Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow agyr atletikada dünýä çempiony bolan türkmenistanly gyz pälwana “Lexus” sowgat etdi


Ýulduz Jumabaýewa
Ýulduz Jumabaýewa

2018-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmenistanly gyz pälwan Ýulduz Jumabaýewa prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sylaglandy. Bu barada Turkmen.news neşiri türkmen mediasyna salgylanyp habar berýär.

10-njy martda Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Ýulduz Jumabaýewany sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada gyz pälwana halkara ýaryşda gazanan altyn medaly gowşuryldy.

Şeýle-de, prezident türgeni “Watana bolan söýgüsi” üçin diýen medal bilen sylaglady we oňa “Lexus” kysymly awtoulag sowgat etdi. Türgeniň tälimçisi Meretguly Sähetmyradow hem “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglandy we oňa täze kwartira sowgat edildi.

Şol bir wagtyň özünde, Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary, Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýewi “Gaýrat” medaly bilen sylaglady.

Berdimuhamedow ştangaçylyk ukybyny görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:24 0:00

Turkmen.news neşiriniň ýazmagyna görä, gyz pälwana awtoulag gowşurylmagy sorag döretdi, sebäbi Türkmenistanda zenanlar sürüjilik şahadatnamalary bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýärler.

2018-nji ýylyň 1-10-njy noýabr aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçirildi. Çempionatyň 45 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlarynda, ilkibaşda, tailandly Thunýa Sukharoen altyn medal gazandy. Ýöne Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýaryşlardan soňky doping barlaglary tailandly türgeniň bellenen düzgünleri bozandygyny ýüze çykardy we ony medaldan mahrum etdi hem-de kümüş medal gazanan Ýulduz Jumabaýewany bu ýaryşyň ýeňijisi diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty türkmen türgenleriniň arasyndaky doping hadysalary barada habar bermeýär. 2018-nji ýylyň aprelinde erkin göreş boýunça bir türkmen pälwanynyň Tomusky Aziýa oýunlaryndan çetleşdirilendigi, 2015-nji ýylda bolsa dört türkmen türgeniniň doping bilen bagly düzgün bozmalar boýunça WADA tarapyndan hasaba alnandygy habar berildi.

22 ýaşly sportçy Ýulduz Jumabaýewa 2017-nji ýylda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda-da bürünç medal gazanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG