Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hazaryň mylaýym tolkuny


Kasym Nurbadow. Surat "Turkmen.news" neşiriniň sahypasyndan alnyp çap edilýär.
Kasym Nurbadow. Surat "Turkmen.news" neşiriniň sahypasyndan alnyp çap edilýär.

Tanymal şahyr we edebiýatçy alym Kasym Nurbadow 30-njy aprelde Aşgabatda, bir kem ýetmiş ýaşynda aradan çykdy we 1-nji maýda dogduk obasynda topraga berildi. Azatlyk ýazyjy Hudaýberdi Halla Kasym Nurbadow kimdi, onuň hyzmatlary näme we ýaşlar şahyr barada nämeleri bilmeli diýen soraglary berdi.

Soňky döwürde Türkmenistandan gelýän habarlaryň hiç biri ýakymly däl, ýöne arasynda has ýitileri – ýürege täsir edýänleri bar. Meniň üçin şahyr Kasym Nurbadowyň ýogalan habary şol agyrlardan biri boldy.

Ol örän mylaýym hem liriki şahyrdy, çagalar poeziýasynda aýratyn orun aldy. Onuň çagalar üçin ýazan proza eserleri-de, makalalary-da poeziýasy ýaly akgynly hem sadady, onda gowy suratkeşlik bardy. Aýdýan zady örän düşnüklidi.

Ol döredijiliginiň daşyndan edebiýat ylmy bilen gyzyklandy, edebiýat taryhynda käte bir agzalýan alym hem ýazyjy Ahmet Ahundow-Gürgenliniň edebi mirasyny öwrenip, ony tirsegine galdyrdy. Ol guramaçy – ýolbaşçydy, köpçülik bilen işleşmegi-de, gürleşmegi-de başarýardy. Mekdep direktory, "Magaryf” neşirýatynyň baş redaktory, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň direktory ýaly wezipeleri eýeledi.

Kasym Nurbadowyň ynsan hökmündäki gymmady meniň üçin has aýratyn, ol biziň ýakyn goňşymyz boldy. Bize birnäçe ýyllap mähirli barşyp-gelişmek, bile duz iýişmek nesip etdi.– Nyýazow Mara baranynda, oňa bir at sowgat etdiler. Aslynda döwlet ýolbaşçysyna at däl, eýsem atyň kellesi ýaly ýürek gerek – diýdi.

Nyýazow Mara baranynda, oňa bir at sowgat etdiler. Aslynda döwlet ýolbaşçysyna at däl, eýsem atyň kellesi ýaly ýürek gerek.
Kasym Nurbadow

Aslynda biz ýaşlykdan tanyşdyk, uniwersitetde bileräk okapdyk, edebiýata – döredijilik älemine deňeçerräk gelipdik. 1973-nji ýylda ol uniwersiteti gutaransoň, öz obasyna işlemäge gitdi, ýogsam bolmasa, onuň goşgulary metbugatda çykyp duransoň, paýtagtda galyp, redaksiýalaryň birine işe ýerleşse, amatly bolaýjak ýalydy, aslynda dörediji ýaşlar şeýle hem edýärdiler. Ol bolsa ýurduň iň günbatar çetki künjüne, ondan hem öz dogduk obasy Ajyýaba dolandy. Şol ýerde oba mekdebinde dil-edebiýat mugallymy bolup işledi, soňra mekdebiň müdiri boldy. Aradan on ýyl geçensoň, obadaky işini taşlap, paýtagta gaýtdy.

Bu töwekgelçilikli işdi, sebäbi ol köp çagaly maşgalanyň atasydy, redaksiýalarda aýlyklar az, çagalar ýazyjysy bolup, köp galamhaky gazanmak mümkin däl, her halda, Kasym maşgalasy Bibi bilen ol synaga-da, horluga-da hötde geldiler.

Kasym sähel wagt geçensoň, "Magaryf" neşirýatynyň baş redaktory boldy. Bir pedagog alym bilen birlikde, orta mekdepler üçin edebiýatdan hrestomatiýa – okuw kitabyny taýýarladylar. Ol kitabyň pedagogiki kadalara, ýagny bir okuw ýylynda berilýän edebiýatdan okuw sapaklarynyň bölünişine laýyk gelýändigini bilermenler bellediler.

Kasym Nurbadowyň maslahaty hem talaby bilen öňden gelýän örän standart hem köne okuw kitaplaryna täzeçe çemeleşilip başlandy. Öňki "Aman alma aldy" diýen ýaly ýasama hekaýalara derek, has janly, çagalar edebiýatynda soňky ýyllarda peýda bolan çeper eserler seçilip alyndy. Orta mekdepler üçin ene dilinden hem edebiýatdan okuw kitaplaryny ýazmak işine täze awtorlar, meselem, Sapar Kürenow ýaly bilermenler hem alym adamlar çekilip başlandy.

Sowet pedagogikasynda "okuw kitaplary stabil, ýagny durnukly bolmaly” diýilýän düzgün bardy. Şoňa laýyklykda şol bir awtorlar tarapyndan taýýarlanylan okuw kitaplary baryp 30-40 ýyl bäri üýtgewsiz diýen ýaly gaýtalanyp neşir edilýärdi. Kasym Nurbadow bu ýörelgäni üýtgedip bildi, ýagny okuw gollanmalaryndaky doňaklygy çözdi. Bu işde oňa mekdepde alan tejribesi, çagalar edebiýatyndaky hyzmaty hem edebiýatyň ösüşi bilen ýakyndan tanyşlygy gowy ýardam etdi.

Şeýle guramaçylyk işiniň daşyndan, Kasym öz çeper döredijiligini-de ýadyndan çykarmady. Onuň ,"Ýedigen" atly ilkinji goşgular ýygyndysy 1979-nji ýylda çap bolupdy. "Deňiz hüwdüsi" goşgular hem poemalar ýygyndysy 1985-nji ýylda çykdy. "Ak çarlaklar" (1989), "Öweleme-düweleme" (1991), "Dilim gyrk" (1992), "Ak öý" (1993), "Medinäniň doglan güni" hem 2009-njy ýylda çap boldy. Onuň eserleri rus hem belarus dillerine, aýry-aýry eserleri bolsa beýleki halklaryň dillerine terjime edildi. Edebi hyzmaty üçin Kasym Nurbadow Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy.

Ol edebi-derňew işleri bilen gyzyklandy. Aýratyn-da, Ahmet Ahundow-Gürgenliniň edebi mirasyny öwrendi hem wagtynda çap edilmän unudylan ,"Gürgen jülgesinde" powestiniň okyjylara ýetmegine ýol açdy.

Ahmet Ahundow-Gürgenli öz döwründe dünýä belli "Gorkut Ata" eposynyň häzirki zaman okyjylaryna ýetirilmegi üçin köp iş eden alym eken. Hut Kasym Nurbadowyň yhlasy hem erjelligi bilen alymyň ol hyzmaty aýratyn kitap bolup çykdy.

Ol uniwersitet ýoldaşy hem galamdaş dosty Myratgeldi Söýegow bilen Gündogaryň ilkinji türki ensiklopedik alymy hem şahyr Ýusup has-Hajybyň "Kudad-ku Bilig" eserinden bölekleri ýaş okyjylara ýetirdi. Kasymyň terjimesinde Pakistanyň milli şahyry Muhammet Ykbalyň goşgulary türkmen okyjylaryna ýetdi.

Kasym şu ägirt giň çäkdäki işleri edýärkä, ýurtdaky ýagdaý örän dartgynly hem bulaşykdy. 1991-nji ýylyň awgustynda Moskwada döwlet agdarylyşygy bolup geçdi hem GKÇP diýilýän wagtlaýyn hökümet döredildi. "Azgybirlik" halk hereketiniň guramalaşdyrmagy bilen Aşgabatda, Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda, ilkinji hem iň soňky gezek sowet adamlarynyň mitingi bolup geçdi. Mitinge özakymlaýyn jemlenen adamlaryň arasyndan çykan Kasym Nurbadow köpçüligiň öňünde çykyş etdi. Şonda onuň bir aýdan sözi dilden-dile ýaýrady.

– Nyýazow Mara baranynda, oňa bir at sowgat etdiler. Aslynda döwlet ýolbaşçysyna at däl, eýsem atyň kellesi ýaly ýürek gerek – diýdi.

Şeýle ýürek biziň her birimize gerekdi, ýöne köpçüligiň öňüne düşýänlere has zerurrakdy.

Şol sözüň yz ýany Ýazyjylar birleşigi boýunça aýagulag, ýagny ýeňil maşyn almaly adamlaryň sanawyndan Kasym Nurbadowyň ady düşürilipdir.

Kasym meniň gözümiň alnynda şeýle göreşli hem netijeli ýol geçdi. Ol maňa goňşy hökmünde türkmeniň beýik bagşysy Nurberdi Gul barada gowy gürrüňler aýdyp berdi, Çaňly şahyryň ömür ýoly bilen tanyşdyrdy. Ol Hazar ýakalarynda oturýan awçylaryň durmuşy, maldarlaryň ýagdaýy barada ençeme täsin maglumatlary aýan etdi. Bu bir örän özboluşly hem doly öwrenilmedik medeniýetdi.

2013-nji ýylda Türkmenistana gaýdyp baranymda, Kasym hem onuň maşgalasy bilen didarlaşdyk. Goňşulykda geçen şol ýakymly günleri, duz-çörekli gatnaşygymyzy ýatlaşdyk.

Ine, şol ynsan 69 ýaşynda bakylyga dolanypdyr. Bir göräýmäge, Türkmenistanyň şerti üçin, ol az ýaş hem däl, ýöne ylmyň gazanan mümkinçiliklerine laýyklykda adam ömrüniň uzalýandygyny nazara alsak, ol örän ýaş. Her nähili-de bolsa, şahyr Italmaz Nurynyň aýdyşy ýaly, "Atalar ýaş ölýär".

Jaýyň Jennetden bolsun, Kasym. Öz obaňda, dogduk mekanyňda rahat ýat.

Sen, megerem, göwnüňde beslän işiň uly bölegini bitiren bolsaň gerek, ömrüň bar manysy şonda.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy, blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG