Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"New Yorker" neşiri Sinjiangyň bendileri barada VR filmini döretdi. Filmi dörediji bilen söhbetdeşlik


«Täzeden terbiýeleýiş. Sinjiangdaky gizlin lagerler» filmiň posteri. Ol filmiň gahrymanlary – hytaýdan bolan etniki gazaklar.

“New Yorker” žurnaly Sinjiangda gysylýanlar hem yzarlanýanlar barada, animasiýa dokumental filmi taýýarlady. Film tomaşaça wirtual görnüşdäki şekiller arkaly ýapyk dünýäniň içini görmäge mümkinçilik döredýär. Neşir filmiň gazak görnüşini hem taýýar etdi. Bu proýektiň awtory Ben Maýk bilen geçirilen söhbetdeşligi Azatlyk Radiosy ýazga aldy.

Hytaýda ýaşaýan musulmanlaryň yzarlanmagy baradaky maglumatlar 2017-nji ýyldan bäri metbugatda peýda bolup gelýär. Sinjiangdan gowuşýan habarlar, Hytaýdan gaçyp çykanlar bilen geçirilen söhbetdeşlikler halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi, netijede Günbatar hökümetleri Sinjiangda musulmanlaryň yzarlanmagyna sebäp bolýan hytaý kompaniýalaryna we guramalaryna sanksiýalar girizdi. Şeýle-de bolsa, ol sütem häzire çenli-de dowam edýär. Geçen ýylyň sentýabrynda Awstraliýanyň Strategiki syýasat instituty Sinjiangda lagerleriň sanynyň köpelendigini habar berdi.

Žurnalistler Sinjiang ýagdaýyna has köp ünsi çekmegiň täze ýollaryny tapmaga synanyşýarlar. Şeýle çemeleşmeleriň biri ýakynda “New Yorker” žurnaly tarapyndan teklip edildi. Neşir 21 minutlyk “Täzeden terbiýeleýiş. Sinjiangdaky gizlin lagerler” atly filmi döretdi. Filmiň gahrymanlary – Pekine iş sapary wagtynda aeroportda tussag edilen Amanžan Seýituly, kakasy ýogalansoň garyndaşlaryny görmäge baranda tussag edilen Orynbek Köksebekuly hem-de magdançylyk kompaniýasynda ýük awtoulag sürüjisi bolup işleýän Erbakyt Otarbaý üçüsi. Olaryň üçüsi-de bir lageriň tussaglary, olar azatlyga çykmagy başarypdyrlar, indi bolsa Gazagystanda ýaşaýarlar.

Ol ynsanlaryň üçüsi-de Azatlygyň okyjylaryna tanyş, geçen ýylyň noýabr aýynda Erbakyt Otarbaý bilen Orynbek Köksebekuly türmeden soň olaryň gören görgüleri barada uly göwrümli makala çap etdik. Üçünjisi, Amanžan Seituly Hytaýdaky zulumlara garşy Ženewa hereketine gatnaşdy.

Filmdäki žurnalistika işi “hekaýa” usulyna esaslanýar. Proýektiň awtorlary gahrymanlaryň ýatlamalaryny wirtual hakykat (VR - Wirtual Reality) görnüşinde dizaýn etdiler. Bu tomaşaça türmäni içinden 360 dereje aýlanmak bilen görmäge mümkinçilik berýär. Hytaý häkimiýetleri žurnalistlere hem garaşsyz bilermenlere ol ýerleri görmäge rugsat bermeýändigi, suratlaryň ýa-da wideolaryň düşürilmegine berk gözegçilik edýändigi sebäpli, adatça kompýuter oýunlarynda ulanylýan bu format Sinjiangda bolup geçýän ýagdaýy aýan etmegiň we göz öňüne getirmegiň ýeke-täk guralyna öwrüldi.

Azatlyk: Siz köplenç hytaýdaky gazaklaryň başdan geçirmeleri hakda ýazýarsyňyz. 2018-nji ýylda Saýragül Saýytbaýyň kazyýet işi barada ýazdyňyz. "Howa çaklamasy: Sinjiangyň sesi" hem biziň ýadymyzda, New Yorker Times gazetinde çap edilen "Bir guşaklyk – bir ýol" reportažlar tapgyryny taýýarlady. Indi bolsa düýpden täze bir iş – VR formatda animasiýa wideosy. Bu ideýa nädip geldiňiz?

Ben Maýk: Bir adamyň ýatlamalaryndan beýle dünýäni döretmek mümkin däl. Beýle pikir başdan geçirenleri biri-biri bilen baglanyşykly üç gahrymany tapanymdan soň ýüze çykdy. Olar Sinjiangyň Tarbagataý sebitindäki lagerde bolup, nädip tussag edilendigi we ol ýerden azatlyga çykandygy barada gürrüň berdiler. Biz olaryň gürrüňlerine esaslanyp, lageriň içini döredip biljekdigimize düşündik. Olaryň aýdanlaryny hemradan düşürilen suratlar, lageriň suratlary we beýleki maglumatlar bilen esaslandyrdyk. Esasy ideýa bu adamlaryň başyndan geçirenlerini tomaşaçynyň duýmagydyr.

Kärdeşim Sam Walson – ikimizem žurnalistler, biz Berlinde ýaşaýas, ol ýerde ençeme ajaýyp VR filmler bar. Bu filmde adatça tomaşaça baryp görmek hiç haçan başartmajak sahnalar şekillendirilýär. Onda Sudandaky söweş we Fukuşimadaky betbagtçylyk ýaly halkara gyzyklanmalara sebäp bolan wakalar görkezilýär. Şeýle ýerlere baryp görmek gaty kyn. Sinjiangdaky lagerler hem şular ýaly – ol ýer garaşsyz žurnalistik gözlegler üçin doly ýapyk.

Azatlyk: Filmiňizde üç gazak hakda gürrüň berilýär, ýöne siz lagerdäki umumy kartinany döretmek üçin, beýleki adamlaryň ýatlamalaryny-da ulanan bolsaňyz gerek. Soňky ýyllarda bizem olardan interwýu aldyk, ýöne her gezekde olaryň aýdylanlaryny nädip barlamaly we tassyklamaly diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Siziň geçiren söhbetdeşligiňizde, aýdylýanyň dogrulygyna şübhe döredýän gapma-garşylyklar boldumy? Hytaý häkimiýetleriniň žurnalistler bilen aragatnaşyk saklamaýandygyny göz öňünde tutup, gahrymanlaryňyz tarapyndan berlen maglumatlary tassyklamaga nädip mümkinçilik tapdyňyzmy?

Ben Maýk: New Yorkerde hakykatdanam biz çykgynsyz ýagdaýa ýüzbe-ýüz bolduk. [Hytaý] häkimiýetler lagerler barada jikme-jik maglumat bermän: "Bular hünäri ýokarlandyryş okuw merkezleri" diýýärler.

Biziň elimizde biri-birini tanamaýan, ýöne bir lagerde bolan üç adamyň jogaby bar. Olaryň hersi bilen onlarça sagat gürrüň geçirdik hem lageriň içki ýagdaýynyň nähili görünýändigini soradyk. Olaryň beren jogaplaryna esaslanyp, adamlaryň ol ýerde nähili saklanýandygyny, lageriň gurluşynyň nähili edilendigini hem-de wakalaryň soňky ýaýbaňlanyşyny tassykladyk.

Käwagt şol bir hadysanyň birnäçe şaýady bolýar. Mysal üçin, gahrymanlarymyzyň üçüsi bir günde bir lagerden beýlekisine geçirildi. Olaryň ikisi birnäçe wagtlap bir kamerada boldular, ýagny gahrymanlaryň arasynda şahsy gatnaşyk bar. Muny filmde görmek bolýar.

Soňra bir däl, eýsem köp adamyň ýatlamalaryna esaslanyp, lageri hemme taraplaýyn göz öňüne getirmäge zerur maglumatlaryň bardygyna düşündim. WeChat arkaly tapylan birnäçe surat we hökümet resminamalary hem bu hekaýalary bölekleýin tassyklady. Gahrymanlarymyzyň aýdanlaryny deňeşdirdik we meňzeşlikleri tapdyk. Olaryň berýän gürrüňleri meňzeşdi – olaryň hersi şol ýagdaýy meňzeş suratlandyrýarlar.

Filmi döredijiler (çepden saga): illýustrator Mett Haýn, režissýor Sem Walson, awtory Ben Maýk.
Filmi döredijiler (çepden saga): illýustrator Mett Haýn, režissýor Sem Walson, awtory Ben Maýk.

Azatlyk: Sinjiangdan Gazagystana gaçýan adamlar, adatça, Hytaýyň ýa-da Gazagystanyň häkimiýetleriniň basyşyndan gorkup, žurnalistler bilen gürleşmek islemeýärler, sebäbi köpüsiniň garyndaşlary henizem Sinjiangda. Film üçin gahrymanlary nädip saýladyňyz?

Ben Maýk: Men hiç kimi kamerada gürlemäge mejbur etmeýärin. Aýratyn ýagdaýda alnanda, olaryň köpüsiniň Hytaýda garyndaşlary bar, olaryň janyna howp abandyrmak islemeýärler. Siziň belleýşiňiz ýaly, köp adam hakykatdanam gürleşmek islemeýär. Ýöne bize gürrüňdeş bolan üç kişi başdan geçirenlerini paýlaşmaga batyrlyk gazandy. Olary yrmagyň zerurlygy bolmady, lagerleriň nähili bolýandygyny we başdan geçirenlerini halkara jemgyýetine mälim etmek islediler. Erbakyt [Otarbaýa], Orynbek [Köksebekula] hem Amanžan [Seýitula] çäksiz minnetdar. Olar diňe hekaýalaryny filme girizmek bilen çäklenmän, işiň dowamynda bize doly goldaw berdiler. Filmiň has takyklygy üçin biz olara lagerleriň suratlaryny we ýazgylary iberdik, olar bolsa öz teswirlerini berip, ýalňyşlyklary düzetdiler.

Söhbetdeşlik üçin, men birnäçe gezek Gazagystana gitdim. Her gezek öz ýagdaýy barada aç-açan gürleşmek isleýänler köpeldi. Soňky baranymda, hatda ilkinji saparlarda gürleşip bilmeýänlerim bilenem gürleşdim. Belki-de, ol ýere näçe köp bardygymça, adamlar maňa şonça-da ynanýardylar. Beýleki bir tarapdan, adamlar näçe köp aýtsalar, şonça-da howpsuz şertiň dörejekdigine düşünen bolmaly.

Azatlyk: Filmde gahrymanlaryň biriniň garaňky ýerzemine taşlanyp, üstünden suw guýulýandygy görkezilýär. Ol muny şeýle suratlandyrýar: "Näçe wagtlap aglap, gygyranym ýadyma düşenok, ýöne sesimi eşidenleriň ählisi ‘sen ýaby ýaly bagyrdyň’ diýdiler". Bu aşa tolgundyryjy ýagdaý. Tutuş filmiň dowamynda howsala hem gorky höküm sürýär. Siz şahslygyň täsirini, tussaglaryň ýagdaýyny başdan geçirýän ýaly edip bilipsiňiz. Tomaşaçylaryň muny başdan geçirmegini islediňizmi?

Ben Maýk: Hiç bir döredijilik işi sizi hakyky lagerdäki ýagdaýa alyp barmaz, bu üç adamyň başdan geçirenlerini-de görkezip bilmez. Ýöne VR formaty sizi hakykatdanam şol gurşawyň içinde ýaly duýmaga iterip biler. Meniň pikirimçe, Sinjiang baradaky makalalaryň köpüsi žurnalistika babatynda möhümdir, ýöne başdan geçirme nukdaýnazaryndan peýdasyz. Siz 3D şekili arkaly okuw geçýän otaglar, hemra arkaly düşürilen lageriň suratlary hem-de tussaglary uzakdan görýärsiňiz. Bu aralykda biz şol lagerlerde bolan elli töweregi adamyň ýatlamalaryny ýazga geçirdik, ýagny bizde Sinjiangda ‘beýni ýuwmak’ prosedurasynyň aýylganç beýany emele geldi, şol sanda, gynamalar bilen birlikde. Olaryň biri filmde görkezilýär.

Illýustator Mett Haýn iş başynda.
Illýustator Mett Haýn iş başynda.

Azatlyk: Siziň pikiriňizçe, bu film jemgyýete nähili täsir etmeli?

Ben Maýk: Bu hili iş ýerli herekete itergi berse, iň gowy täsir bolar. Aýratynam bu ugurda dünýäde-de, Gazagystanda-da reaksiýalaryň bolmagy möhüm. Men Sinjiangdan gaçyp çykanlaryň beýleki ýurtlarda goldaw tapmagyny we olara syýasy gaçybatalga soramaga mümkinçilik bolmagyny isleýärin. Bu meniň ideal görýän maksadym. Göreşi dowam etdirilmeli diýip hasap edýän.

Azatlyk: Size Gazagystana gidip geleniňizde ýa Sinjiang lagerleriniň öňki bendileri bilen duşuşanyňyzda kynçylyk döremedimi?

Ben Maýk: Aýdyşym ýaly, men Gazagystanda birnäçe gezek boldum, şonuň üçinem häkimiýetleriň Sinjiangdaky ýagdaý barada aç-açan çykyş edýän aktiwistleri yzarlaýandyklaryny, käbir halatda olara hüjüm edilýändigini bilýärin. Şeýle yzarlamalar sebäpli ýurtdan gaçmaga mejbur bolan adamlary-da bilýärin. Muňa mysal edip "Atažurt" ("Atažurt eriktileri" – sinjiangly gazaklaryň meselelerini gozgaýan meýletin gurama – Red.) barada aýdyp bolar.

Biz gaty seresap bolduk. Nirä gitsek-de, özümize ünsi çekmezlige synanyşdyk. Myhmanhana otaglary ýaly aralyk ýerlerde duşuşdyk. Biz çeşmelerimiziň, terjimeçilerimiziň we bize islendik görnüşde kömek eden beýleki adamlaryň ejir çekmegini islemedik. Olaryň köpüsi öz atlarynyň filmiň ahyryndaky titrde görkezilmegini islemeýärdi, biz bolsa muny hemişe ýatda saklaýardyk.

Azatlyk: “Asia Art Tours” bilen geçirilen söhbetdeşlikde siz: "Elmydama ünsi özüne ýiti çekmeýän ýa-da döwlet tarapyndan basylyp ýatyrylmaýan, amerikalylar we ýewropalylar tarapyndan äsgerilmeýän wakany tapmaga synanyşýaryn" diýdiňiz. Siziň pikiriňizçe, halkara jemgyýetçiliginiň Sinjiangda barýan ýagdaýa nähili reaksiýasy bolmaly? Sanksiýalar elmydama täsirli däl ýaly...

Ben Maýk: Saýragül Saýytbaýyň kazyýet işi barada ýazyp başlanymda, halkara metbugaty Sinjiang lagerleri barada köp aýtdylar. Olar şindizem bu temadan köp ýazýarlar. Köpler bu meseläni ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky geosyýasy jedellerde ulanýar. Mesele şonda, meniň professional işim žurnalist hökmündäki çygryň çäginde. Men ondan daşary reaksiýa islämok.

Beýan edilýän beýle ýagdaý hakykatdanam Hytaý hem Gazagystan ýaly ýurtlarda basylyp ýatyrylýar. Eger adamlar Sinjiangda ynsan hukuklary meselesini gozgasalar, soňra ejir çekip bilerler. Men bolsa ol adamlara sesleriniň eşidilmegi üçin, platforma bermek isleýärin. Sebäbi olara elmydama beýle platforma ýetdirip duranok. Bu meniň bar edip biljek zadym. Adamlary bu meseleler bilen meşgullanýan ýerli guramalardan kömek soramaga höweslendirmek möhüm.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG