindäki "Dostluk" nebit ýatagyny bilelikde ösdürmek barada özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler.

Döwlet baştutanlary bu resminamany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda "täze tapgyr" diýip atlandyrdylar.

"Dostluk", Hazar deňzinde, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň golaýynda ýerleşýän uglewodorod ýatagynyň täze ady. Bu nebit ýatagy ozal Azerbaýjanda "Käpaz" we Türkmenistanda "Serdar" diýlip atlandyrylýardy. Iki ýurduň hökümetleriniň arasynda nebit ýatagyna eýeçilik meselesinde düşünişmezlikler bolupdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG