Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda alnyp gaçylan gyzyň we ony alyp gaçanyň jesetleri awtoulagda tapyldy


Polisiýa içinden iki jeset tapylan awtoulagyň daşyny bagalaýar.

BMG-niň Ösüş programmasy 2019-njy ýylda 24 ýaşa çenli gyrgyz aýallarynyň takmynan 14 göteriminiň haýsam bolsa bir görnüşdäki zorluk, basyş astynda durmuşa çykandygyny hasaplap çykardy.

Gyrgyzystanda iki gün dowam eden gözlegden soň, gadagan edilen gyz alyp gaçmak praktikasynyň pidasy bolup görünýän ýaş aýal bilen ony alyp gaçmakda güman edilýän erkegiň jesetleri tapylyp, nägilelik çykyşlarynyň gurnalmagyna sebäp boldy.

7-nji aprelde Çui sebitinde bir çola meýdanyň golaýyndaky awtoulagda tapylan jesetleriň birinde bogulma alamatlary bolsa, beýlekisinde pyçak ýaralary bar eken.

Häkimiýetler bu iş bilen baglylykda adam öldürmek we öz janyna kast etmek şübheleriniň bildirilýändigini aýtdylar. Raýat jemgyýeti toparlary we beýleki gyrgyzlar häkimiýetleriň we jemgyýetiň soňy gelmeýän gyz alyp gaçmak praktikasynyň derhal soňuna çykmagy baradaky çagryşlary gaýtaladylar.

8-nji aprelde proteste çykanlar birnäçe şäherde, şol sanda paýtagt Bişkekdäki Içeri işler ministrliginiň öňünde we günortadaky Oş şäherindäki polisiýa merkeziniň daşynda ýygnandy.

Paýtagtda demonstrantlar Içeri işler ministri Ulan Nyýazbekowyň işinden aýrylmagyny talap edýärler.

27 ýaşly Aýzada Kanatbekowa 5-nji aprelde, Bişkek köçeleriniň birinde birnäçe erkek tarapyndan alnyp gaçyldy. Polisiýa gözlenýän ulagy bir çopanyň tapandygyny aýtdy.

Protestçiler Aýzadanyň öldürilmegine gahar-gazap bildirýärler. Oş, 8-nji aprel, 2021
Protestçiler Aýzadanyň öldürilmegine gahar-gazap bildirýärler. Oş, 8-nji aprel, 2021

Häkimiýetleriň tassyklmagyna görä, ýerli çopan ol awtoulagy 5-nji we 6-njy aprelde görüp, ol batgada batandyr öýdüp pikir edipdir.

"Ol bu awtoulagyň ýanyna diňe 7-nji aprelde barypdyr we kabinada bir aýalyň we erkek adamyň jesedini görüp, derrew bize habar berdi" diýip, polisiýa aýtdy.

Alnyp gaçylan gyzy özüne durmuşa çykmaga mejbur etmek synanyşygynda güman edilýän erkegiň 31 ýaşyndadygy aýdyldy.

Gyrgyzystanda her ýyl, 2013-nji ýyldan bäri jenaýat hasaplanylýandygyna garamazdan, müňlerçe gyz zorluk bilen alnyp gaçylýar.

Aktiwistler bu tejribäniň köplenç nika zorlugyna, maşgaladaky zorluga we beýleki agyr ýagdaýlara sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

BMG-niň Ösüş programmasy 2019-njy ýylda 24 ýaşa çenli gyrgyz aýallarynyň takmynan 14 göteriminiň haýsam bolsa bir görnüşdäki zorluk, basyş astynda durmuşa çykandygyny hasaplap çykardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG