Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollaryň alyş-çalyş bahasy 33 manatdan geçdi


Türkmen manady we walýuta
Türkmen manady we walýuta

Türkmenistanda walýutanyň gara bazarynda dollaryň alyş-çalyş bahasy durnuksyzlygyny saklaýar. Türkmenabatda bir dollar 33,20 manatdan satyn alynýar, 33,50 manatdan satylýar. Paýtagt Aşgabatda dollaryň alyş-çalyş bahasy 33 manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi çalyşyk bahasyny 3,5 manatlygynda saklap galýar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy Türkmenabatda dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen harytlaryň, şol sanda gurluşyk önümleriniň, azyk harytlarynyň we senagat önümleriniň bahalarynyň göterilendigini habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, meselem, Türkmenabatda şiferiň bahasy 40 manat ýokarlanyp, ini 80 sm, uzynlygy 3,5 metr bolan şiferiň bahasy 300 manada ýetdi; azyk harytlary gymmatlady, 1,5 litrlik ösümlik ýagy 40 manatdan satylýar; şampun we sabyn ýaly senagat önümleriniň bahalary 20 göterim gymmatlady; awtoulaglar üçin şaýlaryň bahasy hem ýokarlandy. Habarçy bahasy ýokarlanan azyk önümleriniň arasynda et we ýumurtga ýaly önümleri hem agzady.

Noýabryň soňky hepdesinde gara bazarda 23 manat töwereklerinde bahalanan dollaryň hümmeti , geçen döwrüň dowamynda manadyň garşysynda yzygiderli ýokarlandy. Şol wagtlar walýuta söwdagärleri dollaryň alyş-çalyş bahasynyň 30-35 manada çykmagyna garaşylýandygyny aýtdylar. Häzir ol 30 manatdan aşan mahaly, walýuta söwdagerleri indi gara bazarda dollaryň çalyşyk bahasynyň 40 manada çenli göterilmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.

Milli manadyň hümmetiniň yzygiderli pese gaçmagy bilen ilatyň satyn alyş ukyby pese gaçýar. Bu hem ýurt raýatlarynyň bazarlardaky we hususy söwda nokatlaryndaky gymmat bahalardan gaça durup, döwlet dükanlarynda arzan bahadan satylýan önümlere ýykgyn etmegine getirýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň sözlerine görä, aprel aýyndan başlap, döwlet dükanlarynda azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň nyrhlarynyň bazar bahalary bilen deňleşdirilmegine hem-de döwlet dükanlarynda alyjylardan soralýan kepilnamalaryň ýatyrylmagyna garaşylýar.

Bu habarlar döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan harytlaryň bahalarynyň ýokarlandyrylmagynyň bir aý yz ýanyna gabat gelýär.

26-njy fewralda Azatlygyň habarçylary döwlet dükanlarynda kesgitli bahadan satylýan iýmit önümleriniň bahalarynyň göterilip başlandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, habarçy bilen gürrüňdeş bolan aşgabatly bir synçy gara bazarda manadyň hümmetiniň günsaýyn ýokarlanmagynyň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpleri iki ýagdaý bilen ilteşdirdi. Onuň pikiriçe, türkmen – eýran serhediniň söwda maksatlary üçin açylmagyny hem-de daşary ýurtlarda bilim alýan studentler üçin ýeňillikli konwertasiýa mümkinçilikleriniň ýatyrylmak ähtimallygy baradaky habarlardan soňra, talyp hossarlarynyň dollar satyn alyp başlamagyny bu ýagdaýyň sebäpleriniň hatarynda agzamak mümkin.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň döwlet kwotalary bilen daşary ýurtlarda bilim alýan talyplardan özge talyplara ýeňillikli konwertasiýa bilen pul ugratmak mümkinçiligini ýatyrmak meselesine seredilýändigini aýtdylar.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri diplomy ykrar edilýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmenistanlylar üçin çäkli möçberde ýurtdan serişde ugradylmagyna rugsat berýärdi.

Manadyň dollar garşysynda hümmetiniň peselmegi türkmen prezidentiniň milli puluň hümetini saklap galmagyň meselelerini döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary we wise-premýerler bilen ara alyp maslahatlaşmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.

11-nji martda ykdysady meselelere bagyşlanan maslahatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “manat serişdeleri resmi alyş-çalyş bahasy boýunça daşary ýurt puluna çalşylanda kadalaşdyrjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň ähmiýetine” üns çekdi. Muňa gözegçilik etmek wise-premýer we şol sanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Çarymyrat Amanowa tabşyryldy.

“Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär” diýip, prezident maslahatda eden çykyşynda aýtdy. “Ösen ykdysadyýetli ýurtlarda-da ösüş depgininiň az-kem peselýändigi duýulýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi we muňa garamazdan, Türkmenistanda “makroykdysady ýagdaýyň durnukly bolmagynda galýandygyny” öňe sürdi.

Milli puluň walýutanyň garşysynda hümmetini ýitirmegi ýurduň käbir künjeklerinde döwlet edara-kärhanalarynyň iş orunlaryny kemeldýän wagtlaryna we magaryf işgärlerine hem-de lukmanlara olaryň aýlyklarynyň belli bir böleginiň haryt bilen tölenilip başlanan wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG