Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, Nowruzy üýşmeleň bilen belledi


Nowruz baýramçylygy, Ahal welaýaty (arhiw suraty)

Dünýä ýurtlary koronawirus keseliniň ýaýbaňlanmagyna garşy göreşip, ykdysadyýetlere zyýan ýetirýän çäklendirmeleri we ýygnanyşyklara gadagançylygy girizýän wagtynda, Türkmenistanyň häkimiýetleri üýşmeleňli dabaralar bilen Nowruz baýramyny belleýärler. Türkmenistan ýurda koronawirus keseliniň aralaşmandygyny resmi derejede aýdýan hem bolsa, öz ilatynyň ýurduň içinde erkin hereket etmek mümkinçiligini çäkli saklamagyny dowam etdirýär.

21-nji martda, Nowruz baýramçylygynyň ilkinji gününde, köp sanly adamyň gatnaşmagynda Çoganlydaky kanalyň boýunda baýramçylyk konsertleriniň geçirlendigini we konsertdir-sergiler ýaly tomaşalaryň 22-nji martda Ýaýla atly meýdanda hem bolandygyny we bu ýere Ak öýüň dikilendigini "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berýär.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, adatça bolşy ýaly, baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň transport gatnawyna ýaramaz täsir ýetiripdir. Müňlerçe adam görkezilen çärelere gatnaşmak üçin aýdylan nokatlaryna wagtynda barmaga synanyşdy, şonuň üçin awtobuslar ýolagçy gatnawyny kadaly berjaý edip bilmedi. Hususan-da, 23-nji, 33-nji, 35-nji marşrutlarda awtobuslar ýetmezçilik etdi diýip, neşir belleýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary baýramçylygyň öňüsyrasynda hem häkimiýetleriň baýram güni telewideniýede görkezmek üçin öňünden köpçülik çärelerini gurnaýandygyny habar beripdi. Býujet işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň mejbury gatnaşdyrylmagyndaky köpçülik çärelerinde sosial aralygy saklamak we maska geýmek ýaly düzgünler berjaý edilmändir.

COVID-19 keseliniň ýurtda ýokdugyny aýdyp gelýän Türkmenistanyň hökümeti geçen ýylyň tomsundan bäri ilaty maska dakynmaga we sosial aralygy saklamaga mejbur edýän düzgünleri ýöredýär. Polisiýa maskalary dakynmadyk raýatlary gözlemek boýunça yzygiderli reýd geçirýär we jerime salýar.

Ýurduň welaýatlarynyň arasynda demirýol we awtoulag gatnawy çäkli bolmagynda gaýar we ilatyň ýurt içinde hereket etmegine saglyk resminamalarynyň esasynda rugsat berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG